Parahatçylygyň ruhy joşguny

Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary
merkezinde welaýat medeniýet müdirliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde yglan eden «Tans sungaty —
parahatçylygyň ruhy joşguny» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
Etrap-şäher medeniýet merkezleriniň tans we folklor
toparlarynyň arasynda geçirilen bäsleşigiň esasy maksady hormatly
Prezidentimiziň milli medeniýetimizi ösdürmekde alyp barýan beýik
başlangyçlaryndan ugur alyp, medeniýeti, sungaty, halk döredijiligini has-da
kämilleşdirmekden, halkymyza edilýän medeni hyzmatlaryň hilini
ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
Bäsleşige gatnaşan toparlar onda görkezilen iki şert
boýunça güýç synanyşdylar. Milli halk aýdym-sazlarymyzy, tanslarymyzy ýerine
ýetirdiler. Şeýle-de düzüminde 15-20 sany agza bolan toparlar gatnaşyp,
folklordan bir parçany ýerine ýetirdiler.
Bäsleşikde oňa gatnaşan döredijilik tans toparlarynyň
ýerine ýetirijilik ussatlyklaryna, tansyň milliligine, folkloryň häsiýetleriniň
manysyna, egin-eşikleriniň kybapdaşlygyna, döwrebaplygyna hemmetaraplaýyn baha
beren emin agzalarynyň gelen netijesi bilen, folklor toparlary boýunça
Balkanabat şäher medeniýet bölüminiň «Şapak» folklor döredijilik topary baş
baýraga, Gyzylarbat etrap medeniýet bölüminiň döredijilik folklor topary
birinji, Magtymguly etrap medeniýet bölüminiň «Sumbar» halk folklor topary
ikinji, Esenguly etrap medeniýet bölüminiň «Küştdepdi» folklor döredijilik
topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Tans toparlaryndan Gyzylarbat
etrabynyň «Misserian» tans topary baş baýraga, Magtymguly etrabynyň «Elwan»
tans topary birinji, Türkmenbaşy şäheriniň «Ýaşlyk» tans topary ikinji we
Türkmenbaşy etrabynyň «Kenar» tans topary bolsa üçünji orunlara eýe çykdylar.