Diýarymyzyň
çar künjünde bolşy ýaly,
welaýatymyzda hem Täze ýyl mynasybetli dürli mazmunly baýramçylyk çäreleri biri-birine ulaşýar. Welaýat döwlet
drama teatrynyň baýramçylyk öwüşginleri
bilen sazlaşýan ajaýyp sahnasynda
iki günläp dowam eden «Gülki sowgady» atly degişme oýny, welaýatymyzyň
medeniýet we sungat
ussatlarynyň, welaýat ýörite sungat
mekdebiniň talyplarynyň ýerine
ýetiren aýdym-sazlary, tanslary şeýle çäreleriň üstüni ýetirip, tomaşaçylaryň
baýramçylyk ruhuny has-da belende
göterdi. Teatryň artistleri Arslan
Mämmetgulyýewiň, Rusdam Arazmämmedowyň, Berdi Berdiýewiň, Bäşim Ataýewiň, Arslan Hojagurbanowyň ýerine ýetiren degişme sahnalary tomaşaçylara ýatdan
çykmajak pursatlary peşgeş berdi.
Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar ýylyny, ösüşlere beslenýän
döwrümizi,
Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde
uly goldawa eýe bolýan beýik tutumlaryny, Täze ýyly wasp edýän joşgunly
aýdym-sazlar tomaşaçylara ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. «Bagtyýarlyk» hem-de «Dehistan» aýdym-tans
we folklor etnografiýa toparlarynyň
ýerine ýetiren milli tanslary şowhunly
el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Aýazbabadyr Garpamygyň gatnaşmagynda
geçirilen baýramçylyk çäresinde
çykyş eden medeniýet we
sungat ussatlary türkmen
medeniýetini, sungatyny ösdürmekde, adamlaryň medeniýetli dynç almaklary
üçin ähli şertleri üpjün etmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly
Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda geçirilen,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dabaraly jemlenmesine öwrülen halkara
ylmy-amaly maslahat hem-de köpugurly sergi ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň
durmuşynda taryhy waka boldy. Balkanly ýaşlaryň öňdebaryjylary bu maslahata
sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Munuň üçin agzybirlikde welaýat kitaphanasyna
ýygnanan ýaşlar köpugurly serginiň hem-de halkara derejeli maslahatyň barşynda
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň beýik ynamyna mynasyp bolan
ýaşlarymyzyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri
bilen has içgin tanyşdylar. Ýaşlaryň birnäçesiniň ýylyň jemleri boýunça döwlet
sylaglaryna mynasyp bolmagy balkanly ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Munuň
üçin Milli Liderimizi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy alkyşlaýan hoşallyk
sözleri ýaşlaryň dilleriniň senasyna öwrüldi.
Şeýle
hoşallyk sözleri halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi hem-de tapawutlanan ýaşlara hormatly Prezidentimiziň
adyndan sylaglaryň gowşurylmagy mynasybetli geçirilen aýdym-sazly dabaranyň
dowamynda hem joşgunly ýaňlandy. Welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde
guramaklarynda welaýat döwlet drama teatrynda geçirilen aýdym-sazly dabarada
çykyş edenleriň aýratyn nygtaýyşlary ýaly, halkara ylmy-amaly maslahat we
köpugurly sergi ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüşindäki mynasyp ornuny has-da aýdyň
görkezdi. Dabarada şeýle möhüm ähmiýetli maslahatyň ýokary derejede geçirilmegi
üçin ähli şertleri döredip beren hem-de maslahatyň öňüsyrasynda «Ýaşlar —
Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby sowgat eden hormatly Prezidentimiziň hem-de
Milli Liderimiziň adyna ýene bir ýola alkyş sözleri aýdyldy. Medeniýet we
sungat ussatlarynyň uly joşgun bilen ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlary bolsa
şeýle alkyşly sözleriň mazmun baýlygyny has-da artdyrdy.
Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde
«Türkmeniň ak öýi» binasynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guran aýdym- sazly
dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. «Hoş geldiň, Täze ýyl gözel Diýara» ady bilen
geçirilen baýramçylyk dabarasyna jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet,
saglygy goraýyş we beýleki ulgamlaryň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaraly
çärede çykyş edenler, ilki bilen, bu ýere ýygnananlary Täze ýyl baýramy bilen
tüýs ýürekden gutladylar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýetilen sepgitler,
gazanylan üstünlikler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik
işleri barada gürrüň etdiler. Şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan şanly
ýylymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan çalt depginlerde durnukly ösdürmekde ýetilen we
ýetilýän belent sepgitler, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ruhy-medeni
gymmatlyklarymyzy aýawly saklamakda hem-de dünýä ýaýmakda amala aşyrylan giň
gerimli tutumlar dogrusynda aýratyn durup geçdiler.
