Habarlar

Tikinçi zenanlaryň bäsleşigi

05.02.2025

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Türkmen zenanlarynyň nusgalyk ýoluny dowam etdirýän, edara-kärhanalarda zähmet çekmek bilen birlikde, tikinçilik bilen yzygiderli meşgullanýan, milli egin-eşiklerimizi biçmekde hem tikmekde görelde görkezýän tikinçi zenanlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň welaýat tapgyryna onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan gelin-gyzlar gatnaşdylar. Çeper elli zenanlaryň tikinçilik sungatyna bolan yhlas-başarnygyny açyp görkezmek, olaryň hünär ussatlygyny has-da kämilleşdirmek, zähmet öndürijiligini artdyrmak, ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan belent söýgi-buýsançlaryny wagyz etmek bäsleşigiň esasy maksady boldy.

«Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda işlemäge, hünär öwrenmäge, telekeçilik bilen meşgullanmaga döredilýän ajaýyp şert-mümkinçilikler hem-de tikýän egin-eşikleriniň milliligi, aýratynlygy barada gürrüň berdiler. Bellenilen wagt aralygynda gyzjagazlara köýnek biçmekde, tikmekde öz ezberliklerini görkezdiler. Ýeň-ýakalara salynýan nagyşlary we olaryň şekilleriniň aýratynlyklaryny, aňladýan manylaryny, köýnek tikmekde matalaryň saýlanylyşyny, biçilişini we tikilişini goşgularda, gazallarda beýan etdiler. Türkmen zenanlarynyň görelde mekdebine öwrülen Ogulabat ejäniň döreden amaly-haşam sungatynyň nusgalaryndan ugur alyp, öz tiken döwrebap milli türkmen lybaslarynyň görkezilişini guradylar. Milli gymmatlyklarymyzyň, lybaslarymyzyň waspyny rowaýatlaryň, gazallaryň üsti bilen ýetirdiler.

Gyzykly hem täsirli geçen, milli lybaslarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanjy artdyran bäsleşigiň jemi jemlenilende, Bereket etrabyndaky 7-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gültäç Aşyrowa, şol etrabyň 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Tylla Guljykowa we Bereket tikin kärhanasynyň tikinçisi Aýjahan Amanowa birinji orunlara mynasyp boldular. Ikinji orunlary Gyzylarbat etrabynyň «Maral» tikinçilik öýüniň tikinçileri Tawus Çaryýewa, Maýsa Welmyradowa, Şemşat Durdyýewa, üçünji orunlary Türkmenbaşy etrabyndaky 3-nji çagalar bagynyň müdiri Gurbanbibi Esenowa, terbiýeçisi Gülşat Berdinýazowa we aýdym-saz mugallymy Nurgözel Mergenowa eýelemegi başardylar. Birinji orna mynasyp bolanlar bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşige ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň Hormat hatlary we sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.