Habarlar

Gülüň owadan!

03.07.2026

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde          geçirilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrlarynda öňe saýlanan çeper elli zenanlar gatnaşdylar. Mährem ejelerimizden, ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işlerimiziň esasylarynyň biri bolan gülli keçelerimiz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Keçelerimizde halkymyzyň şöhratly taryhynyň many-mazmuny, tebigatymyzyň gözel keşbi... jemlenendir. Şeýle bolansoň, olar halkymyzyň buýsanjyna öwrülip, döwürlerden döwürlere geçip gelýär. Muňa «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gelin-gyzlaryň arasynda geçirilen keçe bäsleşiginde-de aýdyň göz ýetirmek boldy.

Milli keçelerimiziň nusgalarynyň taýýarlanylyşyny açyp görkezmegi, ýaşlarda zenan edebini, tebigy gözelligi, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemegi we el işlerimize bolan höwesi artdyrmagy maksat edinen bäsleşige gatnaşan zenanlar onuň şertlerine laýyklykda, keçe taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmekde birek-birekden kem durmadylar. Olar ýüňi saýlamagyň, saýmagyň, daramagyň, boýamagyň, keçe güllemegiň we ony ýasamagyň usullary barada gürrüň berdiler. Şeýle-de milli aýratynlyklara görä nagyşlary salyp, keçe güllemekde öz başarnyklaryny görkezdiler. Soňra zenanlar keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, rowaýatlary, gazallary aýtdylar. Döwrümiziň, şöhratly ýylymyzyň we ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine sary alyp barýan, milli gymmatlyklarymyza nusgalyk derejede hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň waspyny çeper sözlerde beýan etdiler.

Bäsleşigiň jemi jemlenilende, Balkanabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çeper bezegçisi Amantäç Bagyýewa we Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa toparynyň bagşysy Aýsoltan Allagulyýewa baş baýraga mynasyp boldular. Bereket etrabyndaky 8-nji çagalar bagynyň işgäri Ajapgül Gurbandurdyýewa we şol etrabyň 5-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gültäç Kakajanowa birinji, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Abat Mämmedowa we şol etrabyň Çaloýuk geňeşliginiň Geňeşiniň hünärmeni Ogulsapar Täçgeldiýewa ikinji, Gyzylarbat etrap Janahyr bekedi oba medeniýet öýüniň müdiri Gülzada Şyhdurdyýewa hem-de Gyzylarbat etrap medeniýet merkeziniň çeper ýolbaşçysy Altyn Atanyýazowa üçünji orunlary eýelediler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda sowgatlar gowşuryldy. Baş baýragyň eýeleri bolsa onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.