Biz barada

BALKAN WELAÝATY

Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşip, demirgazykda Gazagystan we Özbegistan, demirgazyk-gündogarda Daşoguz welaýaty, gündogarda Ahal welaýaty, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen araçäkleşýär.

Balkan adamzat siwilizasiýasynyň ilkinji ädimleri bilen gyzyklanýanlaryň hem ünsüni elmydama özüne çekip gelendir. Hut şu welaýatda, Köpetdagyň demirgazyk şahasynyň ugrunda biziň eýýamymyzdan öňki XII-VII müňýyllyklara degişli neolit we mezolit döwrüniň adamlarynyň mesgeni tapylandyr.

Giňişleýin
Habarlar
24.07.2026

Aýdym-sazlar ynsan kalbyna ruhy lezzet paýlaýar, göwünleri ganatlandyrýar. Ýurdumyzda aýdym-saz dünýäsinde täze zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşikleriň many-mazmuny ýylsaýyn artýar. Munuň şeýledigini Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp meýdançada Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen «Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry hem aýdyň subut etdi. Welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda geçirilen bäsleşige onuň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaşlaryň 10-sy  gatnaşdy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bäsleşikde aýdymçy ýaşlaryň eziz Watanymyzy, täze taryhy eýýamyň beýik tutumlaryny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  parasatly döwlet syýasatyny, türkmen tebigatynyň taýsyz gözelliklerini, bagtyýar durmuşymyzy taryplap ýerine ýetiren häzirki zaman estrada aýdymlary tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Aýdym-sazyň muşdaklary yzly-yzyna çykyş eden aýdymçylaryň ussat halypa bagşylarymyzdan miras galan halk aýdymlaryny hem şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgerişlikleriň, güneşli Diýarymyzyň abadançylygynyň, ata Watanymyzyň barha arşa göterilen şan-şöhratynyň, päk söýginiň waspy bolup ýaňlanan aýdym-sazlar alyslara ýaň saldy. Ýaş estrada aýdymçylaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny,  dost-doganlygy, asuda durmuşy wasp eden aýdymlary joşgunly ýaňlandy. Bir söz bilen aýdylanda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň welaýatymyz boýunça jemleýji tapgyry ýaş zehinli aýdymçylaryň kemala gelýändigini görkezdi.

         Bäsleşikde emin agzalary ýaş aýdymçylaryň çykyşlarynyň aýratynlyklaryna,  ýerine ýetirijilik ussatlyklaryna we sahnada özlerini alyp baryşlaryna aýratyn üns berdiler. Şeýlelik-de, «Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň welaýat tapgyrynda Etrek etrabynyň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Baýrammyrat Ýakubow hem-de Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesiniň ýaşaýjysy, höwesjeň aýdymçy Amanmyrat Maýdyýew ýeňiji diýlip yglan edilip, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

                Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de tapawutlanan zehinli aýdymçylara gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

14.07.2026

Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Gülüň owadan!» atly bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty tarapyndan guralýar.

Keçe sungatyna bagyşlanan bu bäsleşigiň ýakynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen döwlet tapgyrynyň birinji şertinde oňa gatnaşan zenanlar ýüň saýlap almak, boýamak, daramak, pişge ýasamak, keçäniň gamşyny dokamak ýaly işleri ýerine ýetirdiler. Keçe taýýarlamak üçin gerekli gurallaryň atlary hem-de olaryň ulanylyşy hakda gürrüň berdiler.

Ikinji şertde keçe sungatynyň ussatlary öz welaýat aýratynlyklaryna görä, dürli gadymy nagyşlary salyp, keçe güllediler. Olaryň güllän keçeleriniň boýy 1,5 metr, ini 1 metr bolup, «ak tüýnük», «gyzyl tüýnük», «gözenek», «saýlan», «gelinbarmak» ýaly ene-mamalarymyzdan miras galan nagyşlar bilen bezeldi.

