Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly
zamanasy» ýylynda halyçy gelin-gyzlara goýulýan hormat-sarpanyň belentdiginiň
nobatdaky subutnamasy bolup dabaralanan Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli
Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki giň meýdançada
geçirilen aýdym-sazly toý çäresi şatlyk-şowhuna beslendi. Dabara il sylagly
ýaşulular, mährem eneler, halyçy gelin-gyzlar, önümçilik kärhanalarynyň, bilim,
medeniýet, sport ulgamlarynyň işgärleri, ýaşlar gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýeri birkemsiz bezeldi. Haly we haly
önümleriniň, el işleriniň, milli şaý-seplerimiziň, muzeý gymmatlyklarynyň
sergisi dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.
Çäräniň dowamynda edilen çykyşlarda halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän
halyçylyk sungatyny ösdürmekde, haly gölleriniň gadymy nusgalaryna täze öwüşgin
çaýmakda asylly zähmet çekýän zenanlara hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly
hormat-sarpa goýulýandygy buýsanç bilen nygtaldy. Halyçy zenanlaryň
mähir-yhlasyndan dörän haly sungatynyň barha kämilleşmegine, şan-şöhratynyň
älem-jahana ýaýylmagyna ak ýollary açýan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden
alkyş aýdyldy. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy, alyp
barýan işleriniň barha rowaçlanmagy arzuw edildi.
Baýramçylyk dabarasynda sungat ussatlarynyň we ýaş çeper höwesjeňleriň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, tanslarynda, küştdepdidir gazallarynda zenan zehininden döreýän nepis halylar, abraýy arşa galýan ata Watanymyz, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri wasp edildi. Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreler welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem şatlyk-şowhuna beslendi.
Bereket etrabynda ýerleşýän «Nurly
meýdan» daýhan hojalygy öndürýän azyk önümleriniň möçberlerini hem-de görnüşlerini artdyrmakda
döredijilikli işleýän hususy kärhanalaryň
biridir. Daýhan hojalygy Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýokary talaplaryndan ugur alyp, oba hojalyk
pudagynda alnyp barylýan özgertmelere işjeň goşulyşýar. Munuň özi daýhan
hojalygyna ekerançylyk meýdanlaryny özleşdirmekde,
maldarçylygy, aýratyn-da guşçulygy ösdürmekde guwandyryjy netijeleri
gazanmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda
hojalygyň ekin meýdanynyň umumy möçberi 393 gektara ýetip, şonuň agramly
bölegine ot-iýmlik ekinler ekilýär.
Daýhan hojalygy ýyllyk kuwwaty 8 müň tonna barabar bolan towuk etini öndürýän bölümi, 12 million jüýje çykarmaga niýetlenen inkubatorly
guşçulyk toplumyny, 16 million ýumurtga öndürmäge
ýöriteleşdirilen toplumy, 100 tonna et öndürmäge mümkinçilik berýän
maldarçylyk toplumyny özünde jemleýär. Bu ýerde idedilýän guşlar üçin ýokumly
iýmleri öndürýän, ýyllyk kuwwaty 70 müň tonna
bolan zawodyň hereket etmegi öndürilýän önümleriň bahasynyň
elýeterliliginde wajyp ähmiýetlidir. Şeýle
hem hojalygyň ýylda 500 müň sany bägül ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhanasy
bar.
