Belentden ýaňlanan alkyşlar

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli welaýat
häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň Balkanabat
şäheriniň Baş baýdak meýdançasynda geçiren aýdym-sazly dabarasy aýratyn ýatda
galyjy boldy. Ol welaýat medeniýet müdirliginiň, welaýat döwlet drama teatrynyň
sungat ussatlarynyň taýýarlan edebi-sazly çykyşlary bilen açyldy. Joşguna
beslenen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa
geçirilýän özgertmeleriň, merdana halkymyzyň bagtyýarlygynyň waspy ýetirildi. Belentden
ýaňlanan aýdym-sazlar baky Bitaraplygymyza buýsanç, Gahryman Arkadagymyza hem
Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bolup ýaňlandy. Tans we döredijilik
toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary hem dabara özboluşly bezeg berdi.
Talyp ýaşlaryň mukaddes
Garaşsyzlygymyza, mähriban Watanymyza bolan synmaz söýgä ýugrulan, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny wasp edýän çykyşlary
tomaşaçylaryň dowamly ýaňlanan el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. «Dehistan»
aýdym-saz etnografiýa folklor toparynyň ýerine ýetiren küştdepdisi döwürleriň
hem-de nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň nyşanyna öwrüldi.
Dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren «Alkyşnama»
atly aýdymy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary
bilen halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen asylly işlere, ýurdumyzda durmuşa
geçirilýän giň möçberli özgertmelere özboluşly alkyş bolup ýaňlandy.