Habarlar

Işler sazlaşykly alnyp barylýar

24.07.2024

Galla hasylyny senagat taýdan gaýtadan işlemekde «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasyndaky degirmen toplumynda sazlaşykly işler alnyp barylýar. Ýyllyk önümçilik kuwwaty 50 müň tonna çenli un öndürmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman kärhanasynda däne saklamak üçin niýetlenilen ammar-çelekleriň 6-sy bolup, olaryň her biriniň göwrümi 8 müň 333 tonna deňdir. Munuň özi kärhanada, umumylykda alanyňda, birwagtda 50 müň tonna barabar galla hasylyny talaba laýyk saklamak üçin şertleriň döredilendigini tassyklaýar.

 Kärhanada önümçilik bölüminiň, elektrik bekediniň, suw arassalaýjy desganyň, däne ýükläp-düşürmäge niýetlenilen bölümiň, ammar jaýlarynyň, döwrebap edara binasynyň, arassaçylyk-durmuş gullugy binasynyň, suw, elektrik, lagym geçirijileriniň gurulmagy işleriň sazlaşykly we netijeli alnyp barylmagyny şertlendirýär. Kärhana awtoulag ýoly bilen birlikde, demir ýol şahasynyň hem gelmegi ýygnalýan galla hasylyny bökdençsiz kabul etmekde hem-de öndürilýän önümleri sarp edijilere yzygiderli ugratmakda wajyp ähmiýete eýedir.

Degirmen toplumynda häzirki günlerde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň galla hasylyny gaýtadan işläp, olardan un hem-de mallar üçin niýetlenen önümleri öndürmekde netijeli zähmet joş urýar. Munuň şeýledigine ýylyň geçen hasabat döwründe iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan 14 müň 508 tonna derek 19 müň 370 tonna dänäniň üwelmegi hem şaýatlyk edýär. Kärhana bu babatda öňde goýlan iş meýilnamasyna 134 göterim hötde gelmegi başardy. Geçen döwürde gaýtadan işlenilen şonça möçberdäki galladan alnan unuň 4 müň 843 tonnasy ýokary, 9 müň 685 tonnasy bolsa birinji sortly una degişli boldy.