«Nurly meýdan» daýhan hojalygy boýunça ýylyň başyndan
bäri 681 tonnadan gowrak towuk eti öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Bu
döwürde öndürilen ýumurtganyň umumy sany 2 million 716 müňden geçdi. Çykarylan jüýjeleriň sany 1 million 152 müňe
barabar bolup, guşlar üçin niýetlenen
ýokumly iýmleriň 2 müň 379 tonnadan gowragy öndürildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň welaýat ýörite sungat mekdebi, «Türkmennebit» döwlet konserniniň
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw
mekdebi bilen bilelikde «Halkyň
Arkadagly zamanasy» ýyly mynasybetli geçiren dabaraly çäresine edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, talyplar
gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlarda ösüş-özgerişleriň sazlaşykly alnyp barylýandygy, aýratynam, ýaş nesliň berk
bedenli, bilimli, hemmetaraplaýyn
kämil, Watanymyzyň daýanjy bolup ýetişmekleri üçin giň ýol açylýandygy, olaryň ýurdumyzyň ykdysady
kuwwatynyň has-da belende göterilmegi ugrunda alnyp barylýan işlere mynasyp goşan
goşýandyklary barada buýsanç bilen söhbet edildi.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň,
çeper höwesjeňleriň ýerine
ýetirmeklerinde ýaňlanan aýdym-sazlarda eziz
Diýarymyzyň waspy belentden ýetirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň
ilkinji ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleri üstünlikli tamamlaýan
uçurymlaryň durmuşynda bagtly pursatlaryň biri bolan «Soňky jaň» dabarasy
welaýatymyzyň merkezi Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasyna gül goýmak
çäresinden başlandy. Uçurymlar ata Watanymyzyň berkararlygynyň baş nyşanlarynyň
biri bolan Döwlet baýdagymyza ter gül desselerini goýup, oňa tagzym etdiler. Soňra dabaralar welaýat merkezindäki daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji hem-de tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen
21-nji orta mekdeplerde dowam etdi. Bagtyýar uçurymlar, bilim işgärleri,
ata-eneler welaýat, şäher häkimlikleriniň, welaýat Baş bilim hem-de medeniýet
müdirlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen
şowhunly dabaralaryň arzyly myhmanlary boldular. Mekdep müdirleriniň dabaralary
açyk diýip yglan etmekleri bilen, Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden
ýaňlandy.
Göreldeli uçurymlar bilim ojagynyň
bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek körpelere bilimler dünýäsiniň «altyn
açaryny» dabaraly ýagdaýda gowşurdylar. Şeýle-de dabarada okuwda aýratyn
tapawutlanan uçurymlar hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly
sowgatlara, jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlaryna, welaýat Baş
bilim müdirliginiň Hormat hatlaryna mynasyp boldular.
Ýakymly pursatlaryň dowamy soňky
jaňyň owazyna ulaşdy. Şol pursatda uçurymlaryň ak arzuwlarynyň nyşany bolan ak
kepderiler, dürli röwüşli howa şarlary asuda asmanyň bezegine öwrüldi.
Dabaralaryň dowamynda mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň taryhy pursatlary, paýtagtymyz Aşgabadyň
gözellikleri, abadan durmuşymyz taryplandy.
Uçurymlaryň gatnaşmaklarynda «Türkmeniň ak öýi» binasyna,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, welaýat kitaphanasyna guralan
gezelençler ýatda galyjy pursatlara beslendi. Welaýat kitaphanasynyň öňünde
guralan aýdym-sazly çykyşlar dabaralaryň şowhunyny has-da artdyrdy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde onlaýn görnüşinde abraýly halkara bäsleşikleriň biri — UNIPO — 2022 halkara taslama bäsleşigi geçirildi. Oňa Balkanabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň mugallymy
Saparnepes Atabaýewiň ýolbaşçylygynda bu mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Eziz
Tatarow we 10-njy synp okuwçysy Meýlis Gaýypgulyýew
gatnaşdylar. Bäsleşikde okuwçylaryň
IT programmalaşdyrmak ugry boýunça
hödürlän «Sagdyn durmuş» atly
programmasy altyn medala mynasyp
görüldi.
Halkara bäsleşige
Indoneziýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Laosdan, Makedoniýadan, Mozambikden, Mýanmadan, Türkiýeden, Wýetnamdan, Russiýadan,
Özbegistandan... alty ugur boýunça zehinli okuwçylaryň 100-e golaý işi
hödürlenildi. Şolaryň arasynda türkmen ýaşlarynyň saýlanyp, baýrakly orna
mynasyp bolmagy hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatynyň oňyn netijeleri berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.