Habarlar

«Türkmeniň ak öýi» binasyndaky dabara

25.12.2023

Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde «Türkmeniň ak öýi» binasynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guran aýdym- sazly dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. «Hoş geldiň, Täze ýyl gözel Diýara» ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasyna jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlaryň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaraly çärede çykyş edenler, ilki bilen, bu ýere ýygnananlary Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri barada gürrüň etdiler. Şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan şanly ýylymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan  çalt depginlerde durnukly ösdürmekde ýetilen we ýetilýän belent sepgitler, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy aýawly saklamakda hem-de dünýä ýaýmakda amala aşyrylan giň gerimli tutumlar dogrusynda aýratyn durup geçdiler.  

Şatlyk-şowhunly çärede aýdym-sazly çykyşlara giňden orun berildi. Belentden-belent ýaňlanan aýdym-sazlar, tanslar baýramçylyga özboluşly bezeg berdi. Olarda ajaýyp zamanamyz, Täze ýyl baýramy wasp edildi. Welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň degişme sahnasy hem şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.