Ýokary hilli önümler

Bereket şäherindäki kämil önümçilik enjamlary bilen üpjün edilen ýod
önümçiligi kärhanasynda öndürilýän önümler müşderileriň artýan isleglerinden
peýdalanýar. Dünýä ylmynyň iň soňky gazanan enjamlary ornaşdyrylan
kärhananyň bu ýerde gurulmagy ýurdumyzyň günbatar sebitinde gymmatly çig
mal bolan ýoduň uly gorlarynyň jemlenenligi bilen baglanyşyklydyr. Ýeri gelende
aýtsak, döwrebap kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda ýodly taýajyklaryň 250
millionyny, ýodly galamlaryň 50 millionyny, diş serişdeleriniň bolsa 500 müň
sanysyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Şunuň ýaly önümçilik
mümkinçiliklerine eýe bolan kärhanada ýylyň başyndan bäri 8 million 44 müň
manatlyga barabar lukmançylyk serişdeleri öndürilip, 124 göterim zähmet
üstünligi gazanyldy. Kärhanada öndürilýän önümler ýokary hil derejesi arkaly
tapawutlanýar.