Zehinli ýaşlary sylaglamak dabarasy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi geňeşi hem-de ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalary tarapyndan
yglan edilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny», «Ýaşlar — beýik geljegi
gurujylar», «Garaşsyzlyk bilen galkynan gözel Diýar», «Watanymyzyň Garaşsyzlygy
— ylham çeşmesi», «Köken», «Türkmen
bedewi — at-myratly Watanyň göz-guwanjy» atly bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak
dabarasy Magtymguly etrabynda geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli künjeklerinden
halypa ýazyjy-şahyrlar, döredijilik
bilen meşgullanýan ýaşlar, TMÝG-niň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Dabara gatnaşanlar ir säher bilen welaýat häkimliginiň
hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda Magtymguly Pyragy muzeýiniň
öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler.
Soňra bu ýere ýygnananlar Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül çemenleri goýup,
akyldar şahyra tagzym etdiler. Muzeýdäki taryhy we medeni gymmatlyklar,
şeýle-de amaly-haşam sungatynyň, el işleriniň sergileri bilen tanyşdylar.
Muzeýiň mejlisler jaýynda geçirilen döredijilik
bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Bu
ýerde edilen çykyşlarda ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri
üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly
Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak
dabarasyna gatnaşanlar günüň ikinji ýarymynda Gerkez obasyna baryp gördüler. Bu
ýerde welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary çykyşlary
ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Magtymguly Pyragy muzeýiniň Gerkez obasyndaky
şahamça muzeýine guralan gezelenç çärelere gatnaşyjylarda aýratyn ýakymly
täsirleri galdyrdy.