Şu gün döwlet Baştutanynyň öňdäki boljak
saýlawlaryna taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala
salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi boldy. Oňa Merkezi
saýlaw toparynyň ýolbaşçysy we agzalary, ýurdumyzyň Demokratik
partiýasynyň başlygy gatnaşdylar. Demokratik partiýanyň Türkmenistanyň
Prezidenti wezipesine hödürlän dalaşgärini bellige almak mejlisiň gün
tertibiniň esasy meselesi boldy.
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topara gelen
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow şu
gün iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alyndy. Ozal
habar berlişi ýaly, Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti
wezipesine dalaşgärlige hödürlemek Demokratik partiýanyň düýn geçen
nobatdan daşary IX gurultaýynda biragyzdan makullanyldy. Gurultaýa
delegatlar bilen bir hatarda, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin
habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Forumda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Serdar Berdimuhamedow ajaýyp
ýolbaşçylyk we guramaçylyk häsiýetlerine eýedir. Ol pespäl hem-de
islendik meselä jogapkärçilikli çemeleşýän ukyply hojalykçy we sagdyn
durmuş ýörelgeleriniň tarapdary hökmünde öz kärdeşleriniň arasynda uly
hormata eýe boldy. Gurultaýa gatnaşyjylar ýokary işjeňlige we ahlak
häsiýetlerine eýe bolan Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçy wezipelerde
gazanan üstünliklerini we tejribelerini nazara alyp, ony ýokary döwlet
wezipesine dalaşgär hökmünde bellige almak kararyny biragyzdan
makulladylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hökmünde bellige
alnan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar
Berdimuhamedowa degişli şahsyýetnama gowşuryldy.
Wise-premýer bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, özüni ýokary döwlet
wezipesine dalaşgärlige hödürländikleri üçin hoşallyk bildirdi. Ol
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda özüniň güýjüni,
bilimini, tejribesini we ukyp-başarnygyny gaýgyrman bildirilen ynama
mähriban halkymyzyň we Watanymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň
bähbidine amala aşyrylýan anyk işler bilen hötde gelmek ugrunda zerur
tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Şeýle hem şu gün Aşgabatda, Oba hojalyk toplumynyň binasynda
ýurdumyzyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary IV gurultaýy geçirildi,
onuň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäri
hödürlemek meselesi girizildi. Gurultaýa jemgyýetçilik guramalarynyň,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler
gatnaşdylar.
Gurultaýa gatnaşyjylaryň gyzyklanma bildirip pikir alyşmalarynyň
barşynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige Mary welaýatynyň
häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowy hödürlemek baradaky teklibe
garaldy.
Şunuň bilen baglylykda, Agrar partiýanyň nobatdan daşary gurultaýyna
gatnaşyjylar Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet
Baştutanymyzyň Watanymyzyň hem-de halkymyzyň ykbaly üçin jogapkärçiligi
öz üstüne almaga ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek barada aýdan
pikirleriniň möhümdigini bellediler.
Çykyş edenler A.Bekmyradowyň ýolbaşçylyk we guramaçylyk
başarnyklaryny, onuň hormata mynasyp hünärini we şahsy häsiýetlerini
bellediler.
Agajan Bekmyradow 1995-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutyny tamamlap, inžener-gurluşykçy hünärini ele aldy. Ol dürli
ýyllarda Mary welaýatynyň etraplarynyň häkimliklerinde, Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Wekilbazar etrap mejlisinde, bu
etrabyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmesinde işledi. 2017-nji ýylyň
aprel aýyndan bäri A.Bekmyradow Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary
wezipesinde işleýär.
Ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, gurultaýa gatnaşyjylar ony
ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek baradaky çözgüdi
kabul etdiler.
Çykyşlar we ses bermek tamamlanandan soňra, degişli karar biragyzdan kabul edildi.
Öz nobatynda A.Bekmyradow üstüne ýüklenilen uly jogapkärçilige
düşünýändigini hem-de bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary
etjekdigini aýtdy.
Öňde duran saýlawlaryň düýpgöter täze taryhy şertlerde
geçiriljekdigini bellemek gerek. Bu gün mähriban Watanymyz hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda
düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmekde,
jemgyýetimizde türkmen halkyna mahsus halk häkimiýetlilik ýörelgelerini
pugtalandyrmakda, medeni-ynsanperwerlik ulgamynyň işini kämilleşdirmekde
ägirt uly üstünlikler gazandy.
