Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary IX gurultaýy
geçirildi. Ýurdumyzyň iri syýasy guramalarynyň biri bolan Demokratik
partiýadan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgäri hödürlemek
gurultaýyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.
Foruma delegatlar bilen birlikde, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, 11-nji fewralda geçirilen Milli Geňeşiň Halk
Maslahatynyň taryhy mejlisinde döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda milli
ruhly, döwrebap pikirlenýän ýaşlaryň, şol sanda ýaş ýolbaşçylaryň kemala
gelendigi baradaky meselä aýratyn üns berdi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de
durnukly we durmuş-ykdysady taýdan hemmetaraplaýyn ösdürmekde, onuň
dünýä giňişligindäki ornuny berkitmekde örän uly kesgitleýji ähmiýete
eýedigi nazara alnyp, ýaşlara milli döwlet bähbitli jogapkärli işler
ynanylýar.
Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Mejlisiniň karary bilen,
2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji,
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddalaryna laýyklykda,
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek bellenildi. Kodeksiň
bu maddasy saýlawlaryň möhletinden öň geçirilmegine degişlidir.
Ýaýbaňlanan möwsümiň baş ýörelgesi türkmen jemgyýetinde onuň gadymy
demokratik däplerini has-da pugtalandyrmagyň hökmany şerti hökmünde giň
bäsdeşlik esasyndan ybaratdyr.
Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar 2022-nji
ýylyň 14-nji fewralyndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdi,
şoňa görä-de, şu gün milli kanunçylyga laýyklykda, ýokary döwlet
wezipesine dalaşgärleri hödürlemek başlandy.
Häzirki forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň
Prezidentiniň wezipesine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
Serdar Berdimuhamedowy dalaşgärlige hödürlemek baradaky teklibe
garadylar.
Bu mesele boýunça pikir alyşmalarda Demokratik partiýanyň agzalary —
guramanyň işjeňleri çykyş etdiler. Şolaryň hatarynda Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor, Hormatly il
ýaşulusy A.Burunow, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygy
R.Işangulyýew we Lebap welaýat komitetiniň başlygy M.Dosmedow,
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy
Ý.Öwezberdiýew boldy.
Demokratik partiýanyň agzalarynyň çykyşlarynda öňde boljak
saýlawlaryň düýbünden täze taryhy şertlerde geçiriljekdigi nygtaldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda örän uly
özgerişlikler bolup geçdi. Döwletimiziň demokratik esaslaryny
pugtalandyrmakda möhüm ädimler ädildi, durmuş-ykdysady ulgamlary
ösdürmekde hem-de ruhy galkynyşy üpjün etmekde ägirt uly üstünlikler
gazanyldy. Giň gerimli özgertmeler jemgyýetimiziň ýaşaýyş-durmuşynyň
hemme taraplaryny, ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alyp, halkymyzyň
doly goldamagyna we makullamagyna mynasyp boldy.
Biziň hem-de tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň gözüniň alnynda
Türkmenistanda ägirt uly meýilnamalar durmuşa geçirilýär, batyrgaý
pikirleniş iş ýüzünde amala aşyrylyp, anyk häsiýete eýe bolýar, iri
möçberli syýasy, ykdysady, durmuş ulgamyna degişli işler ýurdumyzy
tanalmaz derejede özgertdi, adamlaryň aňyna we düşünjesine örän güýçli
täsir etdi.
Biziň halkymyz döwletimiziň Garaşsyzlyk döwrüniň taryhyndaky täze
tapgyra hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň täze saýlawlaryna şunuň ýaly
kämil dünýägaraýyşly tejribe bilen gelip, jemgyýetimizde dabaralanýan
agzybirlik we jebislik ruhuny ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär.
Türkmen halky ruhy, medeni, syýasy däplerini asyrlaryň jümmüşinden
alyp gelip, şolara özgerişlik ugruny girizmegi hem-de döredijiligiň we
rowaçlygyň özbaşdak giň ýoluna çykmagy başardy. Döwletimiziň adamlaryň
abadançylygyna, bagtyýarlygyna gönükdirilen tutuş ykdysady we durmuş
syýasatynyň özeni şunuň ýaly umumy binýatdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ykdysady,
syýasy we durmuş ugurlarynda başy başlanan ähli ägirt uly we giň
gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi ýaş nesilleriň hem gerdenine
düşýär. Özgertmeleriň üstünligi we halkymyzyň mundan beýläkki
abadançylygy köp babatda hut häzirki ýaş oglan-gyzlaryň aň-paýhasyna,
ukyp-başarnygyna, döredijilikli zähmetine hem-de ylhamyna baglydyr.
Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde
milli Liderimiziň Watanymyzyň hem-de halkymyzyň ykbaly üçin
jogapkärçiligi öz üstüne alyp biljek ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek barada
aýdan pikirleriniň möhümdigi bellenildi. Ýaşuly nesil bu başlangyjy doly
goldaýar, şol başlangyçda döwürleriň we nesilleriň dowamatynyň aýrylmaz
arabaglanyşygyny alamatlandyrýan asylly halypa-şägirtlik ýörelgesi
beýanyny tapýar.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Türkmen döwletiniň
daýanjy we umydy bolan ýaşlar bilen duşuşyklara aýratyn ähmiýet berýär.
Şeýle duşuşyklaryň her biri — okuw mekdeplerinde ýa-da zawod-fabriklerde
bolup geçýän duşuşyklar döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň öňünde
durýan wezipeler we işler baradaky aç-açan söhbetdeşlige, hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir sözi bolsa ýaş
türkmenistanlylar üçin hereket etmegiň maksatnamasyna öwrülýär.
