Habarlar
13.07.2026

Tomsuň gelmegi bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanlary has köp bolýar. Gojaman Hazaryň kenaryndaky ajaýyp myhmanhanalar, kottejler toplumlary, sagaldyş we dynç alyş merkezleri bu ýere dynç almaga gelýän adamlar üçin gapylaryny giňden açyp, döwrebap hyzmatlaryny hödürleýärler. Häzirki wagtda  dostluk mekany bolan Awaza tomusky dynç alyş möwsüminde ajaýyp kenarda dynç almagy halaýan çagalaryň wagtlaryny hoş geçirip, saglygyny berkidýän ýerine öwrüldi.    

Bagtyýar çagalaryň oňat dynç alýan ýerleriniň biri bolan «Daýanç» sagaldyş merkezinde hem çagalar alada bilen gurşalýar. Merkezde dynç alyş möwsümine irgözinden ykjam taýýarlyk görüldi. Şonuň üçinem bu ýerde çagalaryň dynç almagy, wagtlaryny şadyýan geçirmegi üçin ähli amatly şertler döredildi. Häzirki wagtda «Daýançda» çagalaryň dynç alşy gyzgalaňly dowam edýär. Bu ýerde şu ýylyň dynç alyş möwsüminiň her tapgyrynda 280 çaga dynç alýar.

         «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem, beýleki dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde bolşy ýaly, «Daýanç» sagaldyş merkezinde-de çagalar şatlykly pursatlary başdan geçirýärler. Kitaphana, suwa düşülýän howuzlar, akwaparklar, amfiteatr, sport meýdançalary we beýlekiler çagalaryň hyzmatynda. Olar aýdym-saz, döredijilik, kompýuter gurnaklaryna gatnaşýarlar. Özlerini gyzyklandyrýan güýmenjeler bilen meşgullanýarlar, seýilgählere, çüwdürimler toplumyna, gämi muzeýine gezelenç edýärler. Deňziň kenarynda çägeden dürli keşpleri döredip, birek-birek bilen bäsleşýärler. Dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň arasynda geçirilýän bäsleşiklerde, sport ýaryşlarynda çykyş edýärler. Çagalar wagtlaryny şatlykly, gyzykly geçirýärler. Şu günler Awazada çagalaryň şatlykly gülküleri tomusky dynç alşyň gyzgalaňly dowam edýändiginiň alamaty bolup ýaňlanýar. Munuň özi çaga arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwrülen berkarar ýurdumyzda çagalaryň  aýratyn üns we gyzgyn mähir bilen gurşalyp alynýandygyny, olaryň bagtyýarlygy üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigini, hemmetaraplaýyn aladalaryň edilýändigini aýdyň subut edýär.

03.07.2026

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde          geçirilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrlarynda öňe saýlanan çeper elli zenanlar gatnaşdylar. Mährem ejelerimizden, ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işlerimiziň esasylarynyň biri bolan gülli keçelerimiz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Keçelerimizde halkymyzyň şöhratly taryhynyň many-mazmuny, tebigatymyzyň gözel keşbi... jemlenendir. Şeýle bolansoň, olar halkymyzyň buýsanjyna öwrülip, döwürlerden döwürlere geçip gelýär. Muňa «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gelin-gyzlaryň arasynda geçirilen keçe bäsleşiginde-de aýdyň göz ýetirmek boldy.

Milli keçelerimiziň nusgalarynyň taýýarlanylyşyny açyp görkezmegi, ýaşlarda zenan edebini, tebigy gözelligi, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemegi we el işlerimize bolan höwesi artdyrmagy maksat edinen bäsleşige gatnaşan zenanlar onuň şertlerine laýyklykda, keçe taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmekde birek-birekden kem durmadylar. Olar ýüňi saýlamagyň, saýmagyň, daramagyň, boýamagyň, keçe güllemegiň we ony ýasamagyň usullary barada gürrüň berdiler. Şeýle-de milli aýratynlyklara görä nagyşlary salyp, keçe güllemekde öz başarnyklaryny görkezdiler. Soňra zenanlar keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, rowaýatlary, gazallary aýtdylar. Döwrümiziň, şöhratly ýylymyzyň we ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine sary alyp barýan, milli gymmatlyklarymyza nusgalyk derejede hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň waspyny çeper sözlerde beýan etdiler.

