Täze metjit açyldy
Mukaddes Oraza
aýynyň Gadyr gijesiniň hormatyna Balkanabat şäheriniň kenarýaka Hazar şäherçesinde
täze metjit açylyp ulanmaga berildi.
Welaýatymyzyň dürli künjeklerinden
gelen il sylagly ýaşulular täze metjidiň açylyş çäresiniň dowamynda bu ajaýyp ymaratyň
içine aýlanyp, onda däp-dessurlarymyzy berjaý etmek üçin döredilen ähli amatlyklar
bilen içgin tanyşdylar. Olar metjidiň döwrebap mümkinçiliklerine göz ýetirip,
halkymyzyň dini ynançlaryny we garaýyşlaryny erkin berjaý etmegi üçin ähli
şertleri döredýän, milli medeniýetimizi we mirasymyzy täze belentliklere
göterýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş
sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň müftüsiniň
müdiriýetiniň buýurmasy esasynda gurlan Balkanabat şäheriniň Hazar
şäherçesindäki täze metjidi ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň agzasy bolan «Aga gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri
öňdebaryjy tehnologiýalary, döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini
ulanmak bilen bina etdiler. Metjidiň merkezi gümmeziniň depesinde Aýyň altyn
çaýylan şekili goýlupdyr. Täze metjidiň haşamlanyp timarlanan minaralarynyň
dördüsi ymarata aýratyn görk berýär.
Bir wagtda 500 adamyň namaz okamagy
üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilen binanyň içki bezeglerinde deňiz
tolkunlarynyň, balyk teňňeleriniň şekilleri juda ussatlyk bilen ýerine
ýetirilipdir. Şeýle hem bu ýerde 500 orunlyk sadaka jaýy gurlup, metjitdäki we
sadaka jaýyndaky çyralaryň şekilleriniň gämi we ýelken görnüşlerinde bolmagy Hazar şäherçesiniň
balykçylaryň gadymy we şöhratly mekanydygyny
aňladýar. Täze metjidiň çäginde
awtoulaglar üçin ýörite duralga hem bar. Deňiz ýakasynda bina edilen metjit özüniň diňe bir binagärlik keşbi,
içerki we daşarky bezegleri bilen däl-de, eýsem, ýanaşyk ýerleriniň
bagy-bossanlyga bürelendigi bilen hem tapawutlanýar. Metjit agşamlaryna özüniň
älemgoşar öwüşginli yşyklary bilen daş-töwerege nur çaýyp, şäherçäniň görküne
özboluşly nuranalyk keşbini eçilýär.
Hazar şäherçesine özboluşly bezeg
berýän täze metjitde agzaçar sadakasy berildi. Onda edilen aýat-töwirlerde
Gahryman hajy Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyza bark jan
saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli
amala aşyrýan beýik işlerinde ebedi rowaçlyk, berkarar döwletimize gülläp ösüş,
halkymyza baky bagtyýarlyk dileg edildi.