Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde folklor, tans we
döredijilik toparlarynyň arasynda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi»
binasynda geçiren çäresiту welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen döredijilik
toparlary gatnaşdylar. Gadymy hem müdimi halk döredijilik sungatymyzyň döwrebap
nusgalaryny has-da kämilleşdirmegi, ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlaryň şowhunyny
arşa göterýän kämil döredijilik toparlaryny ýüze çykarmagy maksat edinen medeni
çärede döredijilik toparlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren çykyşlary tomaşaçylar
tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Folklor, tans we döredijilik toparlarynyň kalbyňy heýjana getirýän joşgunly
çykyşlarynda, ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, gazaldyr lälelerinde Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň rowaçlyklary, şöhratly geçmişimiz,
şu günki bagtyýar döwrümiz aýdyň beýanyny tapdy. Köňülleri galkyndyrýan küştdepdi
tansy adamlara ruhy lezzet paýlady.
Welaýat merkezinde ulanylmaga berlen ýolagçy awtomenziliniň açylyş
dabarasy ýokary ruhubelentlige, uly şatlyk-şowhuna beslendi. Dabarada çykyş
edenler bu ýere ýygnananlary Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygy hem-
de täze ýolagçy awtomenziliniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Welaýat merkeziniň gözelligine gözellik goşýan ýolagçy awtomenzilini
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary»
agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşiginiň buýurmasy boýunça
«Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň ussat gurluşykçylary gurdular.
Dabaranyň dowamynda ýolagçy awtomenziliniň gurluşygyna gatnaşan
gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Dabara gatnaşyjylar soňra awtomenziliň içine aýlanyp, bu ýerde döredilen
döwrebap şertlerdir giň mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşdylar.
Döwrebap ýolagçy awtomenzili bir gije-gündizde 700 ýolagça hyzmat etmäge
niýetlenip, ol ýurdumyzyň sebitleriniň arasynda üznüksiz awtobus, taksi
gatnawlaryny üpjün eder. Awtomenzildäki üsti açyk awtoduralganyň umumy
meýdany 2150 inedördül metre, üsti ýapyk awtoduralganyň meýdany bolsa 2100
inedördül metre deň bolup, olar 200-den gowrak awtoulaglar üçin niýetlenendir.
Awtomenziliň esasy binasy iki gatdan ybarat bolup, onda häzirki zaman
binagärlik ýörelgeleri milli bezegler bilen utgaşdyrylypdyr. Binanyň gurluşygy
Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny ýadyňa salýan sekizburçly ýyldyz şekilinde
ýerine ýetirilip, onuň üçeginiň merkezini milli haly gölüniň şekili bezeýär.
Awtomenziliň esasy girelgesinde welaýatymyzdaky taryhy ýadygärlikleriň,
şeýle-de içinden seredeniňde, binanyň ýokarky böleginde zeýtun baldaklaryny ýadyňa
salýan yşykly şekilleriň ýerleşdirilmegi oňa aýratyn gözellik berýär.
Awtomenziliň esasy binasynyň içinde maglumat pannolary, onlaýn elektron
petek üçin multimediýa ekrany we maglumat beriji dürli ölçegdäki LED ekranlary
ýerleşdirilendir. Bulardan başga-da, binanyň birinji gatynda 140 ýolagça niýetlenen
garaşylýan zal, sorag-jogap nokady, petek satyş kassalary, garbanyşhana,
dermanhana, lukmançylyk otagy, aragatnaşyk otagy, dükanlar we beýlekiler
ýerleşýär.
Binanyň ikinji gatynda çagaly ýolagçylar üçin zal, çagalar üçin oýun
meýdançasy, gözellik salony, kafe, kömekçi otaglar, eneler we çagalar otagy, namaz
okalýan otag, dükanlar ýerleşýär.
Ýolagçy awtomenzili häzirki zaman ulag-kommunikasiýa desgalaryndan
edilýän talaplara doly laýyk gelýär. Bu ýerde awtobuslaryň hereketine gözegçilik
edilişi, petekleriň satylyşy sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 26-njy
awgustynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bugdaý
ekişine başlamaga ak pata bermegi bilen ruhlanan welaýatymyzyň gallaçylary 2-nji
sentýabrda bu jogapkärli möwsüme guramaçylykly girişdiler. Il sylagly ýaşulular,
gallaçy daýhanlar, obasenagat toplumynyň hünärmenleri, daýhan hojalyklarynyň
ýolbaşçylary, kuwwatly hem ýokary öndürijilikli tehnikalara başarjaňlyk bilen erk
edýän mehanizatorlar şol gün Serdar etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginiň
ekerançylyk meýdanyna ýygnandylar. Bu ýerde welaýatymyzyň bagşy-
sazandalarynyň, estrada aýdymçylarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwrüni wasp edýän şowhunly aýdym-sazlary belentden ýaňlanýar.
Bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli guralan dabara gatnaşmak üçin bu
ýere gelenler dürli oba hojalyk gurallarynyň, ekişde ulanyljak tehnikalaryň, olaryň
ätiýaçlyk şaýlarynyň, dürli azyk, çörek we çörek önümleriniň, amaly-haşam
sungatynyň hem-de el işleriniň sergilerini höwes bilen synlaýarlar. Hatar tutup
oturan ak öýler, döwrebap bezelen sahnada ýerine ýetirilýän ajaýyp tanslar, folklor
çykyşlary hem-de sahna oýunlary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlaýar.
