BALKAN WELAÝATY
Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşip, demirgazykda Gazagystan we Özbegistan, demirgazyk-gündogarda Daşoguz welaýaty, gündogarda Ahal welaýaty, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen araçäkleşýär.
Balkan adamzat siwilizasiýasynyň ilkinji ädimleri bilen gyzyklanýanlaryň hem ünsüni elmydama özüne çekip gelendir. Hut şu welaýatda, Köpetdagyň demirgazyk şahasynyň ugrunda biziň eýýamymyzdan öňki XII-VII müňýyllyklara degişli neolit we mezolit döwrüniň adamlarynyň mesgeni tapylandyr.
«Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň güýzlük bugdaý ekişine
welaýatymyzyň oba hojalyk toplumynyň işgärleridir zähmetsöýer gallaçy
babadaýhanlary ýokary taýýarlykly geldiler. Şu möwsümde welaýat boýunça bugdaý
ekiljek ýerleri sürmek, tekizlemek işleri guramaçylykly ýerine ýetirilip,
bugdaý ekiji tehnikalaryň ählisi öz wagtynda doly taýýarlanyp goýuldy.
Bugdaý ekişi mynasybetli
welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahatda
bugdaý ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýokary guramaçylykda
hem-de öz wagtynda geçirmekde, kuwwatly tehnikalary gije-gündiziň dowamynda
bökdençsiz işletmek bilen, olaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakda öňde
durýan möhüm wezipeleriň üstünde durlup geçildi.
Bugdaý ekişiniň başlanmagy
mynasybetli gallaçy kärendeçiler bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş
muzeýine guralan gezelenç aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Soňra Gyzylarbat
etrabynyň D.Azady adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Ezber eller»
hojalyk jemgyýetiniň bereketli ekin meýdanynda bugdaý ekişine badalga berilmegi
mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabara gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň
bugdaý ekişine başlamaga beren ak patasyndan ruhlanyp, asylly däbe görä, il
içinde uly sylag-sarpanyň eýesi bolan ýaşulularyň «Bismillasy» bilen bugdaý ekişine
girişildi.
Dabaranyň geçýän ýerinde
guralan maslahata gatnaşyjylar welaýatymyzyň ekin meýdanlarynda ekiljek bugdaý
tohumlarynyň görnüşleri bilen tanyşdyryldy. Şu möwsümde ekin dolanyşygyna
girizilen ýerlerde bugdaýyň ozal synagdan geçen «Serdar», «Arkadag», «Pyragy»,
«Alekseýiç» we «Bezostaýa 100» ýaly görnüşleri ekiler.
Şanly ýylda welaýatymyzda 50
müň gektara azyklyk bugdaý tohumy ekilip, ondan geljek ýylyň orak möwsüminde 80
müň tonna guşgursak däne hasyly ýygnalar. Ekiş möwsüminde «Balkanobahyzmat»
önümçilik birleşiginiň garamagyndaky kuwwatly traktorlaryň 137-siniň
hyzmatyndan peýdalanylar. Gyzylarbat we Bereket etraplarynyň «Obahyzmat»
önümçilik kärhanalarynda ýörite döredilen tehniki taýdan hyzmat ediş toparlary
möwsümiň tutuş dowamynda iş üstünde bolup, bökdençligiň ýüze çykmazlygyny
gazanarlar.
Bu ýerde bugdaý ekişiniň başlanmagy
mynasybetli guralan dabara oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri
galdyrdy. Belent joşgun bilen ýerine ýetirilen şirin aýdym-sazlar, milli
tanslar dabara ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Sahna ussatlarynyň
babadaýhanlarymyzyň gündelik iş-aladalaryndan taýýarlan çykyşlary, aýdymçylaryň
parahat Watanymyzy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylyny wasp edýän aýdymlary täsirliligi bilen tapawutlandy.
Bagşylaryň belent owazly aýdym-sazlary bolsa toý meýdançasyndaky dabara özboluşly
öwüşgin çaýdy.
