Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly toýy welaýatymyzda hem
uludan tutuldy. 27-nji sentýabrda ir säher bilen welaýat merkezi Balkanabat
şäheriniň Baş baýdak meýdançasynda dabara geçirildi. Dabarada Döwlet senasynyň
belent owazynyň astynda ýaşyl Tugumyz al-asmana göterildi.
Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýy mynasybetli iberen Gutlagy dabaraly
ýagdaýda okalyp, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Soňra baýramçylyk
gutlaglaryna, giň mazmunly buýsançly çykyşlara uly orun berildi. Olarda
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen belent
maksatlaryň, ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrundaky tutumlaryň rowaçlyklara beslenýändigi nygtaldy.
Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary, belent heňde
ýerine ýetiren şirin aýdymlary bu ýere ýygnanlara ruhy lezzet paýlady. Welaýat
döwlet drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasy dowamly el
çarpyşmalara mynasyp boldy. Aýdym-sazlarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, belent
maksatly işleriň waspy ýetirildi.
Naýbaşy baýramymyz welaýatymyzyň ähli
etrap-şäherlerinde hem şowhunly dabaralara beslendi.
Balkanabat şäherindäki«Türkmeniň ak öýi» binasynyň ajaýyp sahnasynda
paýtagtymyz Aşgabat şäherinden gelen zehinli estrada aýdymçylarynyň täsirli
pursatlara baý bolan çykyşlary baş baýramy — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi
ýokary ruhubelentlikde garşylaýan welaýatymyzyň ýaşaýjylary üçin özboluşly toý
sowgady boldy. Türkmenistanyň halk artistleri Sahydursun Hojakowanyň, Dilber
Rahmanowanyň, Türkmenistanyň at gazanan
artisti Ahmet Atajanowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry»
bäsleşiginiň ýeňijileri, «Ýylyň parlak ýyldyzy» adynyň eýesi Rüstem Hallyýewiň,
şeýle-de Seýitguly Tülegenowyň, Şatlyk Gurbannazarowyň,
Farhat Öräýewiň uly joşgun we ussatlyk bilen ýerine ýetiren şirin aýdymlary
tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taryhy tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda nurana geljegine tarap okgunly
öňe barýan Watanymyzyň köpugurly üstünlikleriniň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
waspy ýerine ýetirilen joşgunly aýdymlaryň mazmunyny düzdi. Şonuň üçin hem
ajaýyp sahnada ýaňlanan aýdym-sazlar, tomaşaçylary gurşap alan ýokary
ruhubelentlik hem-de şatlyk-şowhun ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny täze
zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan welaýatyň ilatynyň buýsanç we bagtyýarlyk
duýgularynyň beýanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet
boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de ÝUNESKO-nyňMaddy däl medeni mirasyny goramak hakyndaky Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň20 ýyllygy mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni
öwreniş muzeýinde «Milli mirasymyz — egsilmez hazynamyz» atly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyňsekretariatynyň we
welaýat häkimliginiň bilelikde guran maslahatyna gatnaşyjylar, ilkibilen, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine
aýlanyp, onuň bölümleri, eksponatlary bilen ýakyndan tanyşdylar. Soňra medeni mirasymyz bolan muzeý
gymmatlyklary baradaky çykyşlara uly orun berildi.
ÇykyşlardaTürkmenistanyň BirleşenMilletlerGuramasynyň bilim, ylymwemedeniýetboýunçaguramasyna
(ÝUNESKO) agzalygakabuledilmeginiň 30 ýyllygyhem-deÝUNESKO-nyň MaddydälmedenimirasynygoramakhakyndakyKonwensiýasynyňkabuledilmeginiň 20 ýyllygymynasybetlibuýsançlysöhbetedildi.
Her welaýatyňwekiliniň öz welaýatynyň
çäklerinde saklanyp galan taryhy we tebigy ýadygärlikler hem-de maddy däl medeni miras gymmatlyklarybarada
beren gürrüňleri täsirli boldy. Şeýle hem Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyňarasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň
geçen 30 ýylynyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Halkara sanawlaryna girizilen we ýakyn geljekde bu
sanawlara girizilmäge mynasyp hasaplanýan
ýadygärlikler we medeni miras
gymmatlyklary babatynda maglumatlary
we teklipleri aýtdylar.
