Habarlar

Goşa mukaddeslige buýsanjyň beýany

20.05.2024

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli esasy dabara welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilip, şol gün ir säherde uly buýsanç, çäksiz joşgun bilen köpçülikleýin ýerine ýetirilen Döwlet senamyzyň belent owazynyň astynda ýaşyl Tugumyz al-asmana galdyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagyny ýokary ruhubelentlik bilen garşylan ildeşlerimiz bu ýere ýygnananlary ählihalk baýramy bilen tüýs ýürekden mähirli gutladylar. Başymyzyň täjine deňelýän Döwlet baýdagymyzyň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjiliginiň hem-de berkararlygynyň kepili bolup durýandygyny, bu günki gün asuda asmanymyzda bagtyýarlygyň nyşany bolup parlaýandygyny buýsanç bilen bellediler. Ajaýyp sene agzybirligimizi, bitewüligimizi, parahatçylyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan Konstitusiýamyza hem-de Döwlet baýdagymyza söýgi-buýsanjyň egsilmezdigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär diýip, çykyş edenler nygtadylar. Ösüşlere beslenýän ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygy, eşretli durmuşy barada uly alada edýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny bildirdiler.

Al-asmana uçurylan şarlar, adaja öwüsýän şemala gollarynda ýaşyl Tugumyz erkana pasyrdaýan bagtyýar adamlaryň şatlygy ajaýyp toý gününiň buýsandyryjy alamatlary boldy. «Mähek» aýdym-saz toparynyň aýdym-sazlary,  «Nurana», «Tumar»,  «Bagtyýarlyk» tans toparlarynyň joşgunly tanslary, welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy bu ýere ýygnanlara ruhy lezzet paýlady.  Nebitçiler medeniýet köşgüniň «Dehistan» folklor toparynyň «Küştdepdi» tansy baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny hasam artdyrdy.