Habarlar

Welaýatymyzda gowaça ekişine guramaçylykly girişildi

25.03.2026

      Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasyndan ruhlanyp, welaýatymyzyň pagtaçy daýhanlary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň gowaça ekişine guramaçylykly girişdiler. Ykbalyny ene topraga baglan babadaýhanlar üçin jogapkärli möwsümiň başlanmagy mynasybetli welaýat häkimliginiň guramagynda «Ak pataňyz üçin sag bol, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň oba hojalygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijeleri dogrusynda buýsanç bilen gürrüň edildi.

Maslahatda gowaça ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýokary guramaçylykda geçirmekde öňde durýan wezipeler barada hem durlup geçildi. Ekişde tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanmak, olaryň bökdençsiz işledilmegini gazanmak meselelerine üns çekildi. Daýhanlaryň yhlasly, halal zähmeti üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylan hoşallyk sözleri maslahatyň tutuş dowamynda joşgunly ýaňlandy.

         Gyzylarbat etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginiň bereket eçilýän ekin meýdanynda gowaça ekişiniň başlanmagy mynasybetli guralan dabara toý ruhuna beslendi. Alty ganat ak öýleriň, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alnan häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň owadan hatarlary, agrosenagat toplumynyň köp görnüşli önümleriniň, taryhy-medeni gymmatlyklarymyzyň, dürli el işleriniň, neçjarçylyk sungatynyň sergileri, döwrebap şygarlar, ümeçilik däp-dessurlaryny, daýhan durmuşyny beýan edýän pursatlar dabaranyň mazmun baýlygyny artdyrdy. Ajaýyp sahnada medeniýet we sungat ussatlarymyzyň giňden ýaýbaňlandyran joşgunly çykyşlary dabaranyň şatlyk-şowhunynyň üstüni ýetirip, daýhanlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda, ýerine ýetirilen milli tanslardyr folklor çykyşlarynda Milli Liderimiziň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda gazanylýan bedew batly ösüşleriň, bagtyýar durmuşymyzyň, ähli üstünliklerimiziň binýady bolan beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly senesiniň, ýer eýeleriniň nusgalyk zähmetiniň waspy ýetirildi.

         Göwünleri galkyndyryp, ruhuňy belende göterýän toý şowhuny astynda il sylagly ýaşulular halkymyza mahsus asylly däbe eýerip, ekişe birkemsiz taýýar edilen ene topraga ýagşy arzuw-niýetler bilen ilkinji gowaça çigitlerini sepdiler. Soňra alyslara ýaýylyp gidýän ekin meýdanyny gowaça ekişini köpçülikleýin dowam etdiren ýokary öndürijilikli tehnikalaryň sazlaşykly sesleri gurşap aldy.

Ýeri gelende aýtsak, ýerleri ekişe taýýarlamakda tehnikalaryň 125-si netijeli işledildi. Ekiş möwsüminiň dowamynda ekiji tehnikalaryň 35-si daýhanlaryň hyzmatynda bolup, işleriň ýokary hilli we bellenilen möhletlerde tamamlanmagyna ýardam eder. Kebşirleýjileri, abatlaýjylary we tehniki ussalary özünde jemleýän, zerur bolan dürli serişdeler bilen üpjün edilen hyzmat ediş toparlarynyň 19-sy möwsümiň tutuş dowamynda iş üstünde bolup, tehnikalaryň bökdençsiz, saz işlemegine mynasyp goşantlaryny goşarlar. Munuň özi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanjak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 13 müň gektar meýdana gowaça ekip, ondan 16 müň tonna pagta hasylyny ýygnamagy meýilleşdirýän welaýatymyzyň ýer eýeleriniň bu asylly maksadynyň myradyna gowuşmagyna düýpli ýardam berer.