Üçünji şertde keçe bilen bagly rowaýatlar, onuň nagyşlarynyň aňladýan manysy, bu gadymy senet bilen bagly yrymlar hakda gürrüň berdiler. Şeýle-de bäsleşige gatnaşyjylar öz aralarynda keçe sungaty bilen bagly saýlap alan ugurlary barada giňişleýin durup geçdiler.

Bäsleşige gatnaşan zenanlaryň arasynda dürli kärde zähmet çekýänleri bar. Balkan welaýatyndan Amantäç Bagyýewa Balkanabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çeper bezegçisidir. Ol hem keçe sungatynyň ezber ussatlarynyň biri. Aýsoltan Allagulyýewa bolsa Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgüniň bagşysy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uludan baýram ediljek ýylynda geçirilýän bu bäsleşigiň ähmiýeti örän uludyr. Milli gymmatlyklarymyza söýgi döretmek, ony ýaş nesliň arasynda wagyz etmek bilen gadymy keçe sungatymyzy geljek nesillere ýetirmek bäsleşigiň baş maksadydyr.

Emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijesine görä, bäsleşigiň baş baýragyna Balkan welaýatynyň, birinji orna Daşoguz welaýatynyň, ikinji orna Arkadag şäheriniň hem-de Lebap welaýatynyň, üçünji orna bolsa Aşgabat şäheriniň, Ahal hem-de Mary welaýatlarynyň çeper elli zenanlary mynasyp boldular. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Olar öz ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmakda döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

14.07.2026

Gozgalaňly dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminiň häzirki sapaly günlerinde Balkan welaýat häkimliginiň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Balkan» dynç alyş we sagaldyş merkezinde uly adamlar bilen birlikde, bagtyýar çagalar hem döwrebap dynç alýarlar. Merkez 300 orundan ybarat bolup, onuň 200-si uly adamlara, 100-si bolsa çagalara niýetlenilendir. Bu ýere dynç almaga gelýän raýatlar, şol sanda çagalar mähir bilen garşylanylýar we uly alada bilen gurşalyp alynýar. Olaryň ýokary derejede dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri üçin ähli şertler döredilendir. Döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary, deňziň üstünden öwüsýän jana şypaly howa, baglaryň, gülleriň anbar ysy, tebigatyň gözelligi dynç alýanlarda bu ýere ýene-de gelmäge höwesi döredýär.

«Balkan» dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminiň her tapgyrynda 100 çaga kabul edilýär. Merkeziň agzybir işgärleri  ýaş nesilleriň ýokary derejede dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly, şadyýan geçirmekleri üçin yhlaslaryny, tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Bu ýerde çagalar kitap okaýarlar, dürli oýunlary oýnaýarlar, sport ýaryşlaryna gatnaşýarlar, wagtly-wagtyna naharlanyp, kadaly ukularyny alýarlar. Bagtyýar çagalaryň ýüz-gözlerindäki şatlyk alamatlaryny göreniňde, sagaldyş we dynç alyş merkeziniň işgärleriniň tagallalarynyň ýerine düşýändigine göz ýetirýärsiň.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň tomusky dynç alyş möwsüminde özleriniň dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri babatda döredilen ajaýyp şert-mümkinçilikler üçin raýatlarymyzyň, şol sanda bagtyýar çagalaryň Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary egsilmeýär.

Awaza, Türkmenbaşy şäherindäki Hazar deňziniň kenaryndaky milli syýahatçylyk zolagydyr.

Giňişleýin

Häzirki wagtda welaýat boýunça 162 sany umumy bilim berýän orta mekdep, 167 sany mekdebe çenli çagalar edaralary hereket edýär.

Giňişleýin

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda Balkanabat şäherinde umumy meýdany 8 100 inedördül metr bolan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň binasy gurlup ulanmaga berildi.

Giňişleýin

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda Balkan welaýatynda hem uly işler alnyp barylýar.

Giňişleýin

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamy hem uly ösüşlere beslenýär.

Giňişleýin

Häzirki wagtda 20 sany sport mekdepleri we 6 sany sport desagalary hereket edýär. Welaýat boýunça jemi sportuň 30-a golaý görnüşi boýunça türgenleşik işleri alnyp barylýar.

Giňişleýin