Şatlyk-şowhunly
çärede aýdym-sazly çykyşlara giňden orun berildi. Belentden-belent ýaňlanan aýdym-sazlar,
tanslar baýramçylyga özboluşly bezeg berdi. Olarda ajaýyp zamanamyz, Täze ýyl
baýramy wasp edildi. Welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň degişme sahnasy hem
şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Hormatly Prezidentimiz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýylynyň 15-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde
Täze ýyl baýramynyň ýakynlap gelendigini aýdyp, bu baýramyň bellenilýän
günlerinde ýurdumyzyň dükanlarynda, bazarlarynda azyk harytlarynyň dürli
görnüşleriniň bolelin, elýeterli bahalardan üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi
çekdi hem-de bu işleri berk gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara
anyk tabşyryklary berdi. Munuň
özi şu günler berkarar Watanymyzyň
her bir raýatyny gurşap alan toý şatlygynyň gözbaşyna öwrüldi. Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň bu tabşyryklarynyň anyk çözgüdine eýe bolýandygyny
welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň bazarlaryna, söwda nokatlaryna
baranyňda-da doly göz ýetirýärsiň. Söwda nokatlarynda harytlar köp. Bu bolsa
bazar bolçulygynyň üpjün edilmegi üçin zerur bolan ähli çäreleriň görlendigini
tassyklaýar. Munuň üçin Täze ýyl baýramçylygyny ýüreklerine jaý edip
garşylaýan, ony mukaddes ojaklarynda agzybirlikde bellemek üçin ýakymly
aladalara berlen bagtyýar raýatlaryň her biri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
adyna ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Göwünleri
toý şatlygyna, dilleri alkyşly sözlere beslenen bagtyýar adamlary aýratyn
begendirýän ýagdaýlaryň ýene biri alyjylara hödürlenýän dürli görnüşli, ýokary hilli
harytlaryň aglabasynyň ýurdumyzda öndürilen önümler bolmagydyr. Milli buýsanja
öwrülen bu üstünlikde hususy işewürleriň, telekeçileriň uly goşandyny nygtamak
gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly
başlangyçlary, şol döwletli tutumlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde türkmen
işewürleri belent sepgitlere ýetýärler. Häzirki wagtda olaryň hödürleýän
hyzmatlary, durmuşa geçirýän işleri, öndürýän dürli önümleri dünýä bazarlarynda
bäsdeşlige ukyplylygy bilen guwandyrýar.
Täze ýylyň bosagasynda gyzyşan baýramçylyk söwdasyny
synlanyňda, hormatly Prezidentimize ýene bir ýola ýüregiň töründen çykýan
hoşallyk sözlerini aýdýarsyň.
Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda Halkara
Bitaraplyk gününiň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy
mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabara şatlyk-şowhuna beslendi. Welaýat,
Balkanabat şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň
deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň, medeniýet işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş
saçly eneleriň, talyplaryň hem-de şäheriň ýaşaýjylaryň agzybirlik bilen
gatnaşmaklarynda geçirilen baýramçylyk dabarasy Döwlet senamyzyň belentden
ýaňlanyp, mukaddes Tugumyzyň ýokary galdyrylmagy bilen başlandy.
Dabarada çykyş
edenler bu ýere ýygnananlary Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden
gutladylar. Çykyş edenleriň belläp geçişleri ýaly, dünýäniň iri bileleşigi
tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň mümkinçiliklerini
netijeli peýdalanyp, onuň wezipelerine berk eýerýän ýurdumyz hormatly
Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli,
dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde nusgalyk üstünliklere eýe bolýar. Dabarada
baky Bitaraplygymyzyň mümkinçiliklerini şunuň ýaly ählumumy bähbitlere
gönükdirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly
Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy.
Welaýatymyzyň
sungat ussatlary belentden ýaňlanan aýdym-sazlarynda, görkezen sahnalarynda
beýik gymmatlyk bolan hemişelik Bitaraplygymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
taryhy tutumlaryny, bagtyýar durmuşymyzy wasp etdiler. Şunuň ýaly çuň mazmunly
medeni çykyşlaryň dowamynda asuda asmany parahatçylygyň nyşany bolan ak
kepderilerdir dürli reňkli şarlar bezedi.
Halkymyzyň
hemişelik Bitaraplygymyza bolan çäksiz buýsanjynyň, egsilmez söýgüsiniň
özboluşly beýanyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly baýramçylyk dabaralary
welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem ýokary ruhubelentlige beslendi.