Habarlar

Ýokary ruhubelentlige beslenen çäre

21.03.2026

Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň çäginde ählihalk bag ekmek dabarasynyň welaýat boýunça esasy çäresi geçirilip, oňa welaýatymyzyň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, edara-kärhanalaryň zähmet toparlary hem-de talyp ýaşlar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Milli Bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň dabaralary bilen utgaşykly geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynda baglaryň ilkinji nahallaryny oturtmaklygyň ýaşuly nesliň wekillerine, köp çagaly enelere, ýaş çatynjalara hem-de röwşen geljegimiziň eýeleri bolan körpelere ynanylmagy çuň many-mazmuna eýe boldy.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren  döwrebap aýdym-sazlary bag nahallaryny oturtmak üçin ýygnanan adamlara ruhy lezzet paýlady. Täsirli we şowhuny ýaňlanan aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, «Ga­raş­syz, baky Bi­ta­rap Türkmenis­tan­ —­ bedew bat­ly at-myradyň meka­ny» ýylynyň rowaç ösüşleriniň, erkana durmuşymyzyň, tebigat gözellikleriniň waspy ýetirildi.

Dabaranyň geçýän ýerlerinde ak öýler dikilip, sergiler giňden ýaýbaňlandyryldy. Olarda daýhançylyk gurallary, agaç ussalarynyň ýerine ýetiren işleri, küýzegärçilik önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Ajaýyp güller, täsin ösümlikler, ýaş bag nahallarynyň dürli görnüşleri ýurdumyzda bagy-bossanlyga öwürmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Muzeý gymmatlyklaryndan, senetçilige, amal-haşam sungatynyň el işlerine degişli  önümlerden guralan sergiler hem aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Sportuň dürli görnüşleri boýunça guralan dürli bäsleşikler, görkezme çykyşlary aýratyn täsirli boldy.

Ählihalk dabarasynyň dowamynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň golaýynda bölünip berlen 4 gektar meýdanda 10 müň düýp bag nahaly ekildi. Şol gün tutuş welaýat boýunça bag nahallarynyň 35 müň 888 düýbi oturdyldy. Olaryň 25 müň 165-si saýaly we pürli, 10 müň 723-si miweli baglaryň nahallarydyr. Şeýle hem şol gün ozaldan ösüp oturan  baglaryň 60 müňe golaýyna ideg işleri ýola goýuldy.