Gymmatly eseriň tanyşdyrylyş dabarasy
Welaýat
häkimliginiň mejlisler jaýynda türkmen halkynyň beýik şahyry hem-de akyldary
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýakynda türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen «Magtymguly» atly ýygyndynyň tanyşdyrylyş dabarasy
geçirildi. Welaýat we Balkanabat şäher
häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, edara-kärhanalaryň
işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda
geçirilen
tanyşdyrylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi.
Onda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, täze kitabyň akyldar şahyryň doglan gününiň
300 ýyllyk toýunyň ýokary ruhubelentlikde dabaraly bellenilýän «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çapdan
çykmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen söze
sarpa goýýan halkymyz beýik akyldaryň mertebesini belende göterýär, sarpalaýar.
Dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan şahyryň gözel paýtagtymyzyň günorta
künjeginde belent heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy,
beýik akyldaryň ýubileý toýy mynasybetli ýurdumyzda we halkara derejede
dabaraly çäreleriň geçirilmegi, «Magtymguly» atly ýygyndynyň çap edilmegi muny
subut edýär.
Şeýle-de dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda
Magtymguly Pyragynyň ömrüni, döredijiligini, baý we köptaraply edebi mirasyny
öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak babatda tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigi
aýratyn buýsanç bilen nygtalyp geçildi. Beýik söz ussadyna belent sarpa goýýan
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, merdana halkymyzyň eşretli hem bagtyýar
durmuşy ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň rowaç bolmagy baradaky alkyşly
sözler tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenleriň dilleriniň senasyna öwrüldi.
Ýokary ruhubelentlikde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda
welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi.
Olarda täze taryhy döwrüň beýik ösüşlerini, parahatçylygy, dost-doganlygy wasp
edýän aýdymlar, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar
belentden ýaňlandy.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.