Awaza — aýdym-sazyň mekany
Welaýat
häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň «Awaza»
milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» diýen at bilen geçiren
aýdym-sazly dabarasy ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Milli syýahatçylyk
zolagynyň gözel künjeklerinde welaýatymyzyň ussat aýdymçylarynyň, talyp
ýaşlaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Watanymyzyň, sapaly Awazanyň waspy ýetirilip, halkymyzy döwletli-döwrana eýe
eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri joşgunly ýaňlandy.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän ajaýyp myhmanhanalar,
sagaldyş we dynç alyş merkezleri, kottejler toplumlary, attraksionly seýilgähler,
ýokary derejeli hyzmat ediş ulgamlary bu gün
halkymyzyň, şeýle hem dünýä jahankeşdeleriniň hyzmatynda. Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara
derejeli duşuşyklaryň, forumlaryň, dürli medeni çäreleriň, sport ýaryşlarynyň
geçirilýän merkezine öwrüldi. Çärede şeýle gözel mekanyň tarypy belentden
ýetirildi, welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly
çykyşlarynda hem dost-doganlygyň mekany bolan gözel künjek wasp edildi. «Dehistan»
aýdym-tans we folklor etnografiýa, «Dagdan» halk döredijilik toparlarynyň
aýdym-sazly çykyşlary tomaşaçylaryň şatlygyna şatlyk goşdy. Olaryň çykyşlaryna
çärä gatnaşyjylaryň goşulmagy dabara özboluşly bezeg berdi. «Hazar merjenleri»
çagalar tans toparynyň bagtly çagalygy wasp edýän aýdymlary, halk
ertekilerinden janlandyran keşpleri dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren
«Alkyşnama» aýdymy Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny üstünlikli dowam
etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen
asylly işlere, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere bolan egsilmez buýsanjyň
beýany bolup ýaňlandy.