Nebitgaz
senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Balkanabat
şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgünde dabaraly maslahat geçirildi. «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler» diýen
at bilen geçirilen maslahata ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň
edara-kärhanalaryndan, «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümlerinden, geologiýa pudagyndan jogapkär
adamlar, önümçiligiň öňdebaryjylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly
nesliň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaraly
maslahat hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz
senagaty we geologiýa işgärlerine iberen baýramçylyk Gutlagynyň okalmagy bilen
başlandy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baýramçylyk gutlagyndan ruhlanan
nebitçilerdir gazçylar, geologlar hem bu çärede çykyş
edip, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli
ykdysadyýetimiziň binýatlyk sütünleriniň biri bolan nebitgaz ulgamynda we
geologiýa pudagynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan ösüşler, ägirt uly
özgertmeler dogrusynda buýsançly gürrüň
etdiler.
Maslahatyň
dowamynda göreldeli zähmet çekýän nebitçilere, gazçylara we geologlara hormatly
Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Nebitçileriň medeniýet köşgüniň sungat
ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde
ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlar dabaraly çärä aýratyn ruhubelentlik nuruny
çaýdy. Ol aýdymlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işleriniň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwrüniň, erkana hem eşretli
ýaşaýşymyzyň waspy belentden
ýaňlandy.
Welaýatymyzda Halkara Bitaraplyk gününiň, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly
30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler ýokary ruhubelentlige beslendi. Baýramçylygyň
esasy çäreleri Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda ir säherden
başlandy. Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde
guramagynda geçirilen dabarada Döwlet senamyzyň belentden ýaňlanmagy bilen, ýaşyl
Tugumyz al-asmana göterildi. Çykyş edenler bu ýere ýygnananlary hemişelik
Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, baky
Bitaraplygymyzyň many-mazmuny, ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan
daşary syýasaty, halkara gatnaşyklary ösdürmekde durmuşa geçirilýän beýik işler
dogrusynda gürrüň etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyş sözleri dowamly el çarpyşmalar bilen
garşylandy.
Baýramçylyk çäresiniň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň
ruhubelentlik bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary, folklor, tans toparlarynyň
çykyşlary bilen utgaşdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, il
agzybirliginiň, ýurt asudalygynyň waspyny ýetiren täsirli çykyşlar baýramçylygy dürli derejeli toý çäreleri
bilen garşylaýan halkymyzyň baky Bitaraplygymyza bolan egsilmez buýsanç
duýgularynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Soňra dabara «Türkmeniň ak öýi»
binasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda baky Bitarap toýuň gutly
bolsun, jan Watan!» ady bilen geçirilen aýdym-sazly çäre bilen dowam etdi. Onda
halypa aýdymçylaryň, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileriniň, welaýat
ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň, tans we folklor toparlarynyň şowhunly
çykyşlary sungat muşdaklary üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Belentden
ýaňlanan aýdym-sazlarda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň beýik işleriniň, ajaýyp döwrümiziň, baky Bitaraplygymyzyň waspy
ýetirildi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleri edebi-sazly kompozisiýa
bilen çykyş etdiler. Daşary ýurt aýdymlarynyň ýerine ýetirilmegi çäräniň
şatlyk-şowhunyny artdyrdy.
Baýramçylyk konsertine gatnaşan sungat wekilleriniň ýerine ýetirmeklerinde joşgunly ýaňlanan «Bitarap eziz Watan» diýen aýdym halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hem-de ýurt berkararlygyna bolan beýik söýgüsini aýdyň görkezdi
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, Balkanabat
şäherindäki «Balkan» köpugurly söwda merkezinde ýokary derejede guralan Eýran
Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň
ýöriteleşdirilen sergisi ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen dost-doganlyk
gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygyny görkezdi. Sergi iki goňşy ýurtlaryň
özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde
wajyp ähmiýete eýe boldy.
Goňşy ýurduň
döwlet we söwda-senagat edaralarynyň, gurluşyk, oba hojalyk, azyk hem-de
gaýtadan işleýän hem-de beýleki pudaklarynda, söwda we hyzmatlar ulgamynda iş
alyp barýan kompaniýalarynyň önümleridir işleriniň ýöriteleşdirilen sergisi
geljekde iki dostlukly ýurduň döwlet we hususy kärhanalarynyň özara
gatnaşyklaryny täze taslamalar bilen işjeňleşdirmäge, ýurtlaryň arasyndaky
haryt dolanyşygyny artdyrmaga itergi berer. Ýöriteleşdirilen serginiň goňşy
ýurduň köpgörnüşli senagat önümleriniň ýurdumyzyň sarp ediş bazaryndaky mynasyp
ornuny berkitmeginde we giňeltmeginde, netijede, özara dostlukly gatnaşyklaryň
ilerlemeginde uly ähmiýete eýe boljakdygyny
nygtamak gerek. Dost-doganlyk
sergisi dostlukly hyzmatdaşlyk
gatnaşyklarynyň ählumumy parahatçylyga, gülläp ösüşe, hoşniýetli goňşuçylyga,
halklaryň durnukly ösüşine we abadançylygyna hyzmat edýändigini nobatdaky gezek
tassyklady.
