Habarlar

Täze ýyl şowhun bilen garşylandy

01.01.2024

Täze ýyl baýramyna welaýatymyzda hem guramaçylykly taýýarlyk görüldi. Oba-şäherlerdäki köçeler, şaýollar, seýilgähler, meýdançalar, edara we ýaşaýyş binalary baýramçylyk lybasyna beslendi.

          Welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňün­dä­ki meýdança — we­la­ýa­tyň baş ar­ça­sy­nyň ýa­ny­na il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar, mäh­rem ene­ler, bag­ty­ýar ça­ga­lar, ýaşlar, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri, edara-kärhanala­ry­ň ýol­baş­çy­la­ry, me­deni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri ýyg­nan­dy­lar. Yşyk­lary bi­len tö­we­re­gine ýal­kym saç­ýan Tä­ze ýyl ar­ça­sy­ göz gamaşdyry­jy öwüşginlere bes­lenip, baý­ram­çy­lyk şow­hu­ny gö­wün­le­re şat­lyk paý­la­dy.   

Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, welaýatlaryň sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary teleköpri arkaly görkezilip başlandy. Dabara gatnaşyjylar bu çykyşlara höwes bilen tomaşa etdiler. Soňra çykyş etmek gezegi biziň welaýatymyzyň wekilleriniň paýyna düşdi. Baş arçanyň ýanyna welaýatyň häkimi H.Aşyrmyradow, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we körpe nesliň wekilleri jemlendiler. Dabarada çykyş edenler türkmen halkyny, Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi ýetip gelen Täze — 2024-nji ýyl bilen gutladylar we tä­ze ýyl­da her bir ag­zy­bir türk­men oja­gy­na abadançylygyň, uly üs­tünlik­le­riň, döw­let­li-döw­ra­nyň, bag­ty­ýar durmuşyň ýa­ran bol­ma­gyny, eziz Watanymy­zyň ösüş­le­ri­niň mun­dan beý­läk hem rowaç­lyk­la­ra bes­len­me­gini ar­zuw etdiler. Sungat  us­sat­la­ry­nyň ýeri­ne ýe­tirmek­le­rin­de ýaň­la­nan Tä­ze ýyl aý­dy­my da­ba­ra­nyň şow­hu­ny­ny has-da art­dyr­dy. Tans to­par­la­ry­nyň joşgun­ly çy­kyş­la­ry baýramçylyk çäresine öz­bo­luş­ly öwüş­gin çaý­dy.

Wagt ýarygijä golaýlaberende, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlendi. Dabara gatnaşyjylar teleýaýlym arkaly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baýramçylyk Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler we ol hemmeleriň kalbyndaky buýsanç duýgusyny artdyrdy.