Soňramaslahatwelaýatkitaphanasynda«Kitaphana
— medenimirasyň lokalmerkezi»,
«Maddydälmedenimirashäzirkizamanmuzeýlerinde: nazaryýetweusulyýet» atlybölümçelerdedowametdi. Bu ýerde adamzadyň
ruhy dünýäsi bolan halk döredijiligi, ruhy medeniýetiň
ojagy hasaplanýan kitaphana ulgamy, şöhratly
taryhymyz, türkmen şekillendiriş sungatynda milli gymmatlyklaryň beýan
edilişi, taryhy gymmatlyklarymyzy muzeýleşdirmekde
usuly tejribäniň tutýan orny, milli mirasymyzda Magtymguly Pyragynyň
waspy barada çykyşlar guralyp, pikir alşyldy,
teklipler seljerildi.
Ýurdumyzda
saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň sirk artistleriniňwelaýat merkezi Balkanabat
şäheriniň«Türkmeniň ak öýi» binasynyň ajaýyp sahnasynda
ýaýbaňlandyrylýan şowhunly çykyşlary tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Russiýanyň
at gazanan artisti Baýram Ataýewiň aýylar bilen görkezýän
oýunlarynyň diňe bir bagtyýar çagalarda däl, eýsem, dürli ýaşdaky tomaşaçylarda hem uly täsirleri galdyrandygyny bellemek gerek. Ussat sirk
artisti Alýona Swetkowa bolsa özüniň gimnastika boýunça görkezen täsin oýunlary bilen sirk muşdaklarynyň
şowhunly el çarpyşmalaryny gazanmagy başardy. Akrobatlaryň,
ýolbarslardyr gaplaňlar bilen täsin oýunlary görkezýän artistleriň
çykyşlarynyň dowamynda hem binany dolduryp oturan tomaşaçylaryň ýürekden
hoşallygynyň özboluşly beýany
bolan şowhunly elçarpyşmalar
yzygiderli ýaňlandy.
Pagta ýygymynyň
başlanmagy mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen
maslahata welaýatyň oba hojalyk toplumynyň
işgärleri, etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň, guramalaryň
ýolbaşçylarydyr hünärmenleri,
kärendeçiler hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Onda welaýatymyzda
ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak, yhlas
siňdirilip ýetişdirilen «ak altynyň» bitginli hasylyny ýygnamaklygy öz wagtynda
ýokary hilli, agrotehniki talaplara laýyk geçirmek, tehnikalaryň gije-gündiz
bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek ýaly derwaýys meselelere seredildi.
Dabara Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç»
daýhan birleşiginiň bereketli ekin meýdanynda pagta ýygymyna badalga berilmegi mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäre bilen dowam etdi. Onuň
geçýän ýeri baýramçylyk keşbine beslendi. Hormatly Prezidentimiziň ak patasyndan
ruhlanan welaýatymyzyň babadaýhanlary, asylly däbe görä, il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen pagta ýygymyna girişdiler.
Dabaranyň
geçýän ýerinde öňde duran möhüm wezipelere, durmuşa geçirilmeli derwaýys
çärelere bagyşlanyp, usuly-amaly maslahat geçirildi. Onda welaýatyň oba hojalyk
toplumynyň degişli hünärmenleri çykyş edip, pagta ýygymyna gatnaşjak
tehnikalaryň iş düzgünleri, olary saklamagyň kadalary, howpsuzlyk düzgünleriniň
berjaý edilmeginiň möhüm ähmiýeti barada jikme-jik gürrüň berdiler.
Welaýatymyzyň bagşy-sazandalarynyň
çykyşlary has-da täsirli, şowhunly boldy. Dürli sport çäreleri guralyp, türkmen
milli göreşi boýunça pälwanlar güýç synanyşdylar, olara sylag-serpaýlar
ýapyldy.
Bereketli topragymyzdan ýygnalan «ak altyndan» ýüküni ýetiren awtoulaglaryň «ak kerweni» Gyzylarbat
etrabynyň merkezindäki pagta arassalaýjy kärhanada döwrebap aýdym-sazlar bilen
garşylandy. Bu ýerde ilkinjiler bolup döwlete pagta tabşyran ussat pagtaçylara
hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.