Habarlar

Belent owazlar joşgunly ýaňlandy

07.06.2024

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa gatnaşan bagşy-sazandalar, bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, türkmen halk aýdymlaryny hem-de halk sazlaryny, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Bäsleşik milli aýdym-saz sungatyna höwesli  ýaşlaryň  barha köpelýändigini  aýdyň görkezdi. Netijede, bagşylaryň arasynda welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Nurberdi Gulow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň 4-nji ýyl talyby Sahydursun Mätiýewa öňdeligi eýelediler. Sazandalaryň arasynda bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 1-nji ýyl talyby Öwezgeldi Gutlyýew hem-de welaýat ýörite sungat mekdebiniň 3-nji ýyl talyby Dawut Gulbaýew dutarda saz çalmakda has tapawutlanyp, ýe­ňiji bolmagy başardylar. Olar bäsleşigiň ýurdumyz boýunça geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.