Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk
baýramçylygyna — Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilýän
medeni-köpçülikleýin dabaralar edara-kärhanalarda guralýan dürli duşuşyklardyr
sergiler bilen utgaşyp, giň gerime eýe bolýar.
Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen
bilelikde guramagynda «Bitaraplyk toýun tutýar Watanym!» diýen at bilen
geçirilen baýramçylyk çäresi hem baý many-mazmuna, ýatdan çykmajak pursatlara
beslendi. Welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilen baýramçylyk
çäresiniň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini dünýä nusgalyk derejä çykarmak babatda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň
öz datly miwesini bolluk bilen eçilýändigini buýsanç bilen aýtdylar.
Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, welaýat
döwlet drama teatrynyň artustleriniň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň
ata Watanymyzy, ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda durup, ýurdumyzyň ýagty
ertirlere ynamly gadamlar bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan rowaç işlerini, bagtyýar we eşretli
zamanamyzy, baky Bitaraplygymyzy wasp edýän aýdym-sazlary bu ýere ýygnanalara
ruhy lezset paýlady. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il-ulsumyzyň röwşen geljegine
gönükdirilen belent hem döwletli tutumlarynyň mundan beýlägem rowaçlanmagy
baradaky ýagşy arzuwlar bolsa ýerine ýetirilen
döwrebap aýdym-sazlaryň esasy mazmunyny düzdi. Ýokary ruhubelentlige
beslenen dabaranyň ahyrynda welaýatymyzyň birleşen aýdym-saz toparynyň ýerine
ýetiren «Arkadagly Gahryman Serdarymyz» diýen aýdymy dabaranyň şatlyk-şowhunyny
has-da artdyrdy.
Welaýatymyzyň ähli ýerlerinde hemişelik Bitaraplygymyzyň
28 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän
dabaralar ýokary ruhubelentlige beslenýär.
Balkanabat
şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat
medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Halkara Bitaraplyk güni
mynasybetli geçirilen aýdym-sazly dabaraly
çäre hem şolaryň biri boldy. Aýdym-sazly dabara önümçiligiň öňdebaryjylary,
medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ata Watanymyzy rowana ak
ýollardan okgunly öňe alyp barýan, halkymyzyň
bagtyýarlygy ugrunda uly alada edýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini
aýtdylar. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň berkarar ýurdumyzy, Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, bagtyýar durmuşymyzy
wasp edip ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Tans, halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary
dabaranyň şatlyk- şowhunyny artdyrdy.
Welaýat
häkimliginiň mejlisler zalynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly
seneleriň sanawyna goşulandygy baradaky şatlykly waka mynasybetli dabaraly
maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik
guramalarynyň, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar
gatnaşdylar.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyr Magtymguly Pyraga
goýulýan hormat-sarpanyň has-da belende göterilýändigi her birimizi
buýsandyrýar. Özüniň çuňňur garaýyşlaryny çeper söz arkaly ussatlyk bilen beýan
edip, ynsanlaryň ýüreklerinde baky orun almagy başaran söz ussadynyň eserlerini
bu gün tutuş dünýä halklary öwrenýär. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary
göwher gaşy ýaly öz öwüşginini ýitirmeýär. Olar bakylyga öwrülen ruhy
baýlykdyr, hazynadyr.
Maslahatda
çykyş edenler şular dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Asyrlar aýlansa-da, öz
gymmatyny ýitirmeýän eserleri bilen bütin dünýäde tanalýan Magtymguly atamyzyň
sarpasyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Soňra welaýatymyzyň
sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Welaýat döwlet drama teatrynyň
artistleriniň türkmen nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerine bagyşlap ýerine ýetiren
edebi-sazly kompozisiýasy bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Ýaňlanan
aýdym-sazlarda döwrümiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleriniň, her bir setiri nakyla öwrülen
Magtymguly Pyragynyň waspy ýetirildi.
Welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak
öýi» binasynda Hasyl toýunyň dabarasy uludan tutuldy. Säher bilen bu ýere
ýygnanan ruhubelent adamlaryň şatlygyny, begenjini ýüzlerinden görmek, duýmak
bolýardy. Toý-baýramlarymyzyň gelşigi ýaşululardyr eneler, milli lybasly
gelin-gyzlar, şadyýan çagalar toý meýdançasynyň görküne görk goşýardy. Toý
dabarasynda çykyş edenler babadaýhanlarymyzy Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
«Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bagtyýarlyk bilen gurşalan döwrümiziň
her bir güni täze röwüşlere beslenýär. Ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň
bolçulygyny döretmek ugrunda irginsiz zähmet çekýän babadaýhanlarymyza uly
sarpa goýulýar» diýip,
çykyş edenler guwanç bilen nygtadylar. Döwletimiziň halkara abraýyny
arşa götermekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda,
daýhanlarymyza bol hasyl almakda ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimize
tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Bu ýerde öz ideg edýän ekin meýdanlaryndan ýokary
hasyl almakda tapawutlanyp zähmet çekýän öňdebaryjy daýhanlara hormatly
Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgatlarynyň gowşurylmagy aýratyn şatlyga beslendi.
Soňra aýdym-sazyň şirin owazy belentden ýaňlanyp, alyn
derini topraga siňdirip, toprakdan zer önderýän babadaýhanlarymyzyň, ak
bazarlarymyzyň bolçulygynyň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň beýik işleriniň waspy ýetirildi. Bu ýerde oba hojalyk
önümleriniň, el işleriniň, amaly-haşam sungatynyň sergisine syn edildi.
Balkanabat şäherindäki welaýat
köpugurly hassahanasynyň durkunyň doly döwrebaplaşdyrylyp hem-de täze binalar
bilen üsti ýetirilip, dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy aýratyn ýatda
galyjy şanly wakalaryň biri boldy Açylyş dabarasyna welaýat, şäher häkimlikleriniň,
jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, Mejlisiň deputatlary,
saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem-de köp sanly ýerli ýaşaýjylar
agzybirlik bilen gatnaşdylar.
Köpugurly hassahananyň öňündäki
meýdança ajaýyp toý keşbine beslenip, joşgunly aýdym-sazlaryň hoş owazy dabara
gatnaşyjylaryň ruhuny has-da belende göterdi. Dabaranyň barşynda welaýat
köpugurly hassahanasynyň gurluşyk işlerini alyp baran «Şadyýan gurluşyk»
hojalyk jemgyýetiniň aýratyn tapawutlanan gurluşykçylaryna hormatly
Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Medeniýet we sungat
ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlarynda, tanslarynda, teatr
artistleriniň çykyşlarynda, bagtyýar çagalaryň aýdyp beren goşgularynda täze
taryhy eýýamyň beýik tutumlary, Gahryman Prezidentimiziň ynsanperwer döwlet
syýasaty, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler taryplandy.
Ýaşulularyň ak patasy bilen toý
bagy kesilip, dürli röwüşli howa şarlary asuda asmana bezeg beren dabarada oňa
gatnaşyjylar köpugurly hassahanada işlemek we ynsan saglygyny goramak babatda
döredilen giň mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşdylar. Hassahananyň baş binasy
bäş gatdan ybarat bolup, onda kabul ediş, anyklaýyş we maslahat beriş, şöhle
bilen anyklaýyş, hirurgiýa, anesteziologiýa we reanimasiýa, trawmatologiýa,
newrologiýa hem-de iç keselleri bölümleri bar. Hassahananyň bölümleriniň
Germaniýadan, Fransiýadan, Niderlandlar Patyşalygyndan, Hytaý Halk
Respublikasyndan, Daniýadan hem-de Günorta Koreýadan getirilen öňdebaryjy
lukmançylyk enjamlary, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi dabara
gatnaşyjylarda çuňňur hoşallyk duýgularyny döretdi.
Durky täzelenen köpugurly hassahanada alnyp baryljak
saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hiliniň has-da ýokarlanjakdygyna anyk göz ýetiren
dabara gatnaşyjylar halkymyzyň baş saglygy barada ägirt uly aladalar edýän
Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza baky Bitaraplygymyzyň
şanly senesiniň öňüsyrasyndaky ajaýyp toý serpaýy üçin alkyş hem hoşallyk
sözlerini aýtdylar.