Habarlar
27.06.2025

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 27-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Medeniýet hepdeligini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, 2026-njy ýylda Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Karara gol çekmegi welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň kalplaryny egsilmez buýsanja, guwanja besledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul eden bu çözgüdi mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen hoşallyk maslahaty muny aýdyň görkezdi. Ondaky buýsançly çykyşlarda nygtalyşy ýaly, geljek ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda welaýatymyzda geçiriljek Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolar. Sebäbi bu sungat baýramy medeniýet we sungat işgärlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy tutumlaryny, bagtyýar durmuşymyzy, röwşen geljegimizi, berkarar ýurdumyzyň barha belende göterilýän abraý-mertebesini, şan-şöhratyny wasp etmekde has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Şeýle hem umumadamzat ösüşine mynasyp goşant goşýan medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň täze ösüşlere eýe bolýandygyny, baýlaşýandygyny görkezýär.

Joşgunly aýdym-sazlara beslenen maslahatda medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde dünýä ýaýmakda şeýle uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

27.06.2025

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda welaýatymyzda ýaýbaňlandyrylan çäreler biri-birine ulaşdy. Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki meýdançada, Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesinde gojaman Hazar deňziniň kenarynda geçirilen baýramçylyk çäreleri şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslendi. Baýramçylygyň esasy dabarasy bolsa Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirildi. Oňa welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, bagtyýar ýaşaýjylar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasy welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy bilen açyldy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary joşgunly tanslar bilen utgaşyp, olarda söz ussady Magtymguly Pyragynyň,  medeniýetimiziň, sungatymyzyň, täze taryhy döwrümiziň beýik ösüş-özgerişleriniň waspy belentden ýetirildi. Ussat şahyryň şygyrlaryna döredilen türkmen halk aýdymlary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Folklor toparlaryň ýerine ýetiren joşgunly tanslaryna, küştdepdidir gazallaryna, welaýat drama teatrynyň artistleriniň ussat şahyra bagyşlap taýýarlan sahna oýnundan bölege uly gyzyklanma bilen tomaşa edildi. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergide muzeý gymmatlyklaryna, milli aýratynlyklarymyzy şöhlelendirýän, asyrlaryň synagyndan geçip, biziň şu günlerimize gelip ýeten amaly-haşam sungatynyň önümlerine, el işlerine, neşir önümlerine we beýleki sungat eserlerine giň orun berildi.

Türkmen medeniýeti we sungaty barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyşly sözler baýramçylyk dabarasynyň dowamynda joşgunly ýaňlandy. 

18.06.2025

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde şu günler bagtyýar ýaş nesiller tomusky dynç alyş möwsüminiň hezilliklerden doly günlerini başdan geçirýärler. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde hem ýaş nesiller iň oňat şertlerde dynç alýarlar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde ýaş nesilleriň wagtlaryny şadyýan hem gyzykly geçirmegi, oňat dynç almagy, bedenlerini berkitmegi, ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmagy üçin döredilen şert-mümkinçilikler bilen tanyş bolanyňda, göwnüň hoş bolýar. Bu merkezde täze okuw ýylyna çenli, ýagny tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar tapgyrma-tapgyr dynç alýarlar we her tapgyrda 280 çaga kabul edilýär.  Häzirki wagtda bu ýerde ýurdumyzyň çar künjeginden gelen deň-duşlary bilen tanyşýan we dostlaşýan körpeleriň şatlygyna şaýat bolanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň olar hakyndaky aladalarynyň öz ajaýyp miwelerini berýändigine göz ýetirýärsiň.

«Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan körpeleriň arasynda dürli bäsleşikler, sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Olar sportuň dürli ugurlary boýunça güýç synanyşýarlar, aýdym aýtmakda, goşgy okamakda, surat çekmekde başarnyklaryny görkezýärler. Merkezdäki kompýuter otagy, kitaphana, naharhana, sport zaly we meýdançasy, howuz… körpeleriň hyzmatynda. Olar kitaphanada gyzykly ertekileri okaýarlar. Dürli gurnaklara gatnap, aýdym aýdýarlar, saz çalýarlar. Muzeýlerdäki taryhy gymmatlyklar bilen tanyş bolýarlar. Deňziň kenarynda gezelenç edýärler. Ol ýerde köpçülikleýin sport maşklaryny höwes bilen ýerine ýetirýärler. «Jadyly kenar», «Älemgoşar», «Deňiz merjeni» oýun-attraksionly seýilgählere guralýan gezelençler has-da täsirli bolup, çagalar ol ýerlerde dürli oýunlary oýnaýarlar, hiňňildiklerde uçýarlar.

Hawa, «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar bu ýerde hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalýar, olaryň özleri üçin iň ýokary derejede edilýän hyzmatlardan göwünleri örän hoş.

11.06.2025

Galla oragyna badalga berilmeginiň öň ýanynda welaýat häkimliginde geçirilen geňeş-maslahat işjeň häsiýete eýe boldy. Welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, oba hojalygyna dahylly edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň we jogapkär işgärleriniň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň, tejribeli kärendeçileriň, şeýle-de il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilen geňeş-maslahatda  welaýatymyzda galla oragyny öz möhletinde ýokary hilli geçirip, Watan harmanyna 80 müň tonna azyklyk däne tabşyrmak baradaky meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek babatda öňde durýan wezipeler hakynda gürrüň edildi.

