Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli
Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp
meýdançada tutulan dabara ýaşuly nesliň wekilleriniň, medeniýet, saglygy goraýyş
we bilim ulgamlarynyň işgärleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda baýramçylyk
ýörişi bilen başlandy. Oňa gatnaşyjylar dabaranyň geçýän ýerinde aýdym-sazyň şowhuny
bilen mähirli garşylandy. Welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň,
welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň
Zenanlar birleşiginiň welaýat
bölüminiň bilelikde guran dabarasynda
baýramçylyk gutlaglary buýsançly ýaňlandy. Çykyş edenler döwlet Baştutanymyza
berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli,
dünýä ähmiýetli beýik işlerinde baky rowaçlyklar arzuw etdiler.
Baýramçylyk çäresinde
welaýatymyzyň medeniýet we sungat
ussatlarynyň edebi-sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy.
Olarda türkmen tebigatynyň, bahar paslynyň waspy belentden ýetirildi. Sungat
ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan aýdym-sazlarda, tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza egsilmez söýgi-buýsanç aýdyň beýanyny tapdy. Giňden ýazylan baýramçylyk saçagyny dürli
tagamlar, naz-nygmatlar bezedi. Nowruz tagamlary baýramçylyga gatnaşýan adamlara hödür-kerem edildi. Amaly-haşam
sungatynyň, nusgalyk el işleriniň we
ýaş suratkeşleriň ajaýyp döwrümiziň
buýsançly ösüşlerini aýdyň görkezýän
suratlarynyň sergilerine-de uly orun
berildi. Milli senetçilik, halyçylyk, zergärçilik hem-de sungatyň
beýleki görnüşleri boýunça ýerleşdirilen işler
köpleriň nazarynda boldy. Bu ýerde zenanlaryň el hünärini
mahabatlandyrýan, milli medeni mirasymyzy şöhlelendirýän
ümeçilik dessury döwrebap derejede açylyp görkezildi. Biri-birine utgaşan
çykyşlarda şahandaz ildeşlerimiz ýürek buýsançlaryny gazallaryň, küştdepdileriň
üsti bilen joşgunly beýan etdiler. Sapaly
durmuşymyzyň, türkmen tebigatynyň, ajaýyp
döwrümiziň, daýhan zähmetiniň
tarypyny ýetirýän hoş owazly aýdymlar çar tarapa ýaň saldy.
Balkanabat şäherinde we
welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde Milli bahar
baýramynyň iki günläp dowam eden toý çäreleri gadymy baýramçylygyň kämil däpleriniň ajaýyp zamanamyzda
dowamat-dowamdygyny görkezdi.
Milli bahar baýramynyň — Halkara
Nowruz gününiň çuň mazmunly dabaralary welaýatymyzda ýokary guramaçylyga
beslendi. Geçen ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýlip yglan edilen we Arkadagly Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolan Magtymguly etrabynyň gözel künjeklerinde biri-birine ulaşan
baýramçylyk dabaralary muny aýdyň
görkezdi.
Beýik söz ussadynyň adyny uly hormat bilen göterýän etrabyň ýaşyl begres geýnen, Akderek diýlip atlandyrylýan ýaýlasynda welaýat derejesinde guralan dabara baýramçylyk ýörişinden başlandy. Ýörişe gatnaşýan dürli ýaşdaky adamlar, elleri bugdaý maýsaly zenanlar, bagtyýar çagalar, medeniýet we sungat ussatlary, şeýle-de köp sanly myhmanlar aýdym-sazlaryň şowhuny astynda toý dabarasynyň geçýän ýerine
geldiler. Bu
ýerde olar duz-çörek, göwün göteriji, joşgunly aýdym-sazlaryň hoş owazy bilen garşylandy.
Baýramçylyk dabarasynyň geçýän ýeri hakyky türkmen obasyny ýadyňa salýar. Aga-ýana otlap ýören dowar sürüleri, olary örän sak goraýan
türkmen alabaýlary, owlak-guzularyň
naşyja sesleri, gündelik durmuş
aladalaryna ulaşan zähmetkeş adamlar — bularyň ählisi türkmen obasynyň özboluşly keşbini janlandyryp, synlanlarda durmuşa söýgini has-da joşdurdy. Giňden ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar
dabaranyň möhüm bölegine öwrüldi.
Soňra dabara sebite mahsus täsin miweli baglary, dürli görnüşli ösümlikleri bolan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkeziniň çäginde dowam etdi. Bu ýerde türkmen halkynyň Nowruz
baýramyny toýlamakda gadymdan gelýän hem-de kämilligiň belentliklerine göterilýän özboluşly toý dessurlary berjaý edildi. Giňden ýazylan bereketli toý saçagyny türkmen toýlaryna mahsus naz-nygmatlar hem-de Nowruz tagamlary
bezedi. Bu ýerde guralan sergilerde
ýerleşdirilen, irki döwürlerde daýhanlaryň
ulanan zähmet gurallary, gap-gaçlaryň dürli görnüşleri ekerançylygyň taryhyna gaýybana syýahat etmäge mümkinçilik berdi.
Belentden ýaňlanan aýdym-sazlara, joşgunly tanslara, halk döredijiliginiň
köp öwüşginli çykyşlaryna beslenen
Milli bahar baýramynyň dabarasy uzak wagtlap dowam edip, welaýatymyzyň bagtyýar
ilatynyň milli ruhy ýörelgelerimize, ýokary ynsanperwerlik gymmatlyklarymyza hemişe
ygrarly bolmak bilen, täze taryhy eýýamda
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bu ýörelgeleri has-da baýlaşdyrýandygyny ýene bir ýola tassyklady.
Gyzylarbat etrabynyň çäginde — Garagum
derýasynyň 1006-njy kilometrliginde täze suw sazlaýjy-böwetleýji desga dabaraly
ýagdaýda ulanylmaga berlip, ol welaýatymyzyň oba hojalyk pudagynyň işgärleriniň
durmuşynda möhüm wakalaryň biri boldy.
Täze desganyň açylyş dabarasyna
welaýat, etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylarydyr degişli hünärmenleri,
jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, ýurdumyzyň suw
hojalyk ulgamynyň işgärleri, bagtyýar ýaşlar, ekerançylar, medeniýet we sungat
ussatlary, ýerli ýaşaýjylar ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Bu ýerde dikilen
ak öýleriň öňünde giňden ýaýbaňlandyrylan sergiler dabara ýygnananlaryň üns
merkezinde boldy. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynda
hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ähli
ulgamlarda gazanylýan dünýä nusgalyk ösüşler, bagtyýar ýaşaýşymyz, dirilik
çeşmesi bolan suwuň waspy öz mynasyp beýanyny tapdy.
Geçirijiligi
sekuntda 68,2 kub metr bolan suw sazlaýjy-böwetleýji desganyň welaýatymyzyň
Garagum derýasynyň boýunda ekin dolanyşygyna girizilen ekin meýdanlaryny suw
bilen kadaly üpjün etmekde uly ähmiýeti bolar.
Türkmenistanyň
Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Türkmensuwylmytaslama» instituty
tarapyndan taýýarlanan taslamada amala aşyrylmaly ähli işler göz öňünde
tutulypdyr. Ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Suw
ulgamlaryny we desgalaryny gurmak» boýunça merkezi direksiýasynyň buýurmasy
esasynda bu möhüm desganyň gurluşygyny Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky
döwlet komitetiniň hünärmenleri bildirilýän talaplara laýyk amala aşyrmagy
başardylar.
Täze desganyň
gurluşygynda göreldeli zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň
adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabara gatnaşanlar bu ýerde bag
nahallaryny oturtdylar.
Welaýat döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim
ministrliginiň Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2
— 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan eden «Iň eýjejik
gyzjagaz» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry
geçirilip, ol şatlyk-şowhuna beslendi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň sagdyn ösüp-ulalmaklaryny, döwrebap bilim almaklaryny we olarda sungata bolan söýgi-buýsanjyň
artmagyny, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil adamlar bolup ýetişmeklerini
gazanmagy, bu ugurda alnyp barylýan işleri wagyz etmegi maksat edinen bäsleşige
onuň etrap-şäher tapgyrlarynda tapawutlanan gyzjagazlar gatnaşdylar. Üç şertden
ybarat bolan bäsleşikde oňa gatnaşyjylar
şirin owazly aýdym-sazlarda ata Watanymyzyň, hormatly Prezidentimiziň
durmuşa geçirýän beýik işleriniň, bagtyýar
çagalygyň, sportuň, dost-doganlygyň, ajaýyp bahar paslynyň waspyny
ýetirdiler. Şahyrana sözlerde öz geýen milli egin-eşikleriniň, dakynan şaý-sepleriniň gözelligini, nepisligini taryp etdiler, ene-mamalarymyzdan
dowam edip gelýän el işlerini ýerine ýetirmekde
ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Şatlyk-şowhunly geçen bäsleşigiň netijesi boýunça Balkanabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiň okuwçysy Zübeýda Hajyýewa birinji,
Gyzylarbat etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň
okuwçysy Melek Garmämmedowa ikinji orunlara mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet
tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Halkara zenanlar gününiň dabaraly çäreleri bir-birine
ulaşdy. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sekiz
we şondan köp çagany dünýä inderen
hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy hem-de onuň nyşanynyň dabaraly ýagdaýda
gowşurylmagy çuň mazmunly baýramçylyk çäreleriniň
möhüm bölegine öwrüldi. Welaýat
häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen dabara egsilmez şatlyk-şowhuna
beslendi. Onda giň gerim berlen gutlag çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy nesilden-nesle geçirip gelýän
zenanlarymyza goýulýan hormat-sarpa täze taryhy eýýamyň demokratik ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydyr.
Dabarada mährem zenanlara goýulýan çäksiz hormat-sarpa, olar barada döwlet
derejesinde edilýän aladalar üçin
türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly
Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy. Şeýle-de dabaranyň barşynda «Ene mähri» diýen ada eýe bolan köp çagaly enelere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly
sowgatlar şowhunly el çarpyşmalar astynda
gowşuryldy. Welaýatymyzyň belli halk we
estrada aýdymçylarynyň, tans we
folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda
eneleriň mähremligi, gelin-gyzlaryň
gözelligi, wepadarlygy, bahar paslynyň owadanlygy wasp edildi.
Baýramçylyk şowhuny soňra köp çagaly enelere ähli amatlyklary
bolan täze
öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy bilen dowam etdi. Welaýat merkeziniň gözel künjeginde ýerleşýän döwrebap ýaşaýyş jaýynyň öňünde tutulan dabara aýdym-saza beslenip, gutlag çykyşlaryna uly orun berildi. Şowhunly baýramçylyk dabarasynyň dowamynda Arkadagly Serdarymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, köp çagaly maşgalalara öýleriň açarlary
gowşuryldy. Döwrebap öýleriň açarlaryny ýüzlerine sylan öý eýeleri Şa serpaýy üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.