Ýelden ýyndam bedewleriň ýaryşy
Balkan atçylyk sport toplumynda geçen ýekşenbe güni ýazky
at çapyşyk möwsüminiň badalga almagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dürli derejeli medeni çäreleriniň
mazmuny bilen özboluşly sazlaşyk tapdy. Toplumyň girelgesinde giňden
ýaýbaňlandyrylan medeni çäreler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen
ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny dünýä derejesinde ösdürmekde alnyp
barylýan düýpli tutumlara bolan il buýsanjyny açyp görkezdi. Welaýatymyzyň
aýdymçy-sazandalarynyň, sahna ussatlarynyň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň
zehinli talyplarynyň belent joşguna beslenen täsirli çykyşlary durmuşa geçirilýän
beýik tutumlaryň, buýsanjymyz bolan ganatly bedewleriň waspyny ýetirdi. Dürli
el işleriniň, at esbaplarynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, zergärçilik, senetçilik
sungatynyň, kitap hem-de surat sergileri dabaranyň mazmun baýlygyny artdyrdy. Sportuň
hem-de milli oýunlaryň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary dabara
gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Keremli türkmen topragynda
ata-babalarymyzyň irginsiz zähmeti bilen asyrlaryň dowamynda kemala getirilip,
umumadamzat gymmatlygyna öwülen ahalteke bedewlerine bolan çäksiz buýsanjy açyp
görkezen täsirli çykyşlardan ruhy lezzet alan bedew janköýerleri soňra dürli
aralyklara geçirilen at çapyşyklaryna höwes bilen tomaşa etdiler.
Üçýaşar atlaryň arasynda 1200 metr aralyga geçirilen
ýaryş T. Tülegenowyň Dorhan diýen dor atynyň ýeňşi bilen jemlendi. Ol bu
aralygy 1 minut 23 sekuntda geçip, janköýerlerini begendirdi. Bu çapyşykda
ikinji orny A. Maýjanowyň Senemgül, üçünji orny bolsa Ç.Atakulyýewiň Aýmährem
diýen bedewleri eýelediler. Olar bellenilen aralygy degişlilikde, 1 minut 30
sekuntda hem-de 1 minut 31 sekuntda geçmegi başardylar.
Ikinji çapyşyk hem üçýaşar atlaryň gatnaşmagynda 1200
metr aralyga geçirilip, çapyşykda T. Tülegenowyň Şahymerdan diýen gara aty 1
minut 22 sekunt wagt görkezip, pellehana ilkinji bolup geldi. A.Atakulyýewiň
Orlik diýen al aty 1 minut 25 sekunt wagt bilen ikinji, S. Geldiýewiň Şazada
diýen bedewi bolsa 1 minut 26 sekunt wagt görkezip, üçünji orunlara eýe
boldular.
Üçünji çapyşyga gatnaşan dört we ulyýaşar atlar 1800 metr
aralyga güýç synanyşyp, onda A. Agasenowyň Garahanjary 2 minut 07 sekuntda
pellehanadan geçip, janköýerlerini begendirdi. Pellehana ikinji bolup Dostmämmet
diýen gyr at geldi. M. Allaberdiýewiň hojalygyna degişli bolan bedew bu aralygy
2 minut 09 sekuntda geçdi. 2 minut 11 sekunt wagt görkezen Garabezirgen diýen
bedewiň eýesi Ç. Atakulyýew üçünji orun üçin goýlan baýraga eýe boldy.
1800 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşyga gatnaşan
dört we ulyýaşar atlaryň arasynda 2 minut 08 sekunt wagtda pellehana gelen
Myradym diýen dor bedew eýesi Ş. Ödäýewe hem-de janköýerlerine şatlyk getirdi.
Bu çapyşykda A. Ýazmyradowyň Garaýeli 2 minut 09 sekunt wagt bilen ikinji, A. Orazowyň
Sylap diýen al aty bolsa 2 minut 11 sekunt wagt görkezip, üçünji orunlar üçin
goýlan baýraklara mynasyp boldular.
Soňky bäşinji çapyşyk hem 1800 metr aralyga guralyp, bu
ýaryşa hem dört we ulyýaşar bedewler goýberildi. Ýaryşda birinji bolup T. Tülegenowyň
Gözguwanjym diýen bedewi 2 minut 10 sekuntda pellehana gelmegi başardy. Onuň
yzysüre 2 minut 11 sekunt wagt görkezip, M. Allaberdiýewiň Tamaly diýen dor aty
pellehanadan geçdi. Üçünji orny bolsa F. Täçmämmedowyň Gadyr diýen bedewi
eýeledi. Ol bellenilen aralygy 2 minut 12 sekuntda geçdi.
Çapyşykda öňdeligi eýelän bedewlere serpaýlar ýapylyp,
çapyksuwarlara baýraklar şowhunly el çarpyşmalar astynda gowşuryldy.