Dabaranyň aýgytlaýjy pursadynyň gelip ýetmegi bilen, Arkadagly
Serdarymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatymyzyň il sylagly ýaşululary,
asylly däbe görä ekişi «Bismilla» bilen başlap, ilkinji bolup, topraga bugdaý
tohumlaryny sepýärler. Olaryň yzysüre bolsa depelerinde ýaşyl Baýdak pasyrdaýan
traktorlar herekete girizilýär. Altyn güýzüň başynda guramaçylykly badalga berlip,
kalbyňda ýakymly duýgulary oýarýan şeýle pursady synlap duran adamlar geljek
ýylyň hasylynyň bereketli bolmagyny Beýik Biribardan dileg edýärler.
* * *
Bugdaý ekişine girişilmegi mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler
zalynda «Ak pataňyz üçin sag bol, Arkadagly Serdarymyz!» atly dabaraly maslahat
geçirildi. Onda bugdaý ekişini öz wagtynda, guramaçylykly geçirmegiň meseleleri
ara alnyp maslahatlaşyldy. Welaýat, şeýle hem etrap-şäher häkimleriniň, daýhan
2
birleşikleriň başlyklarynyň, oba hojalygyna dahylly pudaklaryň ýolbaşçylarynyň,
degişli hünärmenleriň, mehanizatorlaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň,
il sylagly ýaşulularyň we ussat gallaçy daýhanlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen
dabaraly maslahatda çykyp geplänler bugdaý ekişini öz wagtynda we bildirilýän
talaba laýyk geçirmek üçin ähli şert-mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, jogapkärli
möwsümde gazanyljak üstünlik geljekki bol hasylyň kepilidir diýip nygtadylar.
Ekişde ulanyljak tehnikalar öňünden taýýar edildi. Welaýatymyzyň toprak-howa
şertlerine laýyklykda, topraga sepiljek bugdaý tohumlarynyň aýratynlyklary
bellenildi.
Ýurdumyzyň tebigat dünýäsi özboluşlydyr. Günorta-Günbatar Köpetdag ösümliklere örän
baýdyr. Olaryň biri-de türkmen selmelegidir. Bu ösümligiň dünýäde bäş görnüşi bolup,
ýurdumyzda bir görnüşi duş gelýär.
Türkmen selmelegi dag derman ösümligi bolup, ol toýunly, oňat çyglaşan mele
topraklarda, çagylly we daşly günorta eňňitlerde, agaçdyr gyrymsy agaçlaryň arasynda,
garatikenleriň jeňňelliklerinde ösüp boý almagy halaýar. Boýy 20-40 santimetre çenli ýetýär.
Türkmen selmelegi noýabr-aprel aýlarynda gülleýär, maý-iýul aýlarynda miweleri
bişýär. Ösümlik tohumyndan köpelýär. Türkmen selmelegine ülkämizde deňiz
derejesinden 800-1200 metr belentlikde duş gelmek bolýar. Ösümlik 3-4 ýyldan soň miwe
berip başlaýar, Günorta-Günbatar Köpetdagda: Hozluda, Şywlanda, Altybaýda,
Galalygözde, Hydyrsuwda, Çokagaçda, Süntde gabat gelýär. Ol köp ýaşaýan, sowuga
durnukly, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikdir.
Dermanlyk maksatlary üçin miwesi, ýapragy, köki çig mal bolup hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-
ensiklopedik eserinde türkmen selmeleginiň dermanlyk häsiýetleri barada giňişleýin
maglumat berilýär.
Ýurdumyzda dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylary
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda wagtlaryny gyzykly we täsirli geçirýärler.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan düzülen ýörite
meýilnama esasynda çagalar bilen gyzykly, täsirli çäreler, duşuşyklar, gezelençler,
sport ýaryşlary we döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Ýakynda TMÝG-niň welaýat we
Türkmenbaşy şäher geňeşleri, şeýle hem welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi
bilelikde bu ýerde ýerleşýän «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç
alýan körpeleriň arasynda «Bagtyýar çagalyk» ady bilen kenar ýakasynda çygly çägeden
şekil ýasamak boýunça bäsleşik geçirdiler. Oňa gatnaşan çagalar gülleýän, gül açýan
Watanymyzyň tebigy gözelliklerini, ajaýyp «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny,
bagtyýar çagalygy, ýurdumyzda gurulýan ajaýyp binalary şekillendirdiler. Bäsleşikde
«Awaza» topary birinji, «Asuda» topary ikinji, «Şatlyk» topary bolsa üçünji orunlary
eýelediler.
«Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň sport meýdançasynda
«Berkarar döwletiň sagdyn nesilleri» ady bilen sportuň dürli görnüşleri, şeýle-de deňziň
kenarynda tanap çekmek boýunça geçirilen bäsleşikler hem täsirli boldy. Gyzykly we
çekeleşikli geçen sport bäsleşiklerinde ýeňiji bolan çagalara ýadygärlik sowgatlar
gowşuryldy.
Bäsleşiklerden soň çagalar «Awaza» derýasynda gaýykda gezelenç etdiler we
Hazar deňziniň, tebigatyň gözelliklerini synladylar.