Habarlar

Hormatly, sarpaly, sylagly zenanlar

05.03.2025

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen aýdym-sazly dabaraly çärä dürli kärlerde döredijilikli zähmetiň nusgasyny görkezýän gelin-gyzlar we mährem eneler gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlar çäksiz hormat-sarpanyň eýeleri bolup, olara ygtybarly zähmet we durmuş şertlerini döretmek, eneligi we çagalygy goramak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Zenanlaryň hukuklaryny goramak üçin hemmetaraplaýyn alada edilýär. Her ýyl ençeme enelere «Ene mähri» diýen hormatly atlar dakylýar, «Zenan kalby» ordeni zenanlaryň döşüni bezeýär. Olar ata Watanymyzyň pajarlap ösmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Ine, şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edilen, baýramçylyk gutlaglary biri-birine ulaşan çärede aýdym-sazly, şatlyk-şowhunly çykyşlara hem giň orun berildi. Aýdym-saz, tans, hor toparlarynyň şowhunly çykyşlary we wäşileriň görkezen gysgajyk sahnalary bu ýere ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.