Habarlar

Täze taryhy eýýamyň tarypy

07.07.2022

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýatymyz boýunça tapgyry ýokary guramaçylyga hem-de ruhy joşguna beslendi. Balkanabat şäheriniň binagärlik gözelliginiň aýrylmaz bölegine öwrülen «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki giň meýdançada bäsleşigiň ilkinji tapgyrlarda üstünlik gazanan höwesjeň estrada aýdymçylarynyň täsirli çykyşlarynyň her biri tomaşaçylaryň dowamly ýaňlanan şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Joşguna beslenen bäsleşikde eminler dalaşgärleriň çykyşlarynyň aýratynlyklaryna, ýerine ýetirijilik ussatlygyna we özboluşlylygyna, sahnada özlerini alyp baryşlaryna aýratyn üns berdiler. Şeýlelikde, olaryň gelen netijeleri boýunça şowhunly el çarpyşmalar astynda ýeňijiler yglan edilip, «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Balkanabat nebit önümleri kärhanasynyň mehaniki-abatlaýyş sehiniň başlygy Durdy Annaýew hem-de «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawly döwlet gözegçilik administrasiýasynyň deňiz port kapitany gullugynyň Türkmenbaşy port gözegçilik inspektory Ýakup Öwezow «Ýaňlan, Diýarym! — 2022» telebäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.