Şu manyda giň, täzeçil, özbaşdak pikirlenip bilýän ýaş zehinli
adamlaryň öňe sürülmegi ýurdumyzyň hut şeýle dalaşgärlere islegi bilen
şertlendirilendir — olar özgertmeleriň dowam etdirilmegi, Watanyň ykbaly
üçin jogapkärçiligi öz üstlerine almaga ukyplydyrlar.
Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti
wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň ajaýyp ýolbaşçylyk we
guramaçylyk häsiýetlerini bellediler. Ol agras hem-de islendik meselä
seslenip bilýän, oňat hojalykçy we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň
tarapdary bolan adam hökmünde kärdeşleriniň hormatyna mynasyp boldy.
Serdar Berdimuhamedow 2001-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetini inžener-tehnolog hünäri boýunça tamamlady.
Halkara gatnaşyklar boýunça hem hünärmen bolmak bilen, ol zähmet ýolunda
Mejlisiň komitetiniň başlygy, daşary işler ministriniň orunbasary, Ahal
welaýatynyň häkiminiň orunbasary, häkimi, senagat we gurluşyk
önümçiligi ministri, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň agzasy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary ýaly wezipeleri eýeläp, dolandyryş işlerini alyp
barmakda baý tejribe toplady.
Gurultaýa gatnaşyjylar ýolbaşçy wezipede bitiren hyzmatlaryny, iş
tejribesini, belent işjeňlik hem-de ahlak häsiýetlerini belläp, ony
ýurdumyzyň iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek
barada çözgüt kabul etdiler.
Çykyşlar tamamlanandan soň Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň
Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemegi makullamak baradaky
kararyň taslamasy sese goýuldy hem-de biragyzdan kabul edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow
bildirilen ynam üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, onuň örän uly
jogapkärçilikdigini hem-de bu ynamy ödemek üçin ähli tagallalary
etjekdigini aýtdy.
Hökümet Baştutanynyň orunbasary ýygnananlaryň öňünde çykyş edip,
eger, özüniň ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda mundan
beýläk hem ata-babalarymyzyň ruhy, mirasyna ýugrulan
ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, ähli-ukyp başarnygyny gaýgyrman,
Watanymyz, halkymyz üçin, milli Liderimiziň taryhy başlangyçlaryny
üstünlikli durmuşa geçirmek, tutanýerli we döredijilikli tutumlar bilen
beýik maksatlara ýetmek ugrunda zähmet çekjekdigine ynandyrdy.
Meniň ähli aladam, baş maksadym mydama halkymyzyň bagtyýar durmuşy,
döwletimizi täze döwürde ösüşlere we galkynyşlara beslenen ýurda öwürmek
ugrundaky tagallalar bolar diýip Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de
Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde duran saýlawlarynyň öz gözbaşyny
asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli demokratiýamyzyň ýokary
mekdebiniň, halk häkimiýetiniň ösdürilmeginiň ýene-de bir hakyky
dabaralanmasy boljakdygyna ynam bildirdi.
2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Milli Geňeşiň Halk
Maslahatynyň taryhy mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň milli Maksatnamasy” tassyklanyldy. Onuň amala aşyrylmagy
biziň öňümizde mähriban halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen belent
maksatlary hem-de wezipeleri goýýar. Şunuň bilen baglylykda, Serdar
Berdimuhamedow bellenen maksatlary amala aşyrmak üçin ähli tagallalary
etjekdigine ynandyrdy.
— Men öz halkyma, onuň belent we mizemez ruhuna, biziň ählimiziň
bilelikde barha jebisleşip, mähriban Arkadagymyzyň ynamyny ödäp, eziz
Türkmenistany has-da özgertjekdigimize, öz ajaýyp, bagtyýar geljegimizi
gurjakdygymyza pugta ynanýaryn — diýip, döwlet Baştutanynyň wezipesine
dalaşgär aýtdy.
Şeýle hem wise-premýer Demokratik partiýanyň ähli agzalarynyň “Döwlet
adam üçindir!” diýen binýatlyk ýörelgä esaslanyp, ägirt uly
başlangyçlaryň we işleriň amala aşyrylmagynda goldaw berjekdiklerine
ynam bildirdi.
Sözüniň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow uly ynam bildirilip,
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda dalaşgärlige hödürlenilendigi
üçin hoşallyk bildirmek bilen, öz gezeginde, bu ynamy ödemek üçin
zehinini, bilimini gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy.
Dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär. Ýakyn wagtda ýokary döwlet
wezipesine beýleki dalaşgärleriň atlary hem belli bolar. Bu bolsa
Prezident saýlawlarynyň giň bäsdeşlik esasda geçirilýändigine aýdyň
şaýatlyk edýär.
Milli kanunçylyga hem-de halkara tejribä laýyklykda, ähli
dalaşgärlere deň hukuklar we saýlawçylar bilen duşuşyklar hem-de olary
saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalar bilen tanyşdyrmak, wagyz etmek,
şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz işlerini alyp
barmak üçin deň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle çäreleri ýerli ýerine
ýetiriji häkimiýetiň degişli guramalary, kärhanalaryň, edaralaryň hem-de
beýleki düzümleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde guramak saýlaw
toparlarynyň üstüne ýüklenilýär.
Häzirki jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna
hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda geçiriljekdigi aýdyň
hakykatdyr. Bu halkymyzyň köp asyrlardan bäri gelýän hem-de milli
häsiýetiniň özenine öwrülen gadymy halk häkimiýetlilik däplerinden gelip
çykýar.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bu syýasy çärä jemgyýetçilik
gyzyklanmasynyň uludygy düşnüklidir. Çünki döwlet Baştutanynyň saýlawy
ýurdumyzyň halkynyň hem-de her bir raýatyň geljeginiň saýlawydyr.