Habarlar

Agzybir maşgalalaryň gyzykly bäsleşigi

03.03.2025

Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp welaýat häkimliginiň guramagynda Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynda «Sagdyn maşgala — sagdyn nesil» atly bäsleşik geçirildi.

Sagdyn maşgalalarda sagdyn nesilleriň kemala gelmegini gazanmak, olaryň arasynda sportuň, bedenterbiýäniň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegini has-da giň gerime eýe etmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen maşgala toparlary hereketli oýunlaryň dürli görnüşleri boýunça ýaryşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Şatlyk-şowhuna beslenen bäsleşigiň netijesi boýunça Bereket etrabyndan «Asuda» topary birinji, Gyzylarbat etrabyndan «Ynam» topary ikinji, Türkmenbaşy şäherinden «Abadan» topary üçünji orunlary eýlediler we olara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.