Habarlar

Ýaşulularyň halkara gününiň dabaralary

02.10.2024

Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçiren baýramçylyk dabarasynyň arzyly myhmanlary dilleri senaly aksakgal gojalar, mährem eneler, zähmet weteranlary boldular. Baýramçylyk dabarasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde ýaşuly nesle sylag-sarpanyň egsilmezdigi, eziz Diýarymyzda il-ýurt bähbitli amala aşyrylýan ägirt uly işleriň her birine pähim-paýhasyň mekdebi bolan ýaşulular bilen maslahatly badalga berilýändigi barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan ildeşlerimiziň joşgunly çykyşlary dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Dabaranyň dowamynda il-sylagly ýaşululara, mährem enelere welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda  gowşuryldy.

Baýramçylyk dabaralary soňra welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada dowam etdi. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň dutarçy talyp ýaşlarynyň hem-de  welaýatyň adygan aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlarynda «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rowaçlyklarynyň, ýaşululara goýulýan sylag-sarpanyň, eşretli ýaşaýşymyzyň, bagtly durmuşymyzyň waspy mynasyp beýanyny tapdy.        

Welaýatyň il sylagly ýaşulularynyň gatnaşmagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna, welaýat kitaphanasyna, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş we Magtymguly Pyragy muzeýlerine guralan gezelençler hem täsirli boldy.