Habarlar
12.06.2024

 Welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» diýen at bilen geçiren aýdym-sazly dabarasy ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Milli syýahatçylyk zolagynyň gözel künjeklerinde welaýatymyzyň ussat aýdymçylarynyň, talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, sapaly Awazanyň waspy ýetirilip, halkymyzy döwletli-döwrana eýe eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna  alkyş sözleri joşgunly ýaňlandy.   

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky  dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän ajaýyp myhmanhanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, kottejler toplumlary, attraksionly seýilgähler, ýokary derejeli hyzmat ediş ulgamlary bu gün  halkymyzyň, şeýle hem dünýä jahankeşdeleriniň hyzmatynda. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara derejeli duşuşyklaryň, forumlaryň, dürli medeni çäreleriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Çärede şeýle gözel mekanyň tarypy belentden ýetirildi, welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly çykyşlarynda hem dost-doganlygyň mekany bolan gözel künjek wasp edildi. «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa, «Dagdan» halk döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary tomaşaçylaryň şatlygyna şatlyk goşdy. Olaryň çykyşlaryna çärä gatnaşyjylaryň goşulmagy dabara özboluşly bezeg berdi. «Hazar merjenleri» çagalar tans toparynyň bagtly çagalygy wasp edýän aýdymlary, halk ertekilerinden janlandyran keşpleri dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Dabara  gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren «Alkyşnama» aýdymy Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly işlere, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere bolan egsilmez buýsanjyň beýany bolup ýaňlandy. 

07.06.2024

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Halkymyzyň milli mirasynyň, senetçilik sungatynyň görnükli nusgalarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli alnyp barylýan işleri wagyz etmeklige, zergärçilik sungatymyzy dünýä ýaýmaklyga goşant goşýan zergärleriň başarnyklaryny ýüze çykarmagy maksat edinen bäsleşige gatnaşanlar onuň şertlerine laýyklykda, saýlap alan zergärçilik hünäriniň ähmiýetini, milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpany çeper beýan etdiler. Taýynlan çyzgylary esasynda gülýaka, gupba, ýüzük... ýasamak arkaly ussatlyklaryny görkezdiler. Ýasan şaý-sepleri esasynda sergi guradylar. Zergärçilik sungatyny ösdürmeklige ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Netijede, Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaş mugallymy Rahmanberdi Hojaýew we Gyzylarbat etrabynyň Goç obasynyň ýaşaýjysy Azatgül Atagulyýewa ýeňijiler diýlip yglan edildiler we olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

07.06.2024

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa gatnaşan bagşy-sazandalar, bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, türkmen halk aýdymlaryny hem-de halk sazlaryny, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Bäsleşik milli aýdym-saz sungatyna höwesli  ýaşlaryň  barha köpelýändigini  aýdyň görkezdi. Netijede, bagşylaryň arasynda welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Nurberdi Gulow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 4-nji ýyl talyby Sahydursun Mätiýewa öňdeligi eýelediler. Sazandalaryň arasynda bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 1-nji ýyl talyby Öwezgeldi Gutlyýew hem-de welaýat ýörite sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Dawut Gulbaýew dutarda saz çalmakda has tapawutlanyp, ýe­ňiji bolmagy başardylar. Olar bäsleşigiň ýurdumyz boýunça geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

05.06.2024

Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda türkmen halkynyň beýik şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýakynda türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen «Magtymguly» atly ýygyndynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.  Welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi.

Onda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly,  täze kitabyň akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň ýokary ruhubelentlikde dabaraly bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda  çapdan çykmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen söze sarpa goýýan halkymyz beýik akyldaryň mertebesini belende göterýär, sarpalaýar. Dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan şahyryň gözel paýtagtymyzyň günorta künjeginde belent heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy, beýik akyldaryň ýubileý toýy mynasybetli ýurdumyzda we halkara derejede dabaraly çäreleriň geçirilmegi, «Magtymguly» atly ýygyndynyň çap edilmegi muny subut edýär.

Şeýle-de dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyragynyň ömrüni, döredijiligini, baý we köptaraply edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak babatda tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigi aýratyn buýsanç bilen nygtalyp geçildi. Beýik söz ussadyna belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, merdana halkymyzyň eşretli hem bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň rowaç bolmagy baradaky alkyşly sözler tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenleriň dilleriniň senasyna öwrüldi.

Ýokary ruhubelentlikde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Olarda täze taryhy döwrüň beýik ösüşlerini, parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdymlar, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar belentden ýaňlandy.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

05.06.2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 3-nji iýunynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen dünýä döwletleriniň senenamasynda hemişelik orun alan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçildi.

Ýer ýüzünde sporta, sagdynlyga sarpa goýýan her bir adamyň söýgüli senesine öwrülen Bütindünýä welosiped gününiň çäreleri welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlanan aýdym-sazly medeni-sport çäresi halkara senäniň özboluşly badalgasyna öwrülip, oňa şaýat bolanlaryň kalplarynda ýurdumyza, döwrümize, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerine buýsanç duýgularynyň has-da artandygyny ikirjiňlenmän aýtsa bolar. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlarda hem hut şol ajaýyplyklaryň waspy belentden ýetirildi. Ýaşajyk türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary, joşgun bilen ýerine ýetirilen döwrebap tanslar, sport maşklary baýramçylygyň many-mazmunyny has-da artdyrdy.

Aýdym-sazyň belent owazynyň astynda dürli reňkdäki şarlaryň al-asmana uçurylmagy bilen badalga berlen köpçülikleýin welosipedli ýöriş Bütindünýä welosiped gününiň esasy çäresi boldy. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan «Ilkinjiler» ýadygärligine çenli birnäçe kilometre uzan ýörişi edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri, talyp ýaşlar ýokary ruhubelentlikde geçdiler.

         Halkara senä bagyşlanan dürli çäreler welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem giň gerime eýe boldy.