Balkanabat şäherindäki «Ak ýol» toý dabaralary merkezinde
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramy hem-de milli manadymyzyň
dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli bilelikde yglan eden
bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
«Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar
zenanlary» ady bilen geçirilen bäsleşige bank ulgamynda zähmet çekýän
gelin-gyzlar gatnaşyp, olar «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar», «Hünärim bar —
hormatym bar», «Milli aşpezlik ukyplary» atly şertler boýunça özara
bäsleşdiler. Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, bank
ulgamynda milli manadymyz dolanyşyga girizileni bäri geçen döwrüň içinde
gazanylan üstünlikler bäsleşige gatnaşyjylaryň buýsançly çykyşlarynda öz
beýanyny tapdy. Şeýle-de olar şertlere laýyklykda, «Bereketli türkmen saçagy»
atly kitaba esaslanyp, milli tagamlary taýýarladylar, toý saçagyny bezediler,
tagamlary taýýarlaýyşlary barada gürrüň berdiler. Arkadag Serdarly bagtyýar
ýaşlar ýylynyň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň
waspyny goşgulardyr gazallarda ýetirdiler.
Bäsleşigiň jemi boýunça Türkmenistanyň «Türkmenbaşy»
paýdarlar täjirçilik bankynyň Balkan welaýat şahamçasynyň bank kartlary
bölüminiň hünärmeni Maral Şämiýewa birinji, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet
täjirçilik bankynyň Balkan welaýat şahamçasynyň tehniki üpjünçilik bölüminiň
hünärmeni Nargül Hallyýewa ikinji, Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet
täjirçilik bankynyň Balkan şahamçasynyň dolanyşyk kassa amallary bölüminiň
hasapçysy Şabibi Durdyýewa üçünji orunlara mynasyp boldular.
Birinji we ikinji
orunlary eýelänler onuň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.
Welaýat
häkimliginiň mejlisler jaýynda türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň akyldar şahyrymyza bagyşlap döreden «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabarada edilen buýsançly çykyşlarda Gahryman
Arkadagymyzyň döwet-galamyndan dörän täze şygryň akyldar şahyrymyzyň dünýä içre
arşa göterilen abraý-mertebesini, oňa goýulýan hormat-sarpany has-da belende
göterendigi aýratyn nygtalyp aýdyldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
atly ajaýyp goşgynyň Gündogaryň beýik akyldary hakynda ýazylan iň gowy
eserleriň biridigi, bu şygryň üsti bilen dana şahyrymyza türkmen halkynyň Milli
Lideriniň hormat-sarpasynyň, söýgi-buýsanjynyň nusgalyk derejededigine göz
ýetirmek bolýandygy baradaky söhbetler çykyşlaryň özenini düzdi.
Şeýle-de
dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolmagy bilen
baglanyşykly çykyşlara hem orun berlip, bu taryhy çözgüdiň Gahryman Arkadagymyz
tarapyndan binýady goýlan, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan giň gerimde durmuşa
geçirilmegi dowam etdirilýän döwlet ýaşlar syýasatynyň halkara derejede ykrar
edilmesi bolandygy buýsanç bilen nygtaldy.
Dabaranyň
dowamynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýygnananlara
ruhy lezzet paýlady.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar
kitap sergisine syn etdiler.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Balkan»
döwlet lomaý-bölek söwda firmasy
tarapyndan welaýatymyzyň çäginde
mekdep bazarlarynyň we göçme söwda
nokatlarynyň onlarçasy guraldy. Halka ýokary hilli hyzmat edilýän mekdep bazarlarynda şu ýyl ilkinji
gezek ak mekdepleriň bosagasyndan ätlejek bagtyýar körpelerden başlap, uly ýaşly
mekdep okuwçylaryna niýetlenilen
harytlaryň bolçulygy göwnüňi göterýär. Olaryň ählisiniň diýen ýaly öz ýurdumyzda öndürilen milli öwüşginli, ýokary hilli okuw esbaplarydyr egin-eşikleridigi,
ýaraşykly aýakgaplardygy kalbyňy buýsanç duýgusyndan doldurýar. Mekdep bazaryna barýan alyjylaryň
bada-bat ünsüni özüne çekýän
depderleriň, suratdyr çyzuw
esbaplarynyň, ýaşlaryň sowatlylygyny artdyrmaga niýetlenilen gollanmalaryň we
beýleki neşir önümleriniň Türkmen döwlet
neşirýat gullugy tarapyndan ýokary
hil derejesinde öndürilendigini hem
aýratyn nygtamak gerek. Ýurdumyzyň
dokma we tikin kärhanalarynyň nah egin-eşikleriniň, mekdep lybaslarynyň,
telekeçileriň mekdep okuwçylaryna niýetläp taýýarlan dürli önümleriniň
hyrydarlary hem ýetik.