Häzirki döwürde özüniň saýlap alan döredijilikli ýoluna üýtgewsiz
ygrarly bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýurdumyzyň
mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen giň
gerimli özgertmeler maksatnamalary we taslamalar durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Milli maksatnamasynyň” üstünlikli amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet
berilýär.
Mälim bolşy ýaly, bu wajyp resminama Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň
Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen
tassyklanyldy. Ol mejlis döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda
taryhy ähmiýetli waka öwrüldi. Bu Maksatnamadan we beýleki geljegi uly
meýilnamalardan gelip çykýan möhüm wezipelerde täzeçe pikirlenip bilýän,
giň aň-düşünjesi hem-de dünýägaraýşy bolan ýaş nesilleriň,
hünärmenleriň ýolbaşçy wezipelerde işlemegine möhüm orun berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Milli Geňeşiň Halk
Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda Watanymyzyň hem-de halkymyzyň
ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe
sürmek barada beýan eden pikiriniň aýratyn ähmiýetlidigini bellemek
gerek. Ýaşuly nesil we ähli türkmenistanlylar bu başlangyjy dolulygyna
goldadylar. Onda döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygy öz
beýanyny tapýar.
Döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisindäki
çykyşynda diňe bir geljegimiziň däl, eýsem, şu günümiziň hem ýaşlar
bilen baglanyşdyrylýandygy barada aýtdy. Her bir döwletiň beýikligi onuň
ýetişdirip, öňe çykaryp bilen nesilleri bilen kesgitlenýär. Bu gün
ýurdumyzyň watansöýüji ýaşlary ähli ulgamlarda ýokary işjeňlik
görkezýärler. Olar milli mirasymyza çuňňur sarpa goýmak bilen, köpugurly
we çalt özgerýän häzirki zamananyň ösen talaplaryna mynasyp hötde gelip
bilýändikleri bilen tapawutlanýarlar. Ýaşlar döwletimiziň şu güni we
geljegi, biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijilerdirler.
“Ýaşuly nesliň aň-paýhasy, baý tejribesi bilen ýaşlaryň
gujur-gaýratynyň utgaşan ýerinde bolsa ýetilmejek maksat, gazanylmajak
sepgit ýokdur!” diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynda belledi. Şeýle hem
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy ösdürmegiň
täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri,
ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi
makul bilýändigini aýdyp, özüniň toplan uly durmuş hem-de syýasy
tejribesini bolsa mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu
ugra gönükdirmegi maksat edinýändigini beýan etdi.
Ýaşlara öz güýç-gaýratlaryny, bilim-ukyplaryny gaýgyrman tagalla
etmek, zähmet çekmek borjy düşýär. Olaryň ýaşuly nesilleriň paýhasly
sargytlaryna, baý durmuş tejribesine daýanyp, özleriniň paýhas we
döredijilik mümkinçiliklerini has doly peýdalanmagy, möhüm döwlet
wezipelerini netijeli ýerine ýetirmegi, Watanymyzyň mundan beýläk-de
gülläp ösmegine we onuň halkara abraýynyň belende galmagyna, mähriban
halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen
toplumlaýyn maksatnamalary amala aşyrmagy zerur bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, saýlawlary möhletinden öň geçirmek babatda
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Saýlaw
kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, Milli Geňeşiň Mejlisiniň karary
bilen ýurdumyzda Prezident saýlawlaryny 2022-nji ýylyň 12-nji martynda
geçirmek bellenildi.
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar şu
ýylyň 14-nji fewralyndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdi.
Ozalkylary ýaly, açyklyk, demokratik we giň bäsdeşlik esasynda
geçirilmegi bu jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň esasy şerti bolup durýar.
Milli kanunçylyga we halkara tejribä laýyklykda, ähli dalaşgärlere
saýlawçylar bilen duşuşmak, saýlawlaryň öň ýanynda olary maksatnamalary
bilen tanyşdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen
wagyz-nesihat çärelerini geçirmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler
berilýär.
Saýlaw möwsümine taýýarlyk görmek we ony ýokary guramaçylyk
derejesinde, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen halkara
hukuk kadalaryna laýyklykda geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde boljak saýlawlary
türkmen halkynyň mizemez bitewüligini, agzybirligini, döwletimiziň we
jemgyýetimiziň halkymyzyň şöhratly taryhyndan gözbaş alýan we häzirki
döwürde mynasyp derejede dowam etdirilýän demokratik ýörelgelere
üýtgewsiz ygrarlylygyny has aýdyňlygy bilen äşgär eder.