Habarlar
01.09.2024

Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze, 2024 — 2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralar welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde giň gerime eýe boldy. Balkanabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde guralan baýramçylyk dabarasy hem baý many-mazmuny özünde jemledi. Toý keşbine eýe bolan mekdep binasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan dabara bilim işgärleri, mekdep okuwçylary, ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätleýän bagtyýar çagalar, welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şäheriň ýaşaýjylary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

         Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde kesgitlendi. Netijede, giň gerime eýe bolan oýlanyşykly özgertmeleriň barşynda jemgyýetimiziň aň-bilim, döredijilik mümkinçilikleri yzygiderli ýokarlandyryldy, ruhy we beden taýdan sagdyn, döwrebap bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp-ýetişdirmekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Ösen ýurtlaryň öňdebaryjy gazananlary hem-de toplan tejribeleri nazara alnyp, ýaşlarymyzyň ruhy we beden taýdan sagdyn ösmegi, watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelenmegi, bilimleri çuňňur özleşdirmekleri bilen bagly möhüm wezipeleri durmuşa geçirmegiň berk binýady goýuldy. Bilimdir ylymyň giň mümkinçiliklerini berkarar Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni hem-de beýleki köptaraply ösüşine gönükdirmek maksadyny esasy orunda goýýan şeýle döwletli tutumlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hem möhüm aýratynlygydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamynda üstünlikli amala aşyrýan düýpli özgertmeleri muny aýdyň görkezýär.

         Dabarada bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlary terbiýelemek babatda döwlet derejesinde edilýän nusgalyk aladalar üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy. Mekdep okuwçylarynyň uly joşgun bilen ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlary, milli tanslary şeýle alkyş sözleriniň dowamy bolup ýaňlandy.

          Ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätleýän 1-nji synpyň okuwçylaryna Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriniň şowhunly el çarpyşmalar astynda gowşurylmagy dabaranyň täsirli pursatlarynyň biri boldy. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesliň kämil bilim-terbiýesi üçin zerur bolan ähli tagallalaryň edilýändigini ýene bir ýola tassyklady. Şeýle ajaýyp sowgady üçin bagtyýar çagalar Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

         Şunuň ýaly täsirli pursatlardan soňra, ilkinji jaň kakylyp, okuwçylar ak mekdebiň ýagty otaglaryna doldular. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen at bilen geçirilen ilkinji okuw sapagy beýik akyldarymyzyň edebi mirasyna hem-de ruhy-medeni gymmatlyklarymyza bolan egsilmez söýgi-buýsanjyň özboluşly subutnamasyna öwrüldi.

21.08.2024

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän  Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň we halk gurjak teatrlarynyň arasynda sahna eserlerini ýerine ýetirmek boýunça yglan eden «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry welaýat döwlet drama teatrynda geçirilip, oňa etrap-şäherleriň teatr toparlary öz sahna oýunlary gatnaşdylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň teatrlarynyň we teatr guramalarynyň arasynda özara medeni-döredijilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, halk teatrlarynyň hünärmenleriniň, artistleriniň, teatr işgärleriniň ýerine ýetirijiligini kämilleşdirmek, olaryň işini talabalaýyk guramak hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny beýan edýän täze sahna eserleriniň döredilmegini gazanmak, ýaş zehinleri ýüze çykarmak bäsleşigiň esasy maksady boldy.

Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrüne, döredijiligine, beýik söz ussady hakynda ýazylan eserlere salgylanyp, şahyryň durmuşyny, beýikligini, pikir we duýgy kämilligini beýan edýän wakalar bäsleşige hödürlenen sahna oýunlarynyň özenini düzdi. Oňa gatnaşan teatr toparlary yzly-yzyna çykyş edip, artistler öz ukyp-başarnyklaryny, ussatlyklaryny görkezdiler. Akyldar şahyryň watansöýüjiligini, il-gününe bolan çäksiz hormatyny şöhlelendirdiler. Sahna eserlerine edebi esas hökmünde şahyryň şygyrlarynyň hem saýlanyp alnandygyny aýratyn bellemek gerek. Çykyş edýän gahrymanlaryň keşbiniň, olaryň egin-eşikleriniň, sahna hem-de saz bezegleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine emin agzalary tarapyndan ýörite üns berlip, olar bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, sahna oýunlarynda edebi dil kadalarynyň berjaý edilişine, sahna oýunlarynyň döwrebaplygyna, milliligine we çeperçilik derejesine hem-de özboluşlylygyna baha berdiler.