Bäsleşigiň jemi jemlenilende, Balkanabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çeper bezegçisi Amantäç Bagyýewa we Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň «Dehistan» aýdym-tans we folklor etnografiýa toparynyň bagşysy Aýsoltan Allagulyýewa baş baýraga mynasyp boldular. Bereket etrabyndaky 8-nji çagalar bagynyň işgäri Ajapgül Gurbandurdyýewa we şol etrabyň 5-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gültäç Kakajanowa birinji, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Abat Mämmedowa we şol etrabyň Çaloýuk geňeşliginiň Geňeşiniň hünärmeni Ogulsapar Täçgeldiýewa ikinji, Gyzylarbat etrap Janahyr bekedi oba medeniýet öýüniň müdiri Gülzada Şyhdurdyýewa hem-de Gyzylarbat etrap medeniýet merkeziniň çeper ýolbaşçysy Altyn Atanyýazowa üçünji orunlary eýelediler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda sowgatlar gowşuryldy. Baş baýragyň eýeleri bolsa onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

01.07.2026

Welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreleriň geçirilýän binasynda welaýatymyzyň gallaçylarynyň gazanan zähmet üstünligi we Arkadag şäherinde gurulýan metjidiň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli toý sadakasy berildi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda welaýatymyzyň  merdana gallaçylary bereketli hasylyny bolluk bilen eçilýän sahawatly topragymyzdan 80 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý ýygnap, ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Munuň özi olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň, durmuşa geçirýän oba hojalyk özgertmeleriniň netijesinde ata-babalarymyzyň asylly daýhançylyk däplerini ösdürip, mynasyp dowam etdirýändikleriniň, kämilleşdirýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Şanly ýylymyzyň buýsançly wakalarynyň hormatyna geçirilen çärede  bagşy-sazandalaryň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  amala aşyrýan il-ýurt bähbitli işleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy ösüşleri we daýhan zähmeti  wasp edildi.

Sadaka  gatnaşanlar «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlanýan ýerine öwrülmegini, ata Watanymyzyň gülläp ösmegini, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür,  eziz halkymyzyň has-da eşretli ýaşamagynyň hatyrasyna alyp barýan beýik işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyklary dileg etdiler.

28.06.2026

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýakynda Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­na amala aşy­ran döw­let sa­pa­rynyň dowamynda dostlukly döwlet tarapyndan ýurdumyza sowgat berlen «Dostluk» nebit tankeriniň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda garşylanyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, welaýat, Türkmenbaşy şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary,  jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, medeniýet we sungat işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.                                           

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda geçirilen dabarada türkmen-azerbaýjan dostlugynyň nyşany bolan «Dostluk» nebit tankeri türkmen halkynyň milli däplerine laýyklykda ak un sepilip, üzärlik tütedilip garşy alyndy. 

Mälim bolşy ýaly, hor­mat­ly Prezidentimiziň 22-23-nji iýun­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­na amala aşy­ran döw­let sa­pa­rynyň netijesinde, iki goňşy halkyň bähbitlerine gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi iki ýurduň arasyndaky goňşuçylyk we özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge täze möhüm şertleri üpjün etdi. Dabarada çykyş edenler bular barada buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, folklor toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan  aýdym-sazlar dabara gatnaşanlaryň ruhuny has-da belende göterdi. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli işleri, türkmen-azerbaýjan dost-doganlygy  wasp edildi.

Soňra dabara gatnaşyjylar «Dostluk» nebit tankeriniň iş mümkinçilikleri bilen tanyş boldular. Nebit tankeriniň umumy uzynlygy 141 metr bolup, onuň ini 16,9 metr, ýük göterijiligi bolsa 8 müň tonna barabardyr. Dabarada ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

27.06.2026

Balkanabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgünde Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.

Dana şahyryň watansöýüjilige, gahrymançylyga, pähim-paýhasa, edep-terbiýä ýugrulan manyly goşgulary medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň ylham joşgunyny artdyryp, berkarar Watanymyzyň belent ösüşlerini, ajaýyp zamanamyzy wasp etmäge ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň tanymal bagşy-sazandalarynyň, döredijilik toparlarynyň, sahna ussatlarynyň edebi-sazly kompozisiýasy, hoş owazly, şirin mukamly aýdym-sazlary, milli äheňli joşgunly tanslary dabaranyň şatlyk-şowhunyny artdyrdy. Ruhubelentlikde ýerine ýetirilen  çykyşlar bu ýere ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna siňen arzuwlarynyň hasyl bolan ajaýyp zamanamyzda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösýändiginiň hem-de belent sepgitlere ýetýändiginiň, akyldar şahyra hormat-sarpanyň egsilmezdiginiň ýene-de bir özboluşly subutnamasy boldy.