Soňra galla oragynyň başlanmagy mynasybetli dabara  Bereket etrabyndaky  «Nusgawy meýdan» daýhan hojalygynyň  ekin meýdanynda dowam etdi. Bu ýerde  hormatly Prezidentimiziň  ak patasyna  eýerilip, asylly däbe görä, sylag-sarpaly ýaşulularyň «Bismilla» diýen senaly sözleri bilen galla oragyna  girişildi.

Welaýatymyzyň ýer eýeleri tutanýerli zähmet çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramlarynyň dabaraly bellenjek ýylynda azyklyk guşgursak dänäniň bitginli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Galla oragynda işlediljek «СLAAS» we «Joon Deer» kysymly kombaýnlaryň 102-niň öndürijilikli işledilmegi üçin düzüminde mehanikler, sazlaýjylar, kebşirleýjiler bolan ýörite tehniki hyzmat ediş toparlarynyň 16-sy döredildi. Ýangyç-ýaglaýyş serişdeleri, zerur ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün edilen bu toparlar hemişe iş üstünde bolarlar. Azyklyk bugdaýy Gyzylarbat hem-de Bereket  etraplaryndaky galla kabul ediş kärhanalaryna öz wagtynda ýitgisiz daşamak üçin awtoulaglaryň 510-sy bökdençsiz  işlediler. Galla kabul ediş nokatlarynyň hem-de Gyzylarbat etrabynda her biri 50 müň we 30 müň  tonna  däne  saklamaga  niýetlenen elewatorlaryň, dänäniň hilini kesgitlejek  barlamhanalaryň, ammarlaryň irgözinden taýýarlanyp goýulmagy möwsümiň ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçjekdigine şaýatlyk edýär.

 Dabaranyň geçýän ýerinde guralan usuly-amaly maslahatda oba hojalyk toplumynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň hünärmenleri, welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, ýol gözegçilik gullugynyň wekilleri çykyş edip, kombaýnlaryň iş düzgünleri, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegiň möhüm ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Bu ýerde atarylan toý  gazanlarynda milli tagamlar taýýarlanyp toý pişmeleridir çelpekleri bişirildi. Hatara dikilen altyganat ak öýleriň ýanynda türkmen halylary bilen bezelen telärlerde gelin-gyzlaryň ümeleri, monjugatdylarydyr läleleri, joşgunly gazallary, sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlary, tans we halk döredijilik toparlarynyň şowhunly çykyşlary gallaçylary belent üstünliklere ruhlandyrdy. Ekerançylyga we maldarçylyga degişli oba hojalyk önümleriniň sergisi  köpleriň ünsüni özüne çekdi.  Oba hojalyk toplumynyň gaýtadan işleýän senagatynyň, çörek we çörek önümleriniň, senetkärçilige, halyçylyga, zergärçilige hem-de sungatyň beýleki görnüşlerine degişli sergiler hem täsirli boldy. Dürli sport çäreleri özboluşlylygy, ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy.

        Soňra ýygnalan  dänäniň ilkinji tonnalary ýüklenen awtoulaglaryň kerweni «Balkangallaönümleri»  önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasyndaky galla kabul ediş bölümine  tarap ugradyldy. Olar galla kabul ediş bölüminde dabaraly ýagdaýda garşy alyndy. Bu ýerde ussat gallaçylara  hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

10.06.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilip geçilen Gurban baýramy welaýatymyzda hem il agzybirliginiň, hoşniýetliliginiň, ynsanperwerliginiň dabaralanmasyna öwrüldi. Her bir ojakda giň gerim bilen garşylanyp, üç günläp toý-dabaralara beslenen bu baýramyň  şatlyk-şowhuny ýetik boldy. Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen baýramçylyk dabaralary munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk etdi. Çuň mazmuna beslenen baýramçylyk çäreleriniň geçýän ýerinde birkemsiz bezelen altyganat ak öýlerde toý supralary giňden ýazyldy. Toý tagamlaryndan dadan adamlar ýeneki ýyllarda Gurban baýramynyň il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda gelmegini Beýik Biribardan dileg etdiler. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, giňden ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam, el işleriň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergileri, toý gazanlarynda taýýarlanylan milli tagamlar Gurban baýramynyň dabarasyny has-da artdyrdy. Ýaşlar belent-belent bat alyp, hiňňildiklerde uçdular. Milli oýunlaryň dürli görnüşleri bilen gümra bolýan körpeleri synlamak has-da ýakymly boldy. Welaýatymyzyň sungat ussatlary özleriniň joşgunly aýdym-sazlary bilen toýa gelenlere ruhy lezzet paýladylar. Şirin aýdymlarda täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik tutumlary, Gurban baýramyň mukaddesligi, ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler, ýurt Garaşsyzlygymyz, baky Bitaraplygymyz, halkymyzyň asudalygy, agzybirligi, dost-doganlyk wasp edildi. Halk döredijilik we tans toparlarynyň çykyşlary hem uly şowhun bilen garşylandy. Ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary we sportuň dürli görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlar baýramçylygyň dabarasyny artdyrdy.

Ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, agzybirligi, ruhy päkligi, birek-birege sylag-hormaty alamatlandyrýan Gurban baýramyň dabaralary welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem belent joşgunda, ýokary ruhubelentlikde bellenip geçildi.