Üç günläp dowam eden hem-de goňşy döwletiň eksport
mümkinçilikleriniň özboluşly beýanyna öwrülen bu sergi türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgelerini üstünlikli dowam
etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň ykdysady
hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny kemala getirmekde ähli tagallalary
edýändigini görkezdi.
Ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen dost-doganlyk
gatnaşyklary barha pugtalanýar. Muňa Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda «Türkmenistan — dost-doganlyk
mekany» ady bilen geçirilen türkmen-gazak dostluk aýdym-sazly dabarasynyň
mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek boldy.
Gazagystan
Respublikasynyň Mangistau welaýatynyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarydyr
hünärmenlerinden, belli aýdymçylarydyr sazandalaryndan, tans toparlarydyr teatr
sungatynyň işgärlerinden ybarat bolan wekiliýet welaýat döwlet drama teatrynyň
öňünde düz-çörek, aýdym-sazlar bilen mähirli garşylandy. Dabara gatnaşyjylar
ilki bilen bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergä tomaşa etdiler.
Dabarada
buýsançly çykyşlara giň gerim berildi. Onda çykyş edenler türkmen-gazak
halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary we onuň häzirki döwürde döredýän
döwrebap mümkinçilikleri hakynda durup geçdiler. Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu medeni çäräniň aýratyn uly ähmiýete eýedigini
uly buýsanç bilen bellediler.
Medeni
çäre türkmen we gazak sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam
etdi. Joşgunly çykyşlarda iki halkyň mizemez dostlugynyň,
barha ösýän türkmen-gazak
hyzmatdaşlygynyň, şeýle-de parahatçylygyň waspy belentden ýetirildi.
«Türkmenistan — dost-doganlyk mekany»
atly türkmen-gazak dostluk aýdym-sazly
dabarasy «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan
işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda hem geçirildi. Bu ýerde iki ýurduň ykdysady we medeni ösüşlerine bagyşlanan sergi hem
guraldy.
Şatlyk-şowhuna, egsilmez buýsanja eýe bolan dabara «Küştdepdi» tansy bilen
jemlendi.
Goňşy döwletden gelen myhmanlar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözellikleri bilen tanyşmaga hem giň mümkinçilik aldylar.
Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar
birleşiginiň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat
komitetiniň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň ajaýyp
meýdançasynda Hasyl toýy mynasybetli guran baýramçylyk dabarasy çuň many-mazmuna
eýe boldy. Giňden guralan toý çäresi welaýatymyzyň ussat babadaýhanlarynyň,
ýaşuly nesliň wekilleriniň, talyp-ýaşlarynyň, medeniýet, saglygy goraýyş, bilim
we sport ulgamlarynyň işgärleriniň
gatnaşmagynda dabaraly baýramçylyk ýörişi bilen başlandy.
Hasyl toýy mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna
we ähli halkyna iberen Gutlagyndan ruhlanan ildeşlerimiz bu ýerde çykyş edip,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň howandarlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk
toplumynyň düýpli galkynyşa eýe bolýandygyny aýratyn buýsanç bilen nygtadylar.
Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs
ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Belentden tutulan baýramçylyk çäresiniň
dowamynda welaýatyň oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň uly toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly
baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň buýsançly çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň
hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň, sapaly
durmuşymyzyň, ajaýyp döwrümiziň, daýhan zähmetiniň tarypyny ýetirýän aýdymlar belentden ýaňlandy.
Bu ýerde guralan oba hojalyk önümleriniň sergisinde ekerançylyga degişli milli
däp-dessurlar, azyk önümleriniň taýýarlanylyşy görkezildi.
Dabaranyň geçýän ýerinde «Bereketli türkmen saçagy» atly kitap esasynda geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň aşpezleri höwes bilen gatnaşyp, türkmen halkynyň milli tagamlaryny, işdäaçarlary ýokary derejede taýýarlamagyň inçe tilsimlerini açyp görkezdiler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna salgylanyp taýýarlanylan melhemlik içgiler dabara gatnaşyjylara hödür edildi.