Habarlar
31.01.2022

Türkmenistanda hanmudo söweş sungatynyň milli federasiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakow hanmudo koreý söweş sungaty boýunça 4-nji dan derejesine mynasyp boldy. Ýakynda Baton-Ruž şäherinde (Luiziana ştaty, ABŞ) ýerleşýän Hanmudo halkara federasiýasyndan Aşgabada degişli sertifikat gelip gowuşdy.

Orif Buharakowyň aýtmagyna görä, 3-nji dana çenli synaglary ol daşary ýurtlarda geçirilýän seminarlarda – hatarynda Hanmudo halkara federasiýasynyň prezidenti ýokary 10-njy danyň eýesi doktor Kimm bolan abraýly ussat-senseýleriň öňünde üstünlikli tabşyrypdyr.

Hatarynda Afrika, Ýewraziýa we Demirgazyk Amerika yklymlarynyň wekilleri bolan ygtyýarly eminler Türkmenistanly tälimçiniň wideoçykyşyny içgin öwrenip, ildeşimiziň tilsimleriň ählisini kem-köstsüz ýerine ýetirendigini ykrar edip, oňa 4-nji danly ussat-instruktor adyny dakmana netije geldiler. Degişli sertifikata Hanmudo halkara federasiýasynyň prezidenti Kimm gol çekdi.

4-nji dan onuň eýesine diňe bir dünýäniň islendik ýurdunda adamlara hanmudo öwretmäge däl, eýsem okuwçylaryň ussatlygyna baha bermäge we olara 1-nji dandan 3-nji dana çenli dereje bermäge-de mümkinçilik berýär.

Şu wagta çenli hanmudo boýunça 4-nji danly ussat-instruktor Aziýada diňe Koreýa Respublikasynda we Singapurda bardy. Indi şeýle derejeli hünärmen Türkmenistanda-da bar.

2022-nji ýylyň 15-nji iýulynda 60 ýaşaýan Orif Buharakow koreý söweş sungatynyň Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň ösdürip başlady. Ol Aşgabatda 1997-nji ýylda Adalat ministlriginde hasaba alnan Türkmenistanyň Hanmudo söweş sungaty federasiýasyny döretdi. Häzirki wagtda hanmudonyň bölümleri welaýat merkezleriniň ählisinde we Aşgabatda açyldy, olarda tälimçileriň 17-si işleýär we söweş sungatynyň bu görnüşi bilen 400-e golaý türgen meşgullanýar.

Indi Orif Buharakow 5-nji dan üçin indiki synaga taýýarlanýar. 2024-nji ýyla çenli oňa täze tilsimleriň 500-den gowragyny öwrenmäge wagt bar.


29.01.2022

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary» atly okuw-usuly maslahat geçirildi. Duşuşygy Diplomatiýa ýokary okuw mekdebiniň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymlary guradylar, ol ýurdumyzda Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirildi.

Maslahatyň paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we orta mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hususan-da, duşuşykda ýurdumyzyň DIM-niň HGI-nyň Dünýä dilleri kafedrasynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň aspiranty, Germaniýa Akademiki alyş-çalyş gullugynyň lektory we beýlekiler çykyş etdiler.

Daşary ýurt dillerini okatmagyň möhüm usullary we olaryň netijeliligi barada pikir alyşdylar şeýle-de seminara gatnaşanlar dürli ýaşdaky okuwçylary okatmagyň öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmek we ulanmak boýunça nobatdaky meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda mugallymlar has netijeli bolan okatmagyň görnüşlerine, ýörelgelerine we okuw materialyny bermegiň usullaryna ünsi çekip, sapaklary guramak babatda tejribe alyşdylar. Sapaklarda interakriw we maglumatlar tehnologiýalaryny, dürli wideo we audiomateriallary, interneti ulanmak barada gürrüň edildi. Sapak wagty söhbetdeşlikleriň, çekişmeleriň, mowzuga bagyşlanan sahnalaryň, aýdymlary, goşgylary bilelikde öwrenmegiň okuw materialyny özleşdirmegi has ýokarlandyrýandygy bellenildi.

