Sporta, sagdynlyga belent sarpanyň nyşany
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 3-nji iýunynda ýurdumyzyň
başlangyjy bilen dünýä döwletleriniň senenamasynda hemişelik orun alan
Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçildi.
Ýer ýüzünde sporta, sagdynlyga sarpa goýýan her bir adamyň söýgüli senesine
öwrülen Bütindünýä welosiped gününiň çäreleri welaýatymyzda hem ýokary
ruhubelentlige beslendi. Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň
öňündäki meýdançada ýaýbaňlanan aýdym-sazly medeni-sport çäresi halkara senäniň
özboluşly badalgasyna öwrülip, oňa şaýat bolanlaryň kalplarynda ýurdumyza,
döwrümize, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerine buýsanç
duýgularynyň has-da artandygyny ikirjiňlenmän aýtsa bolar. Bu ýerde ýaňlanan
aýdym-sazlarda hem hut şol ajaýyplyklaryň waspy belentden ýetirildi. Ýaşajyk
türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary, joşgun bilen
ýerine ýetirilen döwrebap tanslar, sport maşklary baýramçylygyň many-mazmunyny
has-da artdyrdy.
Aýdym-sazyň belent owazynyň astynda dürli reňkdäki şarlaryň al-asmana
uçurylmagy bilen badalga berlen köpçülikleýin welosipedli ýöriş Bütindünýä
welosiped gününiň esasy çäresi boldy. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan
«Ilkinjiler» ýadygärligine çenli birnäçe kilometre uzan ýörişi edara-kärhanalaryň,
guramalaryň işgärleri, talyp ýaşlar ýokary ruhubelentlikde geçdiler.
Halkara senä bagyşlanan dürli çäreler
welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem giň gerime eýe boldy.