Egsilmez buýsanjyň beýany

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli welaýat
häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň
Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölümleriniň «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda geçiren aýdym-sazly dabaralary «Ýylyň ady — berkararlyk binýady» diýlip
atlandyryldy. Syýahatçylyk zolagyndaky Baş baýdak meýdançasynda hem-de «Awazanyň
ýalkymy» binasynda geçirilen dabaralarda welaýatymyzyň medeniýet we sungat
ussatlary, talyp ýaşlary, halk we tans döredijilik toparlary çykyş etdirler.
Olaryň ýerine ýetiren çykyşlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gazanýan
beýik üstünlikleri, belent ösüşleri,
baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabaraly belleniljek Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly wasp edilip, halkymyzy döwletli döwrana ýetiren
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar joşgunly ýaňlandy. «Dagdan» halk döredijilik, «Ýaşlyk», «Hazar
merjeni» tans toparlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren tanslary we folklor
çykyşlary dabaranyň täsirini has-da artdyrdy.