Habarlar

Kalplary joşgunly, zehinli nesiller

14.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, döredijilik bilen meşgullanmaklary, öz ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Welaýat medeniýet hem-de welaýat Baş bilim müdirlikleriniň bilelikde guramaklarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň  çäklerinde geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry hem munuň aýdyň subutnamasy boldy. Welaýat döwlet drama teatrynda guralan bäsleşige onuň etrap-şäherlerde geçirilen deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylar gatnaşdylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller hakyndaky aladalaryndan ugur alyp, ýaşlaryň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak, olaryň milli medeniýetimize, sungatymyza bolan söýgülerini artdyrmak, Watanymyza wepaly edip terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde kalplary eziz Diýarymyza buýsançdan doly körpeler gezekli-gezegine çykyş edip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olar bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň ösüşlerini, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt hem-de umumadamzat bähbitli nusgalyk işlerini, eşretli durmuşymyzy, bagtyýar çagalygy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny özleriniň döwrebap aýdym-sazlary bilen wasp etdiler.

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň jemi boýunça ýeňiji diýlip saýlanan okuwçylar onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.