Welaýat häkimliginiň guramagynda bugdaý
ekişiniň başlanmagy mynasybetli maslahat geçirilip, onda ykdysadyýetimiziň oba
hojalyk pudagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
başlangyçlaryndan gözbaş alýan giň gerimli özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam
etdirilmegi bilen ýetilýän belent sepgitler dogrusynda giňişleýin gürrüň
edildi.
Maslahatda agrosenagat toplumynda
ýetilýän belent sepgitlere, gazanylýan üstünliklere mundan beýläk-de mynasyp
goşant goşmakda öňde durýan wezipeler barada hem durlup geçildi. Güýzlük bugdaý
ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda öz wagtynda we ýokary hilli
geçirmegiň, bu işlerde kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli
peýdalanmagyň wajypdygy çykyşlarda aýratyn nygtaldy.
Jogapkärli möwsümiň başlanmagy mynasybetli
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine guralan gezelenç hem täsirliligi
bilen tapawutlandy. Oňa gatnaşyjylar halkymyzyň gadymy daýhançylyk
tejribelerini açyp görkezýän taryhy gymmatlyklar, şeýle-de täze taryhy eýýamda
oba hojalygynda ýetilýän sepgitleriň beýany bolup durýan işler bilen ýakyndan
tanyşdylar.
Soňra dabaralar çäräniň geçýän ýerinde,
ýagny Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň ekin meýdanynda dowam
etdi. Alty ganat ak öýleriň, dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalarynyň owadan
hatarlary, giňden ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam, el işleriniň, oba hojalyk
önümleriniň sergileri dabaranyň geçýän ýerine aýratyn bezeg berdi. Sergileri
uly höwes bilen synlan adamlar medeni mirasymyzy aýawly saklamakda,
baýlaşdyrmakda edilýän aladalaryň oňyn netijeleri, oba hojalygynda gazanylýan
üstünlikler bilen ýakyndan tanyşdylar.
Gelin-gyzlaryň ümeçilik dessuryndan
görkezen parçalary, ak bugdaýyň unundan dürli çörek önümlerini taýýarlaýyşlary
dabaranyň täsirli pursatlarynyň üstüni ýetirdi. Sahna ussatlarynyň gadymy
daýhançylyk däplerimizi beýan edýän çykyşlary, medeniýet we sungat ussatlarymyzyň
täze taryhy eýýamyň beýik ösüşlerini, daýhanlarymyzyň göreldeli zähmetini,
bagtyýar durmuşymyzy taryplaýan joşgunly aýdym-sazlary dabaranyň şowhunyna
şowhun goşdy. Şunuň ýaly ýatda galyjy pursatlaryň dowamy Arkadagly Serdarymyzyň
sargydyna eýerilip, halkymyzyň asylly däbine görä dilleri senaly ýaşulularyň
«Bismilla!» diýip başlap bermekleri, ýagşy doga-dilegleri bilen badalga alan
güýzlük bugdaý ekişine utgaşdy. Ýokary öndürijilikli ekiş tehnikalary
köpçülikleýin ekişe girişdiler.
Şu ýyl welaýatymyzda 50 müň gektar
meýdanda bugdaýyň «Alekseýiç» hem-de «Bezostaýa 100» ýaly görnüşleri ekiler.
Ekiljek şonça meýdandan 80 müň tonna galla hasylyny ýygnap almak ýer eýeleriniň
arzyly maksadydyr. Ekiş geçirmekde kuwwatly traktorlaryň 125-si, ekiji enjamlaryň
bolsa 117-si gallaçy kärendeçileriň hyzmatynda bolar. Tehnikalaryň bökdençsiz
işledilmegini gazanmak üçin ýörite tehniki hyzmat ediş toparlarynyň 26-sy
hereket eder. Ekişe gatnaşyjylara ediljek medeni we söwda hyzmatlary umumy işe
oňyn itergi berer.
Ekin meýdanynda guralan maslahatda
jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirmekde, şeýle-de
bellenilen möhletinde tamamlamakda öňde durýan wezipelere ýene bir ýola ser
salyndy.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we
talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli welaýatymyzyň
ähli bilim ojaklarynda geçirilen dabaralar özboluşly baýramçylyk ruhuna beslendi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat
bölüminde, Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji
hem-de tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdeplerde
geçirilen baýramçylyk dabaralary has-da giň gerimli bolup, olara welaýat hem-de
şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly
ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar, mekdep okuwçylary, bilim işgärleri
gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we
bilim işgärlerine Gutlagynyň okalmagy
hemmeleriň baýramçylyk şatlygyny, buýsanjyny artdyrdy.
Aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanan
dabaraly çärelerde çykyş edenleriň buýsanç bilen nygtaýyşlary ýaly, ýurdumyzda
bilim we terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly özgertmeler
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli amala aşyrylýar,
döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde röwşen geljegimiz bolan ýaş
nesillerimize berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak, halkara
tejribeleri milli ýörelgelerimiz bilen utgaşdyrmak arkaly döwrebap we kämil
bilim binýadyny emele getirmek maksady bilen badalga berilýän başlangyçlar
has-da rowaçlanýar.
Täsirli
çykyşlardan soňra, bilim ojaklarynda täze okuw ýylynyň ilkinji jaňynyň sesi
ýaňlanyp, ähli synplarda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýen at bilen
geçirilen ilkinji okuw sapagy ýokary ruhubelentlige beslendi. Ilkinji gezek ak
mekdebiň gapysyndan ätläp, 1-nji synpa baran çagalara Gahryman Arkadagymyzyň we
hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleriň sowgat berilmegi aýratyn ýatda
galyjy pursatlary peşgeş berdi.
Täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabaralar welaýatymyzyň
ähli ýerinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň
altyn güýz paslynyň ilkinji güni welaýatymyzyň ähli ýaşaýjylarynyň, esasan hem,
mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlarynyňdyr bilim işgärleriniň durmuşynda ýatdan
çykmajak pursatlara beslendi.
Bilimler we talyp ýaşlar gününde
Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynda häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen
üpjün edilen 320 orunlyk täze orta mekdebiň dabaraly ýagdaýda açylyp,
ulanylmaga berilmegi baýramçylyk gününiň şanly wakalaryň hataryny artdyrdy.
Welaýat häkimliginiň düýpli
gurluşyk dolandyryş edarasynyň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan
«Myhmansöýer» hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň bina eden täze orta
mekdebi belentden ýaňlanýan döwrebap aýdym-sazlaryň astynda dabaraly ýagdaýda
ulanyşa tabşyryldy.
Ýaşlara bilim we terbiýe bermekde döwrebap
amatlyklarydyr mümkinçilikleri bolan täze mekdebiň açylyş dabarasynda edilen
çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny hil babatda
dünýä ülňülerine laýyk getirmek barada edýän çäksiz aladalary dogrusynda
buýsançly söhbet edildi.
Täze mekdebiň gurluşygynda
göreldeli zähmet çeken ussat gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan
gymmat bahaly sowgatlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy uludan tutulan
baýramçylyk çäresinde ýatda galyjy pursatlaryň birine öwrüldi.
Täsirli, şowhunly geçen dabarada
medeni çärelere hem giň orun berlip, onda welaýatymyzyň medeniýet we sungat
ussatlary, şeýle-de mekdep okuwçylarydyr körpeler çykyş etdiler.
Ýaşuly nesliň ak patasy bilen toý
bagy kesilenden soň, dabara ýygnananlar täze binanyň içine aýlanyp, bilim ojagynda döredilen ähli
döwrebap amatlyklar bilen içgin tanyşdylar. Bilim ojagynda aýry-aýry derslere
ýöriteleşdirilen lingafon we kompýuter
synp otaglary bar. Okuwçylaryň zähmet
endiklerini kemsiz ele almagy üçin ähli zerur şertleri bolan ýörite zähmet
otaglary göwnüňi göterýär. Täze mekdepdäki açyk we ýapyk sport meýdançalaryny,
naharhanany, mejlisler zalyny, kitaphanany, suw, elektrik, ýyladyş, howa çalşyş
ulgamlaryny uly buýsanç bilen synlap gören ildeşlerimiz ýaş nesle kämil bilim
bermekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly
Serdarymyza päk ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan
gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly etrap merkezinde dabaraly
çäreler geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan dörän
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyny hem-de beýik söz
ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen
«Arkadagyň senasy — Pyragynyň kelamy» diýen at bilen geçirilen dabaraly çäräni
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we
milli golýazmalar instituty, Balkan welaýat we Magtymguly etrap häkimlikleri,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap geňeşi
bilelikde guradylar.
Dabaraly
çäre etrap merkezindäki Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki ajaýyp meýdançada
welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň giňden ýaýbaňlandyrylan joşgunly aýdym-sazlary
bilen badalga aldy. Soňra dabara gatnaşyjylar muzeýiň girelgesinde guralan
sergini uly gyzyklanma bilen synladylar. Sergide Gündogaryň beýik akyldarynyň
eserleri, onuň ömrüne we döredijiligine degişli taryhy gymmatlyklar hem-de
Gahryman Arkadagymyzyň çuň mazmunly kitaplary mynasyp orun eýeleýär.
Muzeýiň
mejlisler jaýynda geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň çuňňur many-mazmuny, onda halkymyzyň
beýik söz ussadyna goýýan nusgalyk hormat-sarpasynyň örboýuna galşy, goşgynyň çeperçiligi hem-de wajyp ähmiýeti barada
giňden gürrüň edildi. Dana şahyrymyzyň ömri we döredijiligi baradaky täsirli
çykyşlara hem maslahatda giň orun berildi.
Halkymyzyň
medeni mirasyny giňden öwrenmekde, baýlaşdyrmakda, ony dünýäniň ylmy
jemgyýetçiligine hem-de geljekki nesillere ýetirmekde ägirt uly işleri alyp
barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly
Serdarymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri dabaraly çärede öwran-öwran
gaýtalandy.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly etrap merkezinde dabaraly çäreler geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyny hem-de beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen «Arkadagyň senasy — Pyragynyň kelamy» diýen at bilen geçirilen dabaraly çäräni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, Balkan welaýat we Magtymguly etrap häkimlikleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap geňeşi bilelikde guradylar.
Dabaraly çäre etrap merkezindäki Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki ajaýyp meýdançada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň giňden ýaýbaňlandyrylan joşgunly aýdym-sazlary bilen badalga aldy. Soňra dabara gatnaşyjylar muzeýiň girelgesinde guralan sergini uly gyzyklanma bilen synladylar. Sergide Gündogaryň beýik akyldarynyň eserleri, onuň ömrüne we döredijiligine degişli taryhy gymmatlyklar hem-de Gahryman Arkadagymyzyň çuň mazmunly kitaplary mynasyp orun eýeleýär.
Muzeýiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň çuňňur many-mazmuny, onda halkymyzyň beýik söz ussadyna goýýan nusgalyk hormat-sarpasynyň örboýuna galşy, goşgynyň çeperçiligi hem-de wajyp ähmiýeti barada giňden gürrüň edildi. Dana şahyrymyzyň ömri we döredijiligi baradaky täsirli çykyşlara hem maslahatda giň orun berildi.
Halkymyzyň medeni mirasyny giňden öwrenmekde, baýlaşdyrmakda, ony dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine hem-de geljekki nesillere ýetirmekde ägirt uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri dabaraly çärede öwran-öwran gaýtalandy.