Netijede, tomaşaçylarda uly täsirleri galdyran «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginde birinji orna Magtymguly etrabynyň, ikinji orna Gyzylarbat etrabynyň, üçünji orna Türkmenbaşy şäheriniň medeniýet bölümleriniň halk teatrlarynyň toparlary mynasyp boldular.

Bäsleşikde birinji orny eýelän halk teatrynyň topary onuň döwlet tapgyryna gatnaşar.

14.08.2024

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ajaýyp zamanamyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwrümiziň gül-gunçalaryna deňelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, okuw bilen dynç alşy sazlaşykly guramaklary üçin ähli şertdir mümkinçilikler döredilýär. Olaryň täze okuw ýylyna ähli taraplaýyn taýýarlykly barmaklary üçin üpjün edilýän amatlyklar hem ýörite bellenilmäge mynasypdyr. Tomusky dynç alyş möwsüminiň ahyrlap barýan häzirki günlerinde harytlaryny halkyň hyzmatyna bolluk bilen hödürleýän mekdep bazarlary munuň aýdyň kepili bolup, olar ýaş nesil hakynda edilýän aladanyň näderejede ýokarydygyny ýene bir ýola subut edýär.

Ähli etrap-şäherlerde hereket edýän mekdep bazarlaryndaky egin-eşikleriň, okuw esbaplarynyň milli harytlarymyz bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Olardaky türkmeniň milli ruhuna kybap gelýän uzyn ýeňli, ýakasy keşdelenen ýaşyl reňkli köýnekleri, şolar bilen reňkdeş penjekleri, zähmet sapagynda geýmek üçin niýetlenen lybaslary okuwçy gyzlar höwes bilen satyn alýarlar. Okuwçy oglanlar-da mekdep bazarlaryndan özlerine gerekli lybaslaryň — köýnekdir penjekleriň, aýakgaplaryň döwrebap hem ýokary hilli görnüşlerini tapyp bilýärler. Bazarlaryň tekjelerine bezeg berýän nepis bejerilen tahýalar, ýantorbalar, depderdir gündelikler, çyzuw albomlary, reňkli kagyzlar, galamlar hem-de beýleki zerur okuw esbaplary alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrýar. Aýratyn bellemeli zat, ol hem harytlaryň nyrhlarynyň halk üçin elýeterli bolmagydyr. Harytlaryň bolçulygyny, elýeterliligini synlanyňda, ýaş nesiller barada edilýän aladanyň toplumlaýyn häsiýete eýedigine guwanýarsyň, buýsanýarsyň.

Degişli edara-kärhanalaryň işgärleri mekdep bazarlarynyň guramaçylykly işlemegi üçin irgözinden taýýarlyk görip, satuwa çykarylan harytlar Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň tikinçilik kärhanalarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öndüren önümleridir. Şeýle-de okuwçylara gerek bolan depderdir gündelik ýaly esbaplar we beýleki neşir önümleri Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan taýýarlanyldy. Olaryň ýokary çap ediliş usulynda öndürilendigi aýratyn bellärliklidir. Ýeri gelende aýtsak, sanly ulgamyň gündelik durmuşymyza giňden ornaşan döwründe okuw esbaplaryny onlaýn söwda dükanlaryna sargyt etmek arkaly alyp bolýar.

Söwdasy ir ertirden başlanýan mekdep bazarlarynyň alyjysy ýetik. Olara gelýän çagalaryň we ene-atalaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary we hoşallyklary egsilmeýär.

07.08.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen täze taryhy eýýamda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy üpjün edilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şatlyk-şowhun bilen geçirilýän «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri bu hakykatyň aýdyň dabaralanmasydyr. Syýahatçylyk zolagyny baýramçylyk ruhuna beslän çärelere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat-goldawlary bilen bejergi alan çagalar, paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar, şeýle-de Russiýa Federasiýasyndan gelen mekdep okuwçylary  gatnaşýarlar. Russiýaly çagalar şu ýylyň mart aýynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda birinji orny eýeläp, gözel Awazada dynç almak bagtyna eýe boldular. Olara gazanan üstünlikleri üçin gymmatbahaly sowgatlar, şeýle-de ady agzalan haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanmalar gowşuryldy.