«Balkan»
döwlet lomaý-bölek söwda
firmasynyň işgärleri mekdep bazarlaryny
guramaçylykly ýola goýmak boýunça irgözinden taýýarlyk gördüler.
Welaýatymyzyň şäherlerinde we etrap merkezlerinde hereket edýän mekdep
bazarlaryndaky harytlaryň bolçulygyny synlanyňda,
ruhuň has-da belende göterilýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan, Balkanabat şäherinde hereket edýän «Zürýada
hyzmat» hususy kärhanasy gazlandyrylan
alkogolsyz içgileriň hem-de arassalanan agyz
suwunyň önümçiligini üstünlikli ýola goýdy.
Kärhanada ornaşdyrylan önümçilik enjamlarynyň iş mümkinçilikleri, döwrebaplygy bilen ýakyndan tanşanyňda, hünärmenleriň olar baradaky gürrüňlerini diňläniňde, telekeçiligiň artykmaçlyklaryna ýene bir ýola göz ýetirýärsiň.
«Zürýada hyzmat»
hususy kärhanasynyň «Dam-dam» ady bilen öndürýän
gazlandyrylan alkogolsyz
içgileriniň hem-de arassalanan agyz suwunyň hil derejesi oňat bolup,
öndürilýän möçberleri barha artýar. Teşneligi gandyrýan dürli içgiler Hytaýdan, Russiýadan, Germaniýadan satyn alnan
kämil önümçilik enjamlarynyň sazlaşykly
işledilmegi arkaly öndürilýär. Döwrebap enjamlara kärhanada bir çalşykda zähmet çekýän 50-den gowrak hünärmenler başarjaňlyk bilen erk edýärler.
Telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmekde,
döwlet bilen hususy ulgamyň
arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde,
bazar gatnaşyklarynyň kanunçylyk
esaslaryny yzygiderli kämilleşdirmekde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan düýpli özgertmelere
mynasyp iş görkezijileri bilen jogap bermek «Zürýada hyzmat» hususy kärhanasynyň agzybir zähmet toparynyň baş maksady bolup durýar. Bu ýerde gazlandyrylan alkogolsyz
içgileriň ýylda ortaça 8
million 500 müň litrini, gaplanan
arassa agyz suwunyň bolsa 15
million litrden gowragyny
öndürmäge zerur şertler bar. Kärhanada bu önümçilik mümkinçilikleri netijeli peýdalanylýar.
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda welaýatymyzyň öňdebaryjy
bilim işgärleriniň maslahaty geçirilip, oňa gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde
milli bilim ulgamynyň gazananlaryny açyp görkezýän sergini synladylar. Şeýle
täsirli pursatlar bilen başlanan maslahatda geçen okuw ýylynyň guwandyryjy
netijelerine seljerme berlip, täze 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň möhüm
wezipeleriniň üstünde giňişleýin durlup geçildi. Çykyşlarda beýan edilişi ýaly,
geçen okuw ýylynda welaýat Baş bilim müdirliginiň iş meýilnamasyna laýyklykda, bilim
edaralarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hil derejesini
ýokarlandyrmak we usuly ýardam bermek maksadyndan ugur alnyp, ýylyň dowamynda
toplumlaýyn işler alnyp baryldy. Pedagogik işgärleriň hünär ýokarlandyryş
okuwlaryna işjeň gatnaşmaklary üpjün edildi. Netijede, bilim işgärleriniň
686-sy hünär ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşdylar.
Maslahatda welaýatymyzda bar bolan 164 sany umumybilim
berýän mekdeplerde täze okuw ýylyna ähli ugurlar babatda taýýarlyk işleriniň
geçirilendigi aýratyn nygtaldy. Bilim ojaklary täze okuw ýylynda ilkinji gezek
ak mekdepleriň bosagasyndan ätlejek bagtyýar çagalaryň 12 müň 120-ä golaýyny
gujak açyp garşylar. Şeýle-de, welaýatyň çäginde 173 sany mekdebe çenli çagalar
edaralary, 1 sany kömekçi mekdep-internaty, 1 sany welaýat saglygy dikeldiş
okuw-terbiýeçilik toplumy hem-de 1 sany çagalyk öýi hereket edýär. 11 sany
mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralary bolup, olarda ajaýyp döwrümiziň ýaş
nesillerine hünärleriň 38 görnüşi ýörite hünärmenler tarapyndan öwredilýär.
Etrap-şäherlerinden gelen öňdebaryjy bilim
işgärleriniň bilim bermekde toplan oňyn tejribeleri dogrusyndaky çykyşlaryna
hem maslahatda giň gerim berildi.