
Welaýatymyzyň çar künjeginde Milli
bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli şatlyk-şowhunly dabaralar
biri-birine ulaşdy. Magtymguly etrabynyň «Akderek» ýaýlasynda geçirilen
dabaraly çäre hem şolaryň biri boldy.
Ýaşyl begrese beslenen ýaýladaky
dabara baýramçylyk ýörişi bilen badalga aldy. Il sylagly ýaşulular, kümüş saçly
eneler, gül görkli gelin-gyzlar, bagtyýar ýaşlar, körpeler baýramçylyk dabarasynyň
geçirilýän ýerine aýdym-sazyň belent owazynyň astynda geldiler. Ýörişe elleri
Nowruzyň esasy tagamy bolan semenili zenanlaryň aýratyn görk berendigini
bellemek gerek. Hatar gurap oturan ak öýleriň öňünde guralan zergärçilik,
amaly-haşam sungatynyň önümleriniň, gelin-gyzlarymyzyň el işleriniň sergisini ýörişe
gatnaşyjylar uly höwes bilen synladylar.
Soňra bu ýerde
sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandy. Folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda
halkymyzyň Nowruz baýramy bilen baglanyşykly hem-de toý däp-dessurlary,
yrym-ynançlary öz beýanyny tapdy. Bagşy-sazandalaryň, estrada aýdymçylarynyň
ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, gazallarynda, tans toparlarynyň döwrebap
tanslarynda ajaýyp zamanamyz we onuň ösüşleri, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň
dünýä nusgalyk işleriniň, Nowruzyň, bahar paslynyň waspy belentden ýetirildi.
Baýramçylyk çäresi soňra «Ok atan» jülgesinde dowam edip, bu ýerde hem şatlyk-şowhun al-asmana göterildi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň durmuşyndan görkezen sahna oýunlary, folklor toparlarynyň milli däp-dessurlarymyzdan gözbaş alýan çykyşlary, belentden ýaňlanan aýdym-sazlar, joşgunly tanslar çärä gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Dabaralaryň dowamynda ýurdumyzy toý-baýramlaryň mekanyna öwren Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyş sözleri öwran-öwran aýdyldy.

22-nji martda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna
welaýatymyzyň şäherleriniň, etrap merkezleriniň, obalarynyň we şäherçeleriniň
ýaşaýjylary ýokary watançylyk hyjuwy bilen gatnaşdylar. Bag nahallaryny
oturtmak üçin saýlanyp alnan ýerler, sözüň doly manysynda, baýramçylyk keşbine
beslendi. Welaýatymyzda bu sogaply işe bagyşlanan esasy çäre Balkanabat
şäherindäki welaýat köpugurly söwda bazarynyň golaýyndaky giňişlikde guraldy. Ýaz
ýagşyna durlanan ak säherde baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançada guralan dabarada çykyş edenler halkymyzyň
bagtyýarlygy, Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagy, Diýarymyzyň bagy-bossanlyga
öwrülmegi babatda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly
Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş
sözlerini aýtdylar.
Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döwrebap
aýdym-sazlary, folklor hem-de tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary, giňden
döwre guralyp ýerine ýetirilen küştdepdi tansy bag nahallaryny oturtmak üçin
ýygnanan adamlara ruhy lezzet paýlady. Ilkinji bag nahallaryny oturtmaklygyň ýaşuly
nesliň wekillerine, köp çagaly enelere hem-de ýaş çatynjalara ynanylmagy çuň
many-mazmuna eýe bolup, çärä gatnaşyjylaryň ruhubelentliklerini has-da belende göterdi.
Zähmet baýramçylygynyň dowamynda gözel
künjekde oturdylan bag nahallary täze ýaşyl zolagy emele getirdi hem-de welaýat
köpugurly söwda bazarynyň töwereginiň gözelligine gözellik goşdy. Welaýat
merkezindäki seýilgählerde, köçeleriň ugurlarynda, önümçilik maksatly hem-de
medeni-durmuş ähmiýetli ymaratlaryň daş-töwereklerinde hem hakyky zähmet
baýramçylygy möwç urdy. Çäräniň geçýän ýerlerinde milli oýunlar, türgenleriň
sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy.
Ählihalk bag ekmek dabaralarynda welaýatymyzda dürli bag nahallarynyň 36 müňe golaý düýbi oturdyldy, şolaryň 10 müň 723-si miweli baglaryň nahallarydyr.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de Balkan welaýat häkimliginiň bilelikde
guramaklarynda welaýatymyzda geçirilen döredijilik duşuşyklary ýokary
ruhubelentlige beslendi.
«Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly — Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly!» atly şygar bilen Türkmenbaşy etrabynyň Belek
şäherçesiniň medeniýet öýünde, Balkanabat şäherindäki welaýat kitaphanasynda,
Gyzylarbat etrabynyň Janahyr şäherçe medeniýet öýünde bolan döredijilik
duşuşyklaryna «Biznes reklama» gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Hormatly
il ýaşulusy, ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýew, Türkmenistanyň Medeniýet
ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejebow, Arkadag şäheriniň
Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň ýokary derejeli drama artisti,
Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarow, Aşgabat şäher
häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti,
Türkmenistanyň at gazanan artisti Ilşat Annamämmedow we ýerli ýazyjy-şahyrlar
gatnaşdylar. Olar duz-çörek bilen we aýdym-sazyň belent owazy astynda garşylandylar.
Guralan dürli sergiler duşuşyklara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Milli
Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa
geçirilýän beýik işleriň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barha
gowulanýar. Ata Watanymyzyň her bir güni buýsançly wakalara beslenýär.
Döredijilik duşuşyklarynyň dowamynda edilen çykyşlarda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Şahyrlar ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerini özleriniň täze ýazan goşgularynyň üsti bilen wasp etdiler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň has-da gülläp ösmegi, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalandyrylmagy, halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden aýdylan alkyşlar döredijilik duşuşyklarynda edilen çykyşlaryň özenini düzdi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly
wakalarynyň üstüni ýetiren Halkara zenanlar gününiň baýramçylyk çäreleri
welaýatymyzda hem biri-birine ulaşdy. Welaýat häkimliginiň edara binasynyň
mejlisler zalynda geçirilen, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we
mynasyp terbiýeläp ýetişdiren eneleri hormatlamak dabarasy şol baýramçylyk
çäreleriniň möhüm bölegine öwrüldi.
Dabarada mährem enelerimiz, gelin-gyzlarymyz barada
döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly
Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Hormatly
Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly
ady dakylan eneler tüýs ýürekden gutlandy. Köp çagaly enelere Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň adyndan gymmatbahaly sowgatlaryň gowşurylmagy dabaranyň
tolgundyryjy pursatlarynyň biri boldy. «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolan
eneler her bir maşgalanyň abadançylygy babatda döredilýän şertler, mynasyp
nesilleri terbiýelemekdäki goldaw-hemaýatlar üçin Milli Liderimize we hormatly
Prezidentimize alkyşlaryny beýan etdiler. Welaýatyň sungat ussatlarynyň
joşgunly aýdym-sazlary bolsa şeýle alkyş sözleriniň üstüni ýetirdi.
Köp çagaly enelere Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesinden döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açarynyň gowşurylyş dabarasy hem şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ýerde bezemen sahnada şirin aýdym-sazlar joşgunly ýaňlanyp, milli tanslar bilen sazlaşykly utgaşdy. Halkymyza mahsus toý dessurlary ýerine ýetirildi. Buýsanç duýgularyna beslenen gutlag çykyşlaryna uly orun berildi. Çykyş edenler ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramakda, köp çagaly maşgalalara durmuş taýdan goldaw bermekde uly işleriň amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtadylar. Köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýynyň açarynyň gowşurylmagyny muňa anyk subutnamalaryň biri hökmünde mysal getirdiler. Köp çagaly maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak barada döwletimiz tarapyndan edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar. Ýürekden çykýan şeýle alkyş sözleri täze ýaşaýyş jaýynyň açaryny ýüzlerine sylan köp çagaly eneleriň hem dilleriniň senasy boldy.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi
tarapyndan Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň
ak öýi» binasynda geçirilen aýdym-sazly dabaraly çärä dürli kärlerde
döredijilikli zähmetiň nusgasyny görkezýän gelin-gyzlar we mährem eneler
gatnaşdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
zenanlar çäksiz hormat-sarpanyň eýeleri bolup, olara ygtybarly zähmet we durmuş
şertlerini döretmek, eneligi we çagalygy goramak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Zenanlaryň hukuklaryny goramak üçin
hemmetaraplaýyn alada edilýär. Her ýyl ençeme enelere «Ene mähri» diýen
hormatly atlar dakylýar, «Zenan kalby» ordeni zenanlaryň döşüni bezeýär. Olar
ata Watanymyzyň pajarlap ösmegine mynasyp goşant goşýarlar.
Ine, şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edilen,
baýramçylyk gutlaglary biri-birine ulaşan çärede aýdym-sazly, şatlyk-şowhunly
çykyşlara hem giň orun berildi. Aýdym-saz, tans, hor toparlarynyň şowhunly
çykyşlary we wäşileriň görkezen gysgajyk sahnalary bu ýere ýygnananlarda ýatdan
çykmajak täsir galdyrdy.