         «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleriniň ilkinji gününde «Arkadagyň sahawaty —  ömürleriň çyragy» ady bilen dynç alyş tapgyrynyň aýdym-sazlara beslenen açylyş dabarasy dürli çäreleriň badalgasyna öwrüldi. Çagalaryň Türkmenbaşy şäherindäki taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, «Salkyn kenar» seýilgähinde bolmaklary olarda unudylmajak täsirleri galdyrdy. Sportuň ýeňil atletika, küşt, şaşka, düzzüm, kenarýaka woleýboly, stol tennisi, tanap çekmek görnüşleri, türkmen milli oýunlary boýunça geçirilen ýaryşlar, «Kim çalasyn? Kim çakgan?» atly hereketli oýunlaryň bäsleşigi çagalaryň sporta söýgüleriniň, höwesleriniň egsilmezdigini görkezdi.

Syýahatçylyk zolagynyň içi bilen birnäçe kilometre uzalyp gidýän Awaza derýasynda gämili gezelenç, «Gämiler dünýäsi» muzeýiniň täsinlikleri bilen tanyşmak, gämili Hazar deňzine guralan gezelenç, «Älemgoşar», «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni» seýilgähleriniň, «Awaza» akwaparkynyň, interaktiw suw çüwdürimler toplumynyň gözellikleri çagalaryň hakydalarynda hemişelik galar diýip, ynam bilen aýtsa bolar.

 Medeni-köpçülikleýin we sport çäreleriniň dowamynda guralan «Biz Watan buýsanjy — bagtly çagalar», «Dil bilen dünýäni gezer», «Awazanyň tolkuny — göwünleriň ylhamy», «Hünärim bar — hormatym bar», «Hünär ussatlygy — kämilligiň kepili», «Zehinlileriň meýdançasy», «Tebigat gözelligi — ülkämiziň bezegi» ýaly dürli çäreler çagalaryň sungatdaky, döredijilikdäki tebigy ukyp-başarnyklaryny ýüze çykardy. Şowhunly aýdym-sazlar, sirk artistleriniň çykyşlary, döredijilik işgärleri bilen guralan duşuşyk dynç alýan çagalar üçin täsirli çäreleriň hataryny artdyrdy. «Alkyş Size, şöhrat Size, Howandar Arkadagymyz! Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen at bilen guralan söhbetdeşlikde bolsa ýaş nesil hakynda uly aladalary edýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri öwran-öwran dile getirildi.

30.07.2024

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda  höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry ýokary guramaçylyga hem-de uly joşguna beslendi. Bäsleşik Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirildi hem-de ýaşlara ussatlygyny, ukyp-başarnygyny görkezmäge mümkinçilik berdi. Bäsleşige gatnaşyjy ýaş höwesjeň aýdymçylar gezekli-gezegine sahna çykyp, onuň şertleri esasynda estrada, halk we nusgawy aýdymlary ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda ata Watanymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň, milli gymmatlyklarymyzyň, tebigatymyzyň taýsyz gözellikleriniň waspy joşgunly beýanyny tapdy. Bu çykyşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli  medeniýetimiziň we sungatymyzyň sazlaşykly ösýändiginiň, aýdym-saz sungatymyzyň döwrebap kämilleşmegine goşant goşjak zehinli, ruhubelent ýaşlaryň kemala gelýändiginiň özboluşly subutnamasyna öwrüldi.

         Ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärlerinden, aýdymçylaryndan düzülen eminler topary «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşigiň welaýatymyz boýunça jemleýji tapgyryna gatnaşan aýdymçylaryň ýerine ýetirijilik başarnyklaryna, sahna ussatlyklaryna, ukyplaryna baha berdiler hem-de ýeňijileri kesgitlediler. Şeýlelikde, Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy Guwanç Toýçyýew hem-de  Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesiniň ýaşaýjysy Hally Babaýew ýeňijiler diýlip yglan edildiler we bäsleşigiň ýurdumyz boýunça geçiriljek jemleýji tapgyryna  gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.