«Dostluk» nebit gämisi — dostlugyň dabaralanmagy
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýakynda Azerbaýjan Respublikasyna
amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda dostlukly döwlet tarapyndan ýurdumyza sowgat
berlen «Dostluk» nebit tankeriniň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda garşylanyş
dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň
Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, welaýat, Türkmenbaşy şäher
häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il
sylagly ýaşulular, mährem eneler, medeniýet we sungat işgärleri hem-de talyp
ýaşlar gatnaşdylar.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda geçirilen dabarada
türkmen-azerbaýjan dostlugynyň nyşany bolan «Dostluk» nebit tankeri türkmen
halkynyň milli däplerine laýyklykda ak un sepilip, üzärlik tütedilip garşy
alyndy.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň 22-23-nji
iýunda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň netijesinde, iki goňşy halkyň bähbitlerine gönükdirilen
resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi iki ýurduň arasyndaky goňşuçylyk we
özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge täze möhüm şertleri üpjün etdi. Dabarada
çykyş edenler bular barada buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, folklor
toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan
aýdym-sazlar dabara gatnaşanlaryň ruhuny has-da belende göterdi.
Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala
aşyrýan il-ýurt bähbitli işleri, türkmen-azerbaýjan dost-doganlygy wasp edildi.
Soňra dabara gatnaşyjylar «Dostluk» nebit
tankeriniň iş mümkinçilikleri bilen tanyş boldular. Nebit tankeriniň umumy
uzynlygy 141 metr bolup, onuň ini 16,9 metr, ýük göterijiligi bolsa 8 müň tonna
barabardyr. Dabarada ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp
barýan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden
hoşallyk sözleri aýdyldy.