Çäräniň geçýän ýerinde ak
öýler dikilip, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan el işleriniň sergisi, amaly-haşam we şekillendiriş
sungatynyň eserleri, hünärli ussalaryň elinden çykan, oba adamlarynyň zähmet
gurallary we öý-hojalyk esbaplary köpleriň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Galla önümleriniň
sergisi bereketli topragymyzdan önýän gallany gaýtadan işleýän senagatyň
okgunly ösüşi başdan geçirýändigini we onuň geljeginiň uludygyny ähli aýdyňlygy
bilen görkezdi. Pälwanlaryň arasynda milli göreş boýunça guralan bäsleşik
çekeleşikli boldy.
Ýurdumyzyň oba hojalygyny depginli ösdürmekde döwlet derejesinde edilýän ägirt uly aladalardan ruhlanyp, bugdaý ekişine guramaçylykly girişen welaýatymyzyň babadaýhanlary özlerine döredilip berilýän ajaýyp şertlerdir mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada
Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Müdimi
senadyr ene hüwdüsi» atly bäsleşiginiň Balkanabat şäher tapgyry geçirildi.
Welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda
geçirilen bäsleşige gatnaşan zenanlar hüwdüleriň üsti bilen perzentleriniň
sagdyn, ruhubelent, maksadaokgunly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi üçin
taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize ene
ýüreginden alkyş aýtdylar.
Bäsleşikde welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy
Anna Haýdarowa ýeňiji bolmagy başardy we onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga
hukuk gazandy. 7-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnur Güýçgeldiýewa ikinji,
25-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Bahargül Goýunlyýewa hem-de Oglanly
şäherçesiniň medeniýet öýüniň tans goýujysy Bibiäşe Geldimämmedowa üçünji
orunlara mynasyp boldular.
Aýdym-sazlar ynsan kalbyna ruhy lezzet paýlaýar, göwünleri ganatlandyrýar.
Ýurdumyzda aýdym-saz dünýäsinde täze zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän
bäsleşikleriň many-mazmuny ýylsaýyn artýar. Munuň şeýledigini Balkanabat
şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp meýdançada Türkmenistanyň
Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen «Ýaňlan,
Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry hem aýdyň subut etdi. Welaýat
häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda geçirilen
bäsleşige onuň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen
bäsleşikde aýdymçy ýaşlaryň eziz Watanymyzy, täze taryhy eýýamyň beýik tutumlaryny,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly
döwlet syýasatyny, türkmen tebigatynyň taýsyz gözelliklerini, bagtyýar durmuşymyzy
taryplap ýerine ýetiren häzirki zaman estrada aýdymlary tomaşaçylara ruhy lezzet
paýlady. Aýdym-sazyň muşdaklary yzly-yzyna çykyş eden aýdymçylaryň ussat halypa
bagşylarymyzdan miras galan halk aýdymlaryny hem şowhunly el çarpyşmalar bilen
garşyladylar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgerişlikleriň, güneşli
Diýarymyzyň abadançylygynyň, ata Watanymyzyň barha arşa göterilen
şan-şöhratynyň, päk söýginiň waspy bolup ýaňlanan aýdym-sazlar alyslara ýaň
saldy. Ýaş estrada aýdymçylaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýylyny,
dost-doganlygy, asuda durmuşy wasp eden aýdymlary joşgunly ýaňlandy. Bir
söz bilen aýdylanda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly
bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň
welaýatymyz boýunça jemleýji tapgyry ýaş zehinli aýdymçylaryň kemala
gelýändigini görkezdi.
Bäsleşikde emin agzalary ýaş
aýdymçylaryň çykyşlarynyň aýratynlyklaryna,
ýerine ýetirijilik ussatlyklaryna we sahnada özlerini alyp baryşlaryna
aýratyn üns berdiler. Şeýlelik-de, «Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň
welaýat tapgyrynda Etrek etrabynyň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi
Baýrammyrat Ýakubow hem-de Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesiniň
ýaşaýjysy, höwesjeň aýdymçy Amanmyrat Maýdyýew ýeňiji diýlip yglan edilip,
bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşigiň
ýeňijilerine hem-de tapawutlanan zehinli aýdymçylara gymmatbahaly sowgatlar
dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.