Habarlar
10.04.2023

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň welaýatymyzdaky «Gyzylarbat», «Balkan» we «Gyzylbaýyr» maldarçylyk hojalyklarynyň janypkeş maldarlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 58 müň 130 ene goýundan 53 müň owlak-guzy we 3 müň 120 düýeden 744 köşek almak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Maldarlaryň gazanan zähmet üstünligi hormatly Prezidentimiziň maldarçylyk pudagyny ösdürmek we bu ugurda tutanýerli zähmet çekýän oba adamlaryny höweslendirmek baradaky aladalarynyň oňyn netijelerini berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gazanylan üstünlikde Gyzylarbat etrabynyň «Gyzylarbat» maldarçylyk hojalygynyň maldarlarynyň mynasyp goşantlary bar. Hojalygyň maldarlary şu ýyl dowarlardan 14 müň 635 owlak-guzy we düýelerden 495 köşek aldylar. Olar şu günler gazanan zähmet üstünliklerini berkitmek bilen birlikde, mallary ot-çöpi ýetik bolan öri meýdanlarynda bakýarlar. Jogapkärli möwsümde alnan ýaş mallaryň ählisi össürime goýberildi — diýip,  «Gyzylarbat» maldarçylyk hojalygynyň ýolbaşçysy Hemra Seýitjanow gürrüň berdi.

Welaýatymyzyň maldarlary şu günler mallary Garagum sährasynyň jümmüşindäki we Köpetdagyň gerişleriniň, Uly hem-de Kiçi Balkan daglarynyň eteklerindäki amatly örülerde talabalaýyk bakýarlar.

Mallaryň baş sanyny köpeldip, olardan alynýan önümleri yzygiderli artdyrmaga berýän taýsyz hemaýat-goldawlary üçin maldarlar hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarlar. 

10.04.2023

Saz sungatyna höwesli has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ýerine ýetirijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, welaýat medeniýet müdirligi we welaýat ýörite sungat mekdebi bilelikde 2023-nji ýylda okuwyny tamamlaýan uçurym okuwçylaryň arasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň zehinleri» atly bäsleşik geçirdiler.

Bäsleşikde welaýat ýörite sungat mekdebiniň we etraplaryň, şäherleriň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary bagşy, türkmen milli saz gurallary, halk saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, fortepiano, kirişli saz gurallary hünärleri boýunça başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşik ýaşlaryň has zehinlilerini saýlady. Onda ýeňiji bolanlara welaýat medeniýet müdirliginiň we welaýat ýörite sungat mekdebiniň Hormat hatlary hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

10.04.2023

Welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar, okaýar, döredýär ajaýyp işler» ady bilen «Açyk gapylar» güni geçirildi. Bu dabaraly çärä Balkanabat şäherindäki orta mekdeplerden, çagalar baglaryndan köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Toplumyň binasynyň öňündäki açyk meýdançada ak öýler gurlup, baýramçylyk keşbine beslendi. Myhmanlar duz-çörek bilen garşy alnyp,  milli tagamlar hödürlenildi. «Açyk gapylar» gününiň açylyş dabarasyndan soňra myhmanlar toplumyň mugallymlarynyň, okuwçylarynyň el işleriniň sergisine uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Dabara gatnaşan myhmanlar toplumyň mekdep ýaşly hem-de mekdebe çenli ýaşly çagalar bölümlerinde geçirilen açyk sapaklara gatnaşdylar. Toplumda bilim-terbiýe alýan okuwçylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza bimöçber hoşallyklaryny goşgularyň, aýdymlaryň üsti bilen beýan etdiler. Terbiýeçileriň, okuwçylaryň uly joşgun bilen ýerine ýetiren döwrebap küştdepdisi, şirin aýdymlary, gysgajyk sahna oýunlary çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Olar bu ýerde çagalaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri, olaryň saglyklaryny dikeltmekde lukmanlar toparynyň alyp barýan işleri, çagalaryň dynç almagy, okamagy üçin döredilen giň mümkinçilikler bilen tanyş boldular.

