Habarlar

Keçe — törde arzyly

18.07.2022

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda  «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirilip, oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Zenanlar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, keçe taýýarlamakda ulanylýan gadymy usullar, gerek bolýan gurallar we olaryň atlary barada gürrüň berdiler. Keçä gerekli bolan ýüňi saýlamak, saýmak, daramak, boýamak, pişge etmek, keçäniň gamyşyny çykamak ýaly işleri birin-birin görkezdiler. Berlen wagtyň dowamynda boýy 1,5 metr, ini 1 metr bolan keçelere «Ak tüýnük», «Gyzyl tüýnük», «Gözenek», «Gülýaýdy», «Sekiz goçak», «Barmak», «Gapyrga», «Öküz oňurga» ýaly nagyşlary salyp güllediler. Keçäni salmakda we basmakda bäsleşdiler. Keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, keçe nagyşlaryndan söhbet açýan gadymy rowaýatlary, yrymlary, keçäniň boýaglaryny çöpboýadan alan ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän söhbetleri aýdyp berdiler. Gözellik sungaty hasaplanylýan keçelerimize degişli rowaýatlary, degişmeleri, aýdyşyklary şahyrana sözlerde beýan etdiler hem-de sahnalarda ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň netijesi boýunça Türkmenbaşy etrap medeniýet merkeziniň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Tuwakgül Meredowa birinji, Esenguly etrabynyň Bugdaýly obasynyň ýaşaýjysy Gülruh Nyýazmyradowa ikinji orunlara mynasyp boldular. Olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.