Häzirki wagtda bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini işjeň öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurdan öňdebaryjy dünýä tejribesi öwrenilýär we üstünlikli ulanylýar. Ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň ählisinde daşary ýurt dilleri täze usulynda öwredilýär. Bilim ulgamyndaky özgertmeleriň oňyn netijeleri ýurdumyzyň ykdysady we medeni ösüşlerinde, halkymyzyň intellektual derejesiniň artmagynda has-da aýdyň görünýär.


26.01.2022

Hormaty Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda Hytaýyň Gyşky Olimpiýa oýunlaryň örän ýokary derejede geçiriljekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bu barada sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammitindäki çykyşynda belledi.

Pekin dünýäde 2008-nji ýylyň tomusky Olimpia oýunlary, şeýle hem geljekki gyşky oýunlary kabul edýän ilkinji şäherdir.

2022-nji ýylyň 4 – 20-nji fewraly aralygynda sportuň 7 görnüşinde (15 ugurda) baýraklaryň 109 toplumy ugrunda bäsleşiler.

Şu ýylyň 6-njy ýanwarynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen milli Liderimize HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň adyndan Pekinde geçiriljek XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga resmi diplomatik çakylyk haty gowşurdy.

22.01.2022

Türkmenistanda ýakyn wagtda Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezi işe başlar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde wise-premýer S.Toýlyýew hasabat berdi.

Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezi kagyzda neşir edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe hem-de sanly ulgama geçirmek, Türkmenistanyň internetiň habarlar-täzelikler ulgamyna gatnaşmagyny giňeltmek, saýtlary we beýleki web-serişdeleri döretmek, gazet-žurnallaryň işlerini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň örän möhümdigini nygtady hem-de täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň wajyp wezipeleri üstünlikli çözmek bilen birlikde, Garaşsyz Watanymyzyň beýik gazananlaryny dünýäde giňden beýan etmäge hem gönüden-göni ýardam berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.


18.01.2022

Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň Malaýziýadaky merkezinde geçirilen bije çekişliginde AFK-2022 Kubogynda türkmen toparlarynyň garşydaşlary kesgitlendi.

Onuň netijesine görä Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň «SSKA» (Duşanbe, Täjigistan), «Neftçi» (Koçkor-Ata, Gyrgyzystan) we Özbek klublarynyň biri — Karşydan «Nasaf» ýa-da Jizzakdan «Sogdiana» bilen «E» toparynda çykyş etjekdigi belli boldy. Paýtagtyň «Köpetdagy» bolsa «F» toparynda Gyrgyzystandan Bişkegiň «Dordoý» we Täjigistanyň Hujand şäherinden adybir «Hujand» topary bilen duşuşar.

Toparlaryň oýunlary 2022-nji ýylyň 24 – 30-njy iýuny aralygynda geçiriler.

Bu toparlaryň iň ökde oýunçylary 2022-nji ýyldaky AFK Kubogynyň zolaklaýyn finalynda çykyş eder. Ýeňiji ýaryşyň indiki tapgyryna gatnaşmaga hukuk we 100 müň ABŞ dollary möçberinde pul baýragyny alar.

AFK Kubogy — 2004-nji ýyldan bäri Aziýa Futbol Konfederasiýasy tarapyndan AFK Çempionlar ligasyna gatnaşmak üçin ussatlyk derejesi ýeterlik bolmadyk ýurtlardaky çempionatlaryň ýeňijileriniň we baýrakçylarynyň arasynda geçirilýän ikinji möhüm topar ýaryşydyr.

Türkmenistanyň sekiz gezek çempiony «Altyn Asyr» 2005-nji ýyldan bäri AFK Kubogynda çykyş edýär. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary 2018-nji ýylda iň ýokary üstünlik gazanyp, finala çykdy, emma Yragyň «Eýe fosiz» (Howa güýçleri) topary bilen oýny şowsuz tamamlandy.

Turkmenistanyň alty gezek çempiony «Köpetdag» bolsa AFK Kubogy ugrunda ilkinji gezek bäsleşer. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň soňky milli çempionatda dördünji orny eýelän topary bu hukugy AFK-nyň ygtyýarnamasyna mynasyp bolandygy sebäpli gazandy.