07.04.2023

Bütindünýä saglyk güni ýurdumyzyň welaýatymyzda hem uly dabaralar bilen bellenilip geçildi. Halkara baýram mynasybetli Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişleri baýramçylygyň esasy wakalary hökmünde görkezmek bolar. Welaýat derejesindäki dabaraly çäreler bolsa welaýat merkezinde geçirilip, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda ir säherde badalga berlen köpçülikleýin welosipedli ýöriş Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýola goýlan ýörelgäniň ajaýyp zamanamyzda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini we oňa bagtyýar raýatlarymyzyň yhlas bilen eýerýändiklerini bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

«Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan «Ilkinjiler» ýadygärligine çenli dowam eden welosipedli ýörişe edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri, talyp ýaşlar, türgenler uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Ýurdumyzda welosiped sportunyň ösmegine hemişe uly üns berilýändiginiň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň göreldesine eýerip, sport bilen meşgullanmagy gündelik durmuş endiklerine öwren raýatlarymyzyň barha köpelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülen köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçýän ýolunyň ugrunda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly  çykyşlarynyň guralmagy çäräniň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.

Halkara baýram mynasybetli Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynyň öňündäki meýdançada geçirilen aýdym-sazly dabara sporty ösdürmegiň, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmagyň döwlet syýasatynda esasy ugurlaryň birini eýeleýändigini nobatdaky gezek görkezdi. Bu ýerde bahar paslynyň hoştap howaly ajaýyp gününde joşgunly tanslar bilen sazlaşyklylykda ýerine ýetirilen aýdymlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen amala aşyrylýan beýik işleriň, sagdyn durmuşyň, sportuň waspy belentden-belent ýaňlandy. Türgenleriň ýaýbaňlandyran görkezme çykyşlary bolsa sportuň dürli görnüşleri boýunça kämilleşýän ýaşlaryň barha köpelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

24.03.2023

Gowaça ekişine başlanmagy mynasybetli welaýat häkimliginiň guramagynda geçirilen maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda Arkadagly Serdarymyzyň geçirýän giň gerimli özgertmeleriniň oňyn netijeleri baradaky çykyşlar uly orun eýeledi. Çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň şol özgertmeleri ykdysadyýetimiziň agrosenagat toplumynda gazanylýan üstünlikleriň berk binýady bolup durýar. Ýeriň hakyky eýesini tapmak, ýer, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, halkymyzyň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyryp, azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmak şeýle özgertmelerde esasy orunda goýulýar. Agrosenagat toplumyna sanly elektron ulgamyny hem-de bazar gatnaşyklaryny işjeň ornaşdyrmak, pudakda hususyýetçileriň eýeleýän ornuny yzygiderli artdyrmak hem hemişe üns merkezinde saklanýar.

Maslahatda şular dogrusynda gürrüň edilip, ekiş işlerini öz wagtynda ýokary hilli geçirmek barada durlup geçildi. Ýer eýeleriniň öndürijilikli işlemekleri, halal zähmetiň hözirini görmekleri barada edýän aladalary, gowaça ekişine girişmäge beren ak patasy üçin Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

Maslahatyň dowamy Gyzylarbat etrabynyň çägindäki «Batly mülkdar» daýhan hojalygynyň ekerançylyk meýdanynda gowaça ekişine badalga bermek dabarasyna utgaşdy. Döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň, suwaryş enjamlarynyň, türkmeniň alty ganat ak öýleriniň owadan hatarlary, taryhy gymmatlyklaryň, amaly-haşam sungatynyň, el işleriniň sergileri, hatara düzülen toý gazanlary dabaranyň geçýän ýerini baýramçylyk ruhuna besledi. Hormatly Prezidentimiziň sargydyna eýerilip, il sylagly ýaşulularyň ýagşy arzuw-dilegleri bilen gowaçanyň ilkinji tohumlary bereketli topraga sepildi. Onuň yzysüre ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryna erk edýän mehanizatorlar gowaça ekişine köpçülikleýin girişdiler. Möwsümiň dowamynda kuwwatly traktorlara tirkeljek ekijileriň 35-si bökdençsiz işlediler. Ýeri gelende aýtsak, balkanly daýhanlar 13 müň gektar meýdana gowaça ekip, «ak altynyň» 16 müň tonnasyny ýygnamagy maksat edinýärler.

Sungat ussatlarynyň täze taryhy eýýamyň köpugurly ösüşlerini, bagtyýar durmuşymyzy, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli beýik tutumlaryny, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny, ene toprakdan bereket öndürýän daýhanlarymyzyň zähmet üstünliklerini taryplaýan şirin aýdym-sazlary, ussatlyk bilen ýerine ýetiren milli tanslary, halk döredijiliginden taýýarlan çykyşlary dowamly ýaňlanýan el çarpyşmalar bilen garşylandy.