Uzak ýaşa, Arkadag!

Hormatly Arkadagymyzyň doglan gününiň şanyna welaýatymyzda geçirilen
dabaraly çäreler baý many-mazmuny özünde jemledi.
Welaýat hem-de
Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde
guramaklarynda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň gözel sahnasynda «Halk daýanjy, Watan bagty
Arkadag!» diýen at bilen geçirilen baýramçylyk dabarasy hem ýokary
ruhubelentlige beslendi. Meşhur bagşy-sazandalaryň, ussat estrada
aýdymçylarynyň, çeper höwesjeňleriň, şeýle-de talyp ýaşlaryň çykyşlary täsirli
we şowhunly boldy. Şanly toýuň şanyna guralan baýramçylyk konsertinde Gahryman
Arkadagymyzyň durmuşa geçiren beýik işleriniň, Arkadagly Serdarymyzyň
baştutanlygynda gazanylýan ajaýyp üstünlikleriň waspy belentden ýetirildi. Aýdym-sazly
dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren «Alkyşnama» atly aýdymy bolsa,
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň
halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly
işlerine, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere hoşallygyň, alkyşyň
özboluşly beýany bolup ýaňlandy.
Soňra baýramçylyk dabarasy «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp
meýdançada dowam etdi. Onda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň
baýramçylyk çykyşlaryna giň orun berildi. Dürli döredijilik toparlarynyň
joşgunly çykyşlary, estrada aýdymçylarynyň, bagşy-sazandalaryň berkarar
döwletimizi, bagtyýar durmuşymyzy wasp eden şirin owazly aýdymlary
bel;entden-belent ýaňlandy.