Bütindünýä saglyk güni uly dabaralara beslendi
Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň: «Bütindünýä
saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent
kadalaryny dabaralandyrýar, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini
alamatlandyryp, milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýär. Şonuň üçin hem ýaz
paslynyň jana şypaly günlerinde eziz Diýarymyzda bu baýram ýokary ruhubelentlik
bilen giňden bellenilýär» diýen sözleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynyň hem ajaýyp hakykaty bolup dabaralandy. Bütindünýä
saglyk güni mynasybetli welaýatymyzda geçirilen bedenterbiýe-sport, sagdyn
durmuş we medeni çäreleri, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar ajaýyp
zamanamyzda berkarar döwletimizde toýlaryň toýlara, baýramlaryň baýramlara
ulaşýandygyny dünýä aýan etdi.
Her
ýylyň 7-nji aprelinde bellenilýän halkara senäniň esasy dabaraly çäreleri
Balkanabat şäherinde geçirildi. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň, köpugurly sport
toplumynyň öňündäki meýdançalarda guralan aýdym-sazly medeni-sport çäreleri
ýurdumyzyň bagtyýarlygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanydygynyň
aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Baýramçylyk keşbine beslenen meýdançalarda belent
heňlerde ýaňlanan şirinden-şirin aýdym-sazlarda, joşgunly tanslarda bedew batly
ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzyň, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň, sagdynlygyň, sportuň waspy öz beýanyny
tapdy. Bu çykyşlaryň içinden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza halkymyzyň bagtyýar, .eşretli, sagdyn durmuşynyň dowamat-dowam
bolmagy ugrunda amala aşyrýan beýik işleri üçin hoşallyklaryňdyr alkyşlaryň
eriş-argaş bolup geçendigini nygtamak ýakymlydyr. Baýramçylyk dabaralarynda
türgenleriň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyrylyp, olaryň ýurt we halkara
derejedäki ýaryşlarda gazanan sylaglarynyň sergisi hem guraldy.
Köpçülikleýin
welosipedli ýöriş Bütindünýä saglyk gününiň esasy çäresi boldy. «Türkmeniň ak
öýi» binasynyň ýanyndan badalga berlen ýörişe edara-kärhanalaryň, guramalaryň
wekilleri, talyp ýaşlar, türgenler ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Ýörişiň
başlanan pursadynda aýdym-sazyň belentden ýaňlanmagynda dürli reňkdäki şarlaryň
al-asmana uçurylmagy aýratyn ýarda galyjy boldy. Welaýat merkeziniň
döwrebap şaýollarydyr köçeleri bilen birnäçe kilometre dowam eden ýöriş
ýurdumyzda welosiped sportunyň uly meşhurlyga eýe bolandygynyň aýdyň güwäsine
öwrüldi. Saglygy berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini, sporty wagyz
etmekde, ýaş nesilleriň olara bolan höwesini, söýgüsini artdyrmakda örän
ähmiýetli bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçýän ugrunda
ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar, tanslar, sport maşklary çäräniň
many-mazmunyny has-da artdyrdy. Olarda döwrümiziň, sagdynlygyň, sportuň waspy
belentden ýaňlanyp, Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyş sözleri
aýdyň beýanyny tapdy.
Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan medeni-sport
çäreleri, köpçülikleýin welosipedli ýörişler welaýatymyzyň ähli
etrap-şäherlerinde hem ýokary ruhubelentlikde geçirildi.