Habarlar

Zehinli zenanlaryň bäsleşigi

12.02.2025

Ýurdumyzda döwrümiziň hem durmuşymyzyň ýaraşygy bolan eneleriň, gelin-gyzlaryň hormat-sarpasy belent tutulýar. Zenanlaryň jemgyýetdäki hukuklary we bähbitleri goralyp, olaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary, ýaş gyzlaryň hünär öwrenmekleri, ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýörelgeleri, däp-dessurlary hem-de halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler üpjün edilýär. Munuň şeýledigini ruhubelentlige beslenip geçirilýän dürli çäreleriň mysalynda hem görmek bolýar. Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň yglan etmeginde her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýylyň zenany» bäsleşigi-de şeýle çäreleriň biridir. Bu bäsleşigiň Balkanabat şäherindäki «Bagt kögi» toý dabaralary merkezinde geçirilen welaýat tapgyry hem oňa gatnaşanlarda unudylmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.

Bäsleşige gatnaşan zenanlar sekiz ugur boýunça güýç synanyşyp, onuň jemi jemlenilende, «Ýylyň işewür zenany» diýen ada Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Jennet Satymowa, «Ýylyň çeper elli zenany» diýen ada Türkmenbaşy etrap medeniýet merkeziniň tam süpürijisi Aýgözel Işanowa, «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýen ada Magtymguly etrap medeniýet bölüminiň gurjak halk teatrynyň suratkeşi Merjen Seýidowa, «Ýylyň mährem zenany» diýen ada «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Toýbibi Ataniýazowa, «Ýylyň watançy zenany» diýen ada harby gullukçy Jahan Akmuradowa, «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany» diýen ada Bereket etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gözel Kemenowa, «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ada Balkanabat şäherinden telekeçi Aýsona Nazgulyýewa, «Ýylyň halypa zenany» diýen ada Gyzylarbat etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy Maýagül Ataýewa mynasyp boldular.

Bäsleşikde degişli ugurlar boýunça öňe saýlanan zenanlar onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.