Habarlar

Milli gymmatlygymyza belent sarpa

28.10.2024

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkezinde geçirilen aýdym-sazly dabarada Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda dünýä meşhur bolan alabaýlarymyzyň şan-şöhratyny has-da artdyrmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary, ynsanyň iň wepaly dosty bolan alabaýlarymyzyň tohum arassalygyny gorap saklamak, hüşgärligi, çydamlylygy, duýgurlygy bilen tapawutlanýan milli gymmatlygymyzy ilat arasynda wagyz etmek baradaky söhbetler mynasyp beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde giň meşhurlyga eýe bolan «Türkmen alabaýy» atly eseriniň  taýsyz gymmatlykdygy aýratyn nygtaldy.

Dabara gatnaşanlar Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli  giňden guralan sergä syn etdiler. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň, Balkanabat çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň türkmen alabaýlaryna bagyşlap çeken suratlary, taýýarlan şekilleri ýygnananlarda aýratyn täsirleri galdyrdy. Merkeziň hünärmenleriniň alabaýlaryň başarjaň hereketlerini görkezen pursatlary olarda uly gyzyklanma döretdi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň teatrlaşdyrylan sahna oýunlary, sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary baýramçylyk çäresine gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Welaýat häkimliginiň, welaýat zenanlar bölüminiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçiren baýramçylyk  maslahaty «Ynsanyň wepaly dosty» diýlip atlandyryldy. Önümçiligiň öňdebaryjylarynyň, talyp ýaşlaryň we itşynaslaryň gatnaşmaklarynda geçen dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda amala aşyrylýan işler, türkmen alabaýynyň şöhratly taryhy we şu güni barada  buýsançly söhbet etdiler. Berkarar Watanymyzy rowana ak ýollardan okgunly öňe alyp barýan, il-ulsumyzyň bagtyýarlygy üçin ähli taraplaýyn alada edